B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Goşulan gymmat
we jemi milli önüm. Olaryň ikisi hem hojalygyň iki sferasynyň, ýag
ny maddy önümçiligiň we hyzmatlaryň (maddy däl) iş netijesidir. Olaryň ikisi hem ykdysadyýetde bir ýylyň (çärýek, aý) dowamynda harytlaryň we hyzmatlaryň ahyrky önümçiliginiň göwrüminiň gym mat görnüşinde kesgitlenilmegidir. Bu görkezijiler häzirki (hereket edýän) bahalarda hasaplansa – nominal JMÖ, eger üýtgemeýän ba halarda (ýagny haýsy-da bolsa bir (esasy) ýylda deňeşdirmek nyrhla rynda) hasaplansa – real JMÖ diýilýär. Jemi milli önümiň we jemi içerki önümiň tapawudy şeýledir: Jemi içerki önüm – ýurduň içinde maddy önümçilikde we hyz matlar sferasynda öndürilen önümiň gymmatynyň jemidir. Olar ýurt da ýerleşýän kärhananyň we daşary ýurtlara degişli kärhanalar bolsa- da, onuň öndürýän önümi şu ýurduňky hasaplanýar. Jemi milli önüm – bu milli kärhanalaryň, nirede (öz ýurdumyzda ýa-da daşary ýurtda) ýerleşenligine garamazdan, maddy we maddy däl ýaýrawynda hemme öndürilen önümlerdir. Şeýlelikde, jemi milli önüm jemi içerki önümden girdejileriniň jemi bilen tapawutlanýar. Ýagny, işgärleriň girdejileri, renta girdejisi, karz göterimi, kärhananyň peýdasy göz öňünde tutylýar. Bu görkeziji şu ýurduň serişdelerini daşary ýurtda ulanylanda alynýan girdejiden biziň ýurdumyzda şeýle gymmatlyklary öndüren daşary ýurtlaryň gir dejileriniň aýrylmagydyr. Bu iki görkezijiniň tapawudy gaty bir uly däldir, bary ýogy + 1%. Jemi içerki önüm we jemi milli önüm hasaplananda, esasy talap bir ýylyň dowamynda öndürilen harytlar we hyzmatlar diňe bir gezek hasaba alynmagydyr. Ýagny diňe ahyrky önüm hasaba alynmalydyr. Aralyk önüm hasaba alynmaly däldir. Sebäbi, olary satyn alyp, bir näçe gezek satyp bolýar. 50 Ahyrky önüm – bu sarp edijileriň ýa-da alyjylaryň harytlary we hyzmatlary birnäçe gezek satmak üçin däl-de, diňe ahyrky gezek ulanmak üçin alýan harytlarydyr. Goşulan gymmat – bu kärhananyň önümçilikde döredilen gym matydyr we anyk önüm döretmekde kärhananyň hakyky goşandydyr. Ýagny iş haky, peýda we amortizasiýadyr. Başgaça aýdylanda, goşu lan gymmat bu kärhananyň umumy önüminden gündelik material çykdajylaryň aýrylmagydyr, ýöne amortizasiýanyň goşulmagydyr. Şeýlelikde, jemi içerki önüm ýa-da jemi milli önüm şu üç usulla ryň biri boýunça hasaplanyp bilner, ýagny: • milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky döredilen goşulan ýa-da art dyrylan gymmatlary (jemi içerki önümi önümçilik ýa-da pudaklar boýunça); • gerekli (şu) ýyldaky umumy öndürilen önümi satyn almak üçin çykdajylar (jemi içerki önüm çykdajylar boýunça); • gerekli (şu) ýylda hemme öndürilen önümden alynýan girdejile ri (jemi içerki önüm girdejiler boýunça). Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling