B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

2.2. Ýangyç senagaty. Ýangyç-energetika toplumy ýurduň mil­
li ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýedir. Onuň paýyna öndüri­
len senagat önümleriniň gymmatlyk möçberiniň 70%-den göwragy 
düşýär. Tebigy gaz, nebit we nebit önümleri, elektrik energiýasy eks-
port edilýän senagat önümleriniň esasy görnüşleri bolup durýar.
Nebit çykarylyşy Türkmenistanyň günbatarynda eýýäm 100 ýyl­
dan gowrak wagt bäri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ulanylýan nebit 
känleriniň aglabasy gury ýerde, dörtden birine golaýy deňizde ýer­
leşýär. Nebiti çykarmak, esasan, çüwdürim (80%-e golaýy) we gazlift 
usullary bilen amala aşyrylýar, önümiň galan bölegi sorujylar arkaly 
çuň gatlaklardan çykarylýar.
Merkezi Garagumda, Köpetdagyň eteklerinde we ýurduň günor­
ta-gündogarynda geljek döwürlere niýetlenilen gorlar özleşdirilýär, ol 
ýerlerde nebitiň senagat gorlary bar. Hazar deňziniň ýalpaklyklarynda 
hem nebit ýataklary özleşdirilýär. 
Türkmenistan boýunça nebit çykarylyşynyň möçberi 11 mln 224 
müň t boldy, munuň özi 1913-nji ýyldaka görä 87 esse köpdür. Nebi­
tiň şu mahala çenli iň köp çykarylan ýyllyk möçberi 1973-nji ýylda 
16,2 mln t bolupdy (12-nji tablisa). Emma şol döwürde nebit çykar­
maklyga birtaraplaýyn ekstensiw çemeleşme netijesinde nebit çyka­
rylyşynyň has az derejede durnuklaşmagyna getiripdi. 
12-nji tablisa
Türkmenistan boýunça nebit çykarylyşynyň möçberi
Ýyllar
Müň t
Ýyllar
Müň t
Ýyllar
Müň t
Ýyllar
Müň t
1913
129
1960
5278
1990
5642
2010
9826
1930
12
1970
14487
1995
4626
2011
10650
1940
587
1973
16195
2000
7181
2012
10992
1950
2021
1980
7994
2005
9522
2013
11224
Çeşmeler: (28, s.53); (30, s.110); (32, s.31); (34, s.31); (40, s.32).


70
Nebit çykarmak bilen bir hatarda, Türkmenistanda gaz senaga­
ty-da güýçli depgin bilen ösdi. Ol esli derejede ähli senagat ösüşiniň 
ýagdaýyny kesgitledi, çünki onuň senagat önümleriniň möçberindäki 
paýy, takmynan, 40%-e deňdir. 
Bu günki gün muňa, esasan, Günbatar we Gündogar Türkme­
nistandaky 150-den gowrak nebitli-gazly we gaz kondensatly kän­
leriň özleşdirilmegi ýardam etdi. Soňky ýyllarda açylan Günorta 
Osman–Ýolöten, Ýaşlar, Minara gaz ýataklary öz gorlary boýunça 
dünýädäki iň iri känleriň hataryna girýär. Şolar ýaly uly känleriň açyl­
magy Türkmenistany “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde 
dördünji orna çykardy. 
Şeýlelikde, Türkmenistan gaz çykarmak boýunça ABŞ-dan, Ka­
nadadan we Russiýadan soň dördünji orny eýeleýär. Çykarylýan ga­
zyň 80%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär. 
Türkmenistanda tebigy gazyň öndürilişiniň ösüşi baradaky mag­
lumatlar 13-nji tablisada getirilýär. Gaz öndürmekligiň we ony daşa­
ry ýurtlara satmaklygyň ygtybarly durnuklylygyny üpjün etmek üçin, 
onuň eksport ediş ugurlarynyň diwersifikasiýasy amala aşyrylýar. 
13-nji tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling