B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet47/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şeýlelik bilen, köp dürli konsepsiýalaryň esasyndaky alterna­
tiw taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ilerleýjilikli 
ykdysady ösüşiniň möhüm daýanjyny döretmäge esas bolup hyz­
mat eder, şonuň ýaly-da, oňa uglewodorod çig malyny dürli ugurlar 
boýunça uly möçberlerde iberiji ýurt bolmaga mümkinçilik berer. 
2.3. Nebiti gaýtadan işleýän senagat. Nebitiň, gazyň we gaz kon­
densatynyň uly möçberlerde gazylyp çykarylmagy, olary gaýtadan işläp, 
taýýar önüme öwürmegiň derejesini ýokarlandyrmagy talap edýär. Hä­
zirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýji zawodlar toplu­
mynda nebitiň gaýtadan işlenmegi benziniň birnäçe görnüşini, kerosin, 
dizel ýangyjy, mazut we başga önümleriň birnäçesini öndürmäge müm­
kinçilik berýär. Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawod bolsa awto­
mobil benzinini, dizel ýangyjyny we mazut çykar ýar. 


76
Türkmenistanda nebit önümleriniň esasy görnüşlerine bolan isleg 
ýurduň özündäki önümçiligiň hasabyna kanagatlandyrylýar, taýýar 
önümiň esli bölegi bolsa eksport edilýär.
Nebit çykarylyşynyň möçberiniň köpelmegi bilen baglylykda
uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenişini artdyrmagyň, öndüril-
ýän taýýar önümleriň görnüş sanawyny giňeltmegiň we hilini ýokar­
landyrmagyň meseleleri barha derwaýys bolýar. Şol maksat bilen 
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 
daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly bar bolan kuwwatlyk-
lary döwrebaplaşdyrmak we täze önümçilikleri gurmak işleri geçirildi. 
Nebiti gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalaryny ösdürmegiň esa­
sy ugurlary eýýäm ýakyn ýyllarda önümçilik kuwwatlyklaryny doly 
güýjünde işletmäge mümkinçilik berer.
Köne önümçilik kuwwatlyklarynyň durkunyň täzelenmegi bilen 
bir hatarda, iň täze tehnologik enjamlar bilen abzallaşdyrylan häzir­
ki zaman önümçilikleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Munuň 
özi çig nebitiň gaýtadan işlenilişiniň diwersifikasiýalaşdyrylyşyny 
giňeltmäge, çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmäge, olaryň 
hilini dünýä standartlarynyň derejesinde ýokarlandyrmaga, ýurduň 
eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.
Gaz kondensatynyň alnyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, şonuň 
ýaly-da, çykarylýan gazdan himiki çig mal hökmünde peýdalanmak 
üçin etan, propan, butan ýaly gymmatly düzüm böleklerini bölüp al­
magyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy möhüm mesele bolup durýar. 
Bu meseleleriň çözülmegi esli möçberdäki maýa goýumlaryny, inno­
wasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär.
şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebit-gaz pudak-
laryny ösdürmekde meseleleriň şu toplumyny çözmek öňde durýar: 
nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň has döwrebaplaşdyrylmagy, de­
ňiz ýalpaklyklaryndaky känleriň özleşdirilmegi, çuň gatlaklardaky 
nebitiň gözlegi we gazylyp alynmagy, gatlaklaryň nebit berijiligini 
ýokarlandyrýan öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy, çykarylýan 
çig malyň kondensatdan arassalanmagy, gazyň himiki taýdan gaýta­
dan işlenilmeginiň ösdürilmegi.


77

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling