B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Türkmenistan boýunça gaz çykarylyşynyň möçberi


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Türkmenistan boýunça gaz çykarylyşynyň möçberi
Ýyllar Mln m
3
Ýyllar Mlrd m
3
Ýyllar Mlrd m
3
Ýyllar Mlrd m
3
1939
1,6
1970
13,1
1990
87,8
2010
47,0
1940
9,0
1980
70,5
1995
32,3
2011
66,0
1950
64,5
1985
83,1
2000
47,2
2012
69,1
1960
234
1989
89,9
2005
63,0
2013
69,2
Çeşmeler: (28, s.53); (30, s.110); (32, s.31); (34, s.31); (40, s.32).
Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny ýerleşdiriş bazarlaryny 
giňeltmek we transmilli gaz geçirijilerini gurmak barada iri halkara 
taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça syýasatyň ýöredilmegi 
öz oňyn netijelerini berýär.
Şol taslamalaryň çäklerinde 2009-njy ýylyň aýagynda uzynly­
gy 7 müň kilometre uzalyp gidýän Türkmenistan–Özbegistan–Gaza­
gystan–Hytaý transmilli gaz geçirijisi işe girizildi. Onuň üsti bilen 
ýylda 30 mlrd m
3
tebigy gazyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýar. 


71
Şonlukda, halkara bazarynda tükmen gazyny gündogar ugra iberme­
giň uzak möhletlik strategiýasanyň durmuşa geçirilip başlanmagyna 
badalga berildi. 
Ýene-de bir taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde möhüm 
waka 2010-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistandan Eýrana tarap ikin­
ji ugur boýunça 30,5 km uzynlykdaky Döwletabat–Sarahs–Hangeran 
gaz geçirijisiniň işe girizilmegi boldy. Bu gaz geçirijisiniň taslama 
kuwwaty ýylda 12,5 mlrd m
3
“mawy ýangyjy” daşamaga niýetlenen­
dir. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurduň günbatar tarapynda gurlan 
Körpeje–Gutguýy gaz geçirijisi arkaly Eýrana gaz iberýär. Indi tebigy 
gazyň goşmaça möçberleri iň iri känleriň biri bolan Döwletabatdan 
täze geçiriji arkaly ugradylar. Geljekde eýranly sarp edijilere gaz ibe­
rilişini ýylda 20 mlrd m
3
möçberine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şonuň bilen birlikde Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hin­
distan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünde hem işlenilýär. Şonuň 
ýaly-da, Hazarýaka gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlap, ony 
2015-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Geljekde bu gaz 
geçirijileri sebitdäki umumy ýagdaýa oňyn tasirini ýetirer, Merkezi 
Aziýa we Hazar deňziniň basseýni sebitinde energetiki howpsuzlygyň 
çynlakaý sebäbine öwrüler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tara­
pyndan durmuşa geçirilýän ýangyç-energetika syýasaty ýurduň ýan­
gyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri 
tutulýan ugurlarynynyň, dünýä energetika ulgamyna goşulyşmagy 
ugrundaky anyk ädimleri takyk kesgitledi. 
Nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak mümkinçiligi olaryň gor­
laryna ýokary baha berilýändigi bilen üpjün edilýär. Türkmenistanyň 
çäginiň 70% meýdany nebit we gaz çykarmaga ýaramly ýerlerdir. Ha­
zar deňziniň ýalpaklyklary hem nazara alnanda, bu san 85%-e deňdir. 
Bu babatda Günorta Hazar basseýnini (gury ýerde), Hazar deňziniň 
günorta ýalpaklyklary, Murgap çöketligini, Garagum belentligini 
we Amyderýa gazly-nebitli basseýnini aýratyn görkezmek bolar. Az 
öwrenilen, emma geljegi bar sebitlerden demirgazyk Türkmenistany 
we Köpetdagyň eteklerini hem bellemek mümkin.
Çägiň öwreniliş derejesini ýokarlandyrmak üçin düýpli geolo­
giýa-gözleg işleriniň üzül-kesil güýçlendirilmegi gerek bolup durýar. 


72
Bu bolsa gözleg işleriniň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly has 
çuň gatlaklary (gündogar sebitlerde 5 müň metre çenli, deňizde bolsa 
7 müň metre çenli) burawlamagy göz öňünde tutmak bilen, nebitiň 
we gazyň ýer astynda ýerleşiş kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak 
üçin zerurdyr. Munuň üçin täze häzirki zaman tehnikasy we tehnolo­
giýasy talap edilýär.
Nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen Türkme­
nistanda geologiýa gözlegleri babatynda giň gerimli işler ýaýbaňlan­
dyryldy. Deňizde we gury ýerde Kelker, Ýolbars, Körpeje, Çekişler 
ýaly nebit we gaz känleriniň abadanlaşdyrylmagy dowam etdiriler. 
Şonuň ýaly-da, 170-e golaý gaz çykarylýan guýularyň özleşdirilme­
gi, gaz ýataklarynyň Şatlyk toparynyň täzeden abadanlaşdyrylmagy 
meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ýangyç toplumynyň ösüş strategiýasy, ýurduň 
ägirt uly nebit-gaz mümkinçiliklerini nazara almak bilen, çuň gözleg 
burawlaýşynyň möçberini artdyrmagyň we netijeliligini ýokarlandyr­
magyň, nebitiň we gazyň senagat gorlarynyň öňürdip köpeldilmegi­
niň, täze guýulary işe girizmegiň we hereket edýän känlerdäki gu­
ýulary gaýtadan dikeltmegiň we olarda nebitiň we gazyň alnyşyny 
artdyrmagyň hasabyna çig mal binýadyny goldamaga we ösdürmäge 
gönükdirilen çäreleriň ulgamyny göz öňünde tutýar. 
Bu pudaklary ösdürmekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çe­
kilmegine we innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna ýar­
dam edýän şertleriň döredilmegine aýratyn üns berler.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy 
ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2030-njy ýylda nebit 
çykarylyşyny gaz kondensatyny goşmak bilen 66,6 mln t, gaz çykary­
lyşyny bolsa 229,8 mlrd m
3
möçberine ýetirmek göz öňünde tutulýar. 
Gazyň eksporty şol döwürde 179,9 mlrd m
3
bolar.
Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýäniň iň iri energe­
tika döwletleriniň arasynda mynasyp orny aldy hem-de häzirki wagt­
da özüniň energetika döwletleriniň strategiýasyny üstünlikli durmuşa 
geçirýär. Ýangyç –energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebap-
laşdyrmak we täzeden enjamlaşdyrmak, pudagyň çig mal binýady­
ny pugtalandyrmak, şol sanda, Amyderýanyň kenarynda, Merkezi 


73
Garagumda, deňiz ýalpaklagynda we Hazaryň kenarýaka zolagynda 
ýüze çykarylan täze nebit-gaz ýataklaryny senagat taýdan çalt dep­
ginlerde özleşdirmegiň hasabyna berkitmek, şeýle hem türkmen ener­
giýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny 
döretmek bu strategiýanyň möhüm ugurlarydyr.
Garaşsyz bilermenleriň baha bermegine görä, Türkmenistanyň 
serişdeleri 71,3 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde bahalandy­
rylýar. Onuň 53,1 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň serişde 
gorlarydyr, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizdäki serişde gorlarydyr.
Halkara ölçegler boýunça ägirt uly “Galkynyş”gaz käni munuň 
aýdyň mysallarynyň biri bolup biler. Ony özleşdirmäge iri daşary ýurt 
firmalary we kompaniýalary gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu tä­
sin käniň birinji nobatdakysy –harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar 
toplumy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berildi. Şonda 
ýokary derejedäki türkmen – hytaý gepleşikleriniň barşynda iki ýur­
duň hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmak we hemme­
taraplaýyn ösdürmek üçin binýady goýan iri Şertnamalar toplumy­
na gol çekdi. Olaryň hatarynda Hytaýyň Ösüş döwlet bankynyň we 
Hytaýyň milli hebitgaz korporasiýasynyň “Galkynyş”gaz ýatagyny 
özleşdirmegiň ilkinji tapgyryna gatnaşmagyna degişli resminamalar 
bar. Hususan-da “Türkmengaz”döwlet konserni bilen “CNPC” kom­
paniýasynyň baglaşan şertnamalarynyň biri bu ýatakda ýylda 30 mil­
liard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça desgalar toplumynyň 
taslamasyny düzmegi we gurmagy göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, bu 
ýatakda arassalanan tebigy gazyň jemi möçberi 60 milliard kub metre 
deň bolar.
Mundan başga-da bu ýatagy özleşdirmek boýunça ägirt uly tasla­
manyň amala aşyrylmagy, häzirki wagtda gurulmagyna işjeň taýýar­
lyk görülýän Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçi­
rijisi bilen baglylykda hem uly ähmiýete eýedir. Bu gazgeçiriji üçin 
“Galkynyş” ýatagy esasy çig mal çeşmesi bolup kömek eder. Häzirki 
wagtda bu taslama gatnaşmaga Bangladeş hem gyzyklanma bildirýär.
Bu transmilli gazgeçirijiniň çekilmegi gönüden-göni ykdysady 
meseleleri çözmekden başga–da taslama gatnaşyjy ýurtlara möhüm 
durmuş we gumanitar meseleleriň birnäçesini, şol sanda gazgeçiriji­


74
niň ugrunda goşmaça iş orunlaryny döretmek, ulag-aragatnaşyk we 
durmuş düzümlerini kemala getirmek bilen baglanyşykly wezipeleri 
çözmäge ýardam eder, iň esasy bolsa tutuş sebitde syýasy we durmuş 
durnuklylygyny üpjün etmäge şert döreder. 
Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdi-
rilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm 
başlangyçlar bilen çykyş edip, bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa 
geçirmek boýunça anyk çäreler geçirilýär. Hormatly Prizidentimiz 
Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 
mejlisinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlan­
gyçlary hem muňa şaýatlyk edýär.
Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 
Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleri 
döwletleriniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Birleşiginiň, Orta we 
Ýakyn gündogar ýurtlarynyň, ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň, 
kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň gatnaşmagynda, Sebit-
ara energetika gepleşigini döretmek barada gürrüň gidýär.
Şeýle kompaniýalaryň birnäçesi tebigy gory boýunça dünýäde 
ikinji orunda hasaplanylýan “Galkynyş” gaz käninde, “Bagtyýarlyk” 
şertnamalaýyn sebitinde, Hazar deňzinde we ýurdumyzyň beýleki se­
bitlerinde üstünlikli iş alyp barýarlar.
Munuň özi bitewi, toplumlaýyn we deňagramly strategiýany, 
energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli hukuk gural­
laryny döretmäge ýardam berer.
Häzirki wagtda Hazar ýakasynda Gyýanlyda umumy baha­
sy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollaryna deň bolan we ýylda
5 milliard kub metr gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge hem-de 386 
mil lion tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge 
niýetlenen ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna girişildi.
Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçeside gazy benzine öwür­
mek baradaky giň möçberli ilkinji taslama durmuşa geçirilýär. Kär­
hanada ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gaz gaýtadan 
işlenip, Ýewro-5 ülüňiniň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 
A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler. Bu ýerde häzirki 


75
zaman tehnologiýa enjamlarynyň, kömekçi desgalaryň tutuş toplumy, 
şol sanda, täsin suw arassalaýjy ulgam bina ediler.
Gazdan kerosin, dizel we beýleki ýangyçlary almak boýunça il­
kinji taslama, häzirki wagtda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary 
tarapyndan bilelikde öwrenilýär.
Tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy, halk 
hojalygynyň täze önümlere bolan isleginiň artmagy, uglewodorod se­
rişdelerini ibermegi diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy, gazy çykar­
mak we gaýtadan işlemek ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygyna 
barha ýokarlanýan talaplar, tebigy gazy rejeli peýdalanmak meselesi­
ni çözmäge täzeçe toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär.
Tebigy gazyň has çüňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlenmegi, 
ony işlemekden alynýan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrma­
gy ugur edinip, Türkmenistan diňe bir ilkinji energiýa serişdeleri 
bazarynda öz ornuny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, has girde­
jili bolan himiýa önümleri bazarynda hem özüniň mynasyp ornuny 
eýelär. 
Geljekde nebiti, gazy we gaz kondensatyny çykarmaklygyň 
möçberleri çig mal mümkinçiliklerinden hem-de uglewodorod çig 
malyny eksport etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp 
kesgitlenendir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling