B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Jemgyýetçilik nygmatlara milli goranyş, jemgyýetçilik terti­
biniň goralmagy, howa maglumaty, köçeleriň yşyklandyrylmagy we 
şuňa meňzeş ençeme beýleki zatlar degişlidir. Jemgyýetçilik nyg­
matlary jemgyýetçilik däl nygmatlardan, birinjiden, sarp edilişinde 
bäsdeşligiň ýokdugy bilen, ikinjiden, olary peýdalanmaga päsgelçili­
giň bolup bilmeýändigi bilen tapawutlanýar. 
Adam üçin zerur nygmatlaryň arasynda hyzmatlar aýratyn orny 
eýeleýär we olaryň ähmiýeti barha artýar.
Hyzmatlar – munuň özi, adamyň haýsydyr bir isleglerini kana­
gatlandyrýan peýdaly iş we onuň netijesidir. 
Hyzmatyň özboluşlylygy onuň zat görnüşiniň ýokdugyndan, 
emma adamyň peýdaly netije berýän işi (söwda, abatlaýyş işleri, dur­
muş hyzmatlary we ş.m.) arkaly döredilýändiginden ybaratdyr.
§5. Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz önümçilik
Önümçilik işi özüniň üznüksiz täzelenip durýan mahalynda üznük-
siz önümçilik bolup durýar, ol hem öz aralarynda jebis baglanyşykly, 
şol bir wagtyň özünde, birinjisi kesgitleýji ähmiýete eýe bolan şu dört 
sany tapgyrlardan durýar: önümçilik, paýlaýyş, alyş-çalyş we sarp ediş.
Önümçilik tebigatyň beren zatlaryny zähmetiň dürli önümlerine, 
ýagny bazardaky islege laýyk gelýän harytlara we hyzmatlara öwür­
mek üçin önümçilik serişdeleriniň we işçi güýjüniň birikdirilmegidir.
Paýlaýyş önümçilik resurslarynyň, şertleriniň we netijeleriniň 
akymlaryny çäklendirýär we gerekli ugurlara gönükdirýär. 


58
Alyş-çalyş öndürijilere bazarda öz önüminiň islenilmeýän böle­
gine derek beýlekileriň zähmetiniň önüminiň degişli mukdaryny, ola­
ryň ikisi-de haryt bolan mahalynda, jemgyýetçilik derejesinde almaga 
mümkinçilik berýär.
Sarp ediş jemgyýetçilik zähmeti bilen döredilen harytlary we 
hyzmatlary adamlar tarapyndan jemgyýetçilik we şahsy isleglerini 
kanagatlandyrmak üçin hakyky peýdalanmaklaryny aňladýar. 
Üznüksiz önümçiligiň iki görnüşi, ýagny ýönekeý üznüksiz 
önüm çilik we giňeldilen üznüksiz önümçilik tapawutlandyrylýar.
Giňeldilen üznüksiz önümçilik maýa toplaýyş hadysasyny hem 
öz içine alýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling