B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- §2. Ulag toplumy
- Türkmenistanda ulagyň ösüşiniň esasy görkezijileri Görkezijiler Ýyllar 2000 2005 2010 2012 2013
- Demir ýol ulagy
şeýlelikde, maýa goýumlary, üznüksiz önümçilik işiniň möhüm
şerti bolmak bilen, ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini durmuşa geçirmegiň barşynda durmuş meseleleriň çözülmegine ýardam edýär. 84 §2. Ulag toplumy Ulag toplumy önümçilige, milli hojalygyň dolanyşygyna we ila ta hyzmat edýän dürli görnüşdäki ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan ulag pudaklaryny öz içine alýar. Oňa demir ýol, awtomobil, howa, deňiz, derýa ulaglary, turba geçirijiler degişlidir. 16-njy tablisanyň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, 2013-nji ýyl da 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, umumy peýdalanyşdaky ulaglar arkaly ýolagçy gatnadylyşy 10,9%, ýük daşalyşy 22,2% artypdyr. Ulag toplumynyň esasy görkezijileri, umuman, oňyn ösüşe eýedir. 16-njy tablisa Türkmenistanda ulagyň ösüşiniň esasy görkezijileri Görkezijiler Ýyllar 2000 2005 2010 2012 2013 Gatnadylan ýolagçylar, mln adam 738,5 936,9 830,1 878,9 921,1 Daşalan ýükler, mln tonna 463,6 558,3 369,9 420,8 451,9 Ulaglaryň ýolagçy dolanyşygy, mln ýolagçy-km 11504 16287 24765 25873 27329 Ulaglaryň ýük dolanyşygy, mlrd t-km 37,6 44,4 28,2 35,4 39,6 Çeşmeler: (34, s.96); (36, s.82); (40, s.121-122). Demir ýol ulagy ýurduň ulag toplumynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistanda demir ýollaryň umumy uzynlygy häzirki wagtda 3 müň kilometrden geçýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Te jen–Sarahs, Türkmenabat–Atamyrat, Daşoguz–Köneürgenç aralykla rynda täze demir ýollar guruldy, Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýolunyň gurluşygy tamamlandy. Tejen–Sarahs–Maşat demir ýolunyň işe girizilmegi Ýewropa nyň we Aziýanyň iri demir ýol ulgamlaryny birikdirdi. Bu ýol Eýra nyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň demir ýol ulgamlaryna çykalga açdy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryny Eýranyň Pars aýlagyndaky we Oman deňzindäki portlary bilen, şonuň ýaly-da Türkiýäniň üsti bilen Ýewropany baglanyşdyryjy halka öwrüldi. Onuň ulanylmaga berilmegi, Aziýanyň üstünden geçýän Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltdi, ol indi Stambul–Tähran–Maşat–Sarahs–Türkmenabat–Daş kent–Almaaty–Družba–Urumçy–Pekin ugry boýunça geçýär. 85 Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi dowam edýär. 2007-nji ýylyň ahyrynda geljekki transmilli “koridor” bolan 900 km umumy uzynlykdaky Üzen–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek–Gürgen halkara de mir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Ol Türkmenistan üçin uly ykdysady we syýasy ähmiýetli gurluşykdyr. 2015-nji ýyla çenli demir ýollaryň umumy uzynlygy 3900 kilometre ýetiriler. Demirgazyk–Günorta transmilli demir ýoly Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen geçip, köp ýurtlar üçin iň oňaýly, ykdysady taýdan bähbitli gatnaw ugry bolar. Bütin Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýanyň ýurtlary gysga aralyk bilen günortadaky deňizlere çykalga alarlar. Pars aýlagy ýurtlary bolsa, demirgazyk tara pa çykmak üçin şonuň ýaly amatly mümkinçilige eýe bolarlar. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling