B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- §3. Makroykdysady görkezijiler
1. Aşgabat – Abadan.
2. Mary – Baýramaly. 3. Hazar – Ekerem. 48 4. Türkmenabat – Seýdi. 5. Baharly – Serdar. 6. Aşgabat – Änew. 7. Daşoguz – Aeroport. 8. “Güneşli Türkmenistan”. 9. Sarahs. 10. Aşgabat – Aeroport. 11. Awaza. Erkin ykdysady zolaklardaky işleriň esasy ugurlary: sarp edil ýän harytlary (dokma önümlerini); gurluşyk materiallaryny we durmuşda ulanylýan himiki önümleri işläp taýýarlamakdan; oba ho jalyk önümlerini öndürmekden we gaýtadan işlemekden; gurluşyga degişli hyzmatlary berjaý etmekden we söwdany amala aşyrmakdan ybaratdyr. Döwleti ykdysady taýdan ösdürmekde erkin ykdysady zo laklar örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýerli ilatyň iş bilen üpjünçiligi niň derejesi ýokarlanýar we daş-töwerekdäki ýerleriň durmuş-ykdy- sady ýagdaýy gowulanýar. §3. Makroykdysady görkezijiler Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hemme pudaklary uly depgin bilen ynamly ösýär. Gazanylýan ynamly ösüşleriň sarsmaz binýadynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady syýasat durýar. Bu syýasatyň ýakyn geljek döwre bellenen möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzy önümle riň ýokary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän we ynamly belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän döwletleriň hatary na goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň sarp ediş bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysady ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gat naşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak bilen bagly meseleler goýlandyr. 49 4. Sargyt №50 Döwlet derejesinde bellenilen we rowaçlyk bilen amala aşy rylýan bu syýasatyň netijesinde soňky 5 ýylyň içinde ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň göwrümi iki esse artdy. Şol döwürde onuň durnukly ýyllyk ösüşiniň görkezijisi 110% derejesinden ýokary boldy. Hatda, bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünligiň möwç alan 2009-njy ýylynda-da bu görkeziji 106,1% derejesinde saklandy. Ykdysady seljermede örän giň iki görkeziji ulanylýar: jemi önüm we milli girdeji. Jemi önüm iki görnüşde bolýar: jemi içerki önüm Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling