B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Işsizlik
intensiw ýoly bolýar. Intensiw ösüş önümçilik şertleriniň peýdala
nylyşyny gowlandyrmagyň hasabyna hem bolup biler. Ol has kämil zähmet serişdeleriniň peýdalanylmagyny we zähmet predmetleriniň tygşytly ulanylmagyny, işgäriň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny hem- de bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşynyň gowu landyrylmagyny göz öňünde tutýar. Ykdysady ösüşiň iki görnüşi-de özara baglanyşyklydyr. Haky ky (real) ykdysady durmuşda ekstensiw ýa-da intensiw ösüş ýollary ýeke-täk arassa görnüşinde duş gelmeýär. Olar hemişe özara utgaşykly amala aşyrylýar. Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň bel li-belli döwründe intensiw ýa-da ekstensiw ugur agdyklyk edýär. Ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şeýlelikde, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurtda elmydama ykdysadyýete üns bermek we onuň ýüze çykýan meselelerini wagtyn da çözmek zerur bolup durýar. Ykdysady ösüşiň depginine täsir edýän şertler bar. Olar: • tebigy serişdeler; • zähmet serişdeleri; • maýa goýumlary; • innowasiýalar; • ykdysadyýetiň düzümi; • jemi hyrydarlyk; • ykdysady ulgamyň gurluşy; • durmuş-syýasy şertlerden ybaratdyr. Ykdysadyýet çökgünlik ýagdaýa düşende ýurduň içinde işsizlik we puluň hümmetsizlenmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Işsizlik – bu durmuş-ykdysady hadysadyr. Bu ýagdaýda jemgy ýetde zähmete ukyply ilatyň bir bölegi ulanylman galýar. Işsiz adam – zähmete ukyply, emma özüne bagly bolmadyk sebäplere görä işini ýitiren ýa-da iş gözläp ýören adama diýilýär. 46 Ykdysadyýetde işsizligiň zyýanyny kesgitleýän ýörite ykdysady kanun hereket edýär. “Oýkeniň kanuny” – kanuny boýunça işsizlik öz kadasyndan 1 % artsa, onda ykdysady ösüş 2,5–3 % peselýär. Ol ykdysadyýetiň ösüşini seljermek üçin ulanylýar. Işsizligiň şu görnüşleri tapawutlandyrylýar: • (tapgyrlaýyn) siklleýin häsiýetdäki işsizlik – önümçilik pese düşüp, iş orunlaryna ýerleşmäge isleg bildirýänleriň sanynyň iş orun larynyň sanyndan köp bolan mahalynda ýüze çykýar; • üýtgeýän friksion işsizlik – işgärleriň sebitler boýunça, şonuň ýaly-da käri we ýaşy bilen baglylykda, bir ýerden başga ýere geçmegi (ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi, täze hünär almagy, okamagy, çagasyna seretmegi we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr; • düzümleýin işsizlik– işe ukyply ilatyň bir böleginiň önümçili giň düzüminiň üýtgedilmegi, täze hünär almak zerurlygy bilen bagly lykda işini wagtlaýyn ýitirmegi; • ykdysadyýetiň ýagdaýy zerarly ýüze çykýan işsizlik – ykdysa dyýetdäki umumy pese gaçyş bilen baglylykda iş tapmak mümkinçi liginiň bolmazlygy zerarly ýüze çykýar. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling