B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
III.
MILLI YKDYSADYÝET WE oNUŇ GÖRKEZIJILERI §1. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesinden ugur alyp, ýurdumyzyň her bir raýa tynyň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuşy we medeni özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan sebitdäki döwletlerden tapawutlylykda, özboluşly tebigy-ykdysady we geosyýasy ýagdaýa eýe. Ummasyz baý ýerasty we ýerüsti çig mal çeşmelerine eýe bolan, Garaşsyz, Bitarap Türkme nistan özboluşly geosyýasy zolakda ýerleşmek bilen, içeri we daşary syýasatyny öz milli ruhuna laýyklykda özbaşdak amala aşyrýar. Özüniň dörän gününden häzirki zaman dünýäsi üçin örän wajyp parahatçylygyň, sahawatyň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri ne ygrarly we ony öz içeri hem-de daşary syýasatlarynda baş ýörelge hökmünde kabul eden Türkmenistan halkara hukuk kada-kanunlaryna doly gabat gelýän ynsanperwerlikli Konstitusiýasyny kabul etdi. Bu baş Kanunymyz türkmeniň milli aýratynlyklary, onuň özboluşly jem- gyýetiniň hukuk kada-kanunlaryny esaslandyrylan Konstitusiýadyr. Ol şu gün Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň, demokratiýanyň, dünýewi garaýyşlaryň, aýratyn-da, ylalaşygyň, duýgudaşlygyň, jebisligiň, gal kynyşyň, bitewiligiň, erkinligiň, netijeli zähmet ugrundaky göreşiň aýdyň kepilidir diýilse, dogry bolar. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň öňünde şunuň ýaly belli bir maksada gönükdirilen meseläniň goýulmagy birnäçe wezipäniň çözülmegini talap edýär, bu wezipeler kanunçylyk namalarynyň bir gidenini işläp taýýarlamakdan, durnuklylyk we bazar ykdysadyýetine geçiş wezipesini çözmekden, düzgünleşdiriji ulgamy döretmekden we ony netijeli peýdalanmakdan, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň anyk ulgamyny işläp taýýarlamakdan, zähmetiň medeniýetini we düzgün-nyzamyny ýokarlandyrmakdan, önüm öndürmegi we ýer leşdirmegi guramagyň ýokary derejesini üpjün etmekden, zähmetiň 42 pudaklaýyn bölünişiniň deňagramlygyny göwnejaý ýola goýmakdan ybaratdyr. Ilatynyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň dere jesine çenli ýokarlandyrmaga we eşretli durmuşyny üpjün etmäge Türkmenistanda kuwwatly ykdysady, tebigy we aň-bilim mümkinçi likler bar. Onuň esasynda gadymy taryhy döwürlerde kemala gelen we durmuş tejribesinden ymykly geçen milli häsiýetli we aýratyn lykly döwlet gurluşy durýar. Onuň hem iň gymmatly hazynasy adam we onuň mertebesini goramak bolup durýar. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling