B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Ykdysady ösüş we onuň ugurlary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet27/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Ykdysady ösüş we onuň ugurlary
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda 
gyradeň ýokary ösüş derejesi saklanylýar. Bu ösüşleri gazanmakda 
hem yzygiderli berkitmekde baý tebigy gorlara, işjeňligi barha artýan 
maýa goýum işiniň netiijeliligine, çig mal pudagyna degişli bolmadyk 
ulgamlaryň depginli ösdürilmegine, iri möçberli daşary ýurt maýa 
goýum serişdeleriniň çekilmegine, ýurtda maliýe we durmuş durnuk­
lylygyny saklamaga, milli puluň hümmetiniň durnukly bolmagyny 
üpjün etmäge aýratyn orun berilýär.
Döwletiň ykdysady syýasatynyň esasy maksatlary:
1. Ykdysadyýetiň ösüşini gazanmak. 
2. Ilaty iş bilen üpjün etmek.
3. Puluň hümmetliligini galdyrmak.
Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýys meseledir. Sebä­
bi, ol jemgyýetçilik gurluşyna garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady 
ýagdaýyna täsir edýär. Ykdysady ösüş bu ýurduň güllemeginiň şertidir.
Ykdysady ösüş – bu jemgyýetçilik önüminiň mukdar taýdan 
köpelmegi we hil taýdan kämilleşmegidir.
Ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurtda elmydama ykdysadyýete 
üns bermeli we ýüze çykýan meselelerini, wagtynda çözmeli. Ykdysady 
ösüşi gazanmak üçin iki ýol, ýagny ekstensiw we intensiw ýollar bardyr. 
Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy 
esasynda amala aşyrylsa, oňa ykdysady ösüşiň ekstensiw ýoly diýil-
ýär. Onda ösüşiň şertleriniň tehniki derejesi öňküligine galýar. Mysal 
üçin, önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasaby­
na, çig malyň, materiallaryň, energetiki serişdeleriň dolanyşyga goş­
maça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda 
bu ösüşiň ekstensiw ýa-da köp harajatly ýoludyr.
Ekstensiw ösüşiň oňaýly taraplary bardyr. Eger-de önümçiligi giňelt-
megiň şertleri ýeterlik bolsa, onda ekstensiw ösüşi ýeňil amala aşyr mak 
mümkindir. Ekstensiw ösüş tebigy resuslaryň çalt özleşdiril megi ne, ila­
tyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga amatly şertleri döredýär.
Emma ekstensiw ösüş ýolunyň oňaýsyz taraplary hem bardyr. Ol 
tehniki durnuklylyga, köp harajatlylyga alyp barýar. Tebigy baýlykla­


45
ryň möçberiniň, zähmet serişdeleriniň köpeltmegiň mümkinçilikleriniň 
çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly, belli bir derejede, amatsyzdyr.
Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önüm-
çilik şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hili taýdan kämilleş­
dirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling