B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet53/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şeýlelikde, maýa goýumlary, üznüksiz önümçilik işiniň möhüm 
şerti bolmak bilen, ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna we ýurdy 
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini durmuşa 
geçirmegiň barşynda durmuş meseleleriň çözülmegine ýardam edýär.


84
§2. Ulag toplumy
Ulag toplumy önümçilige, milli hojalygyň dolanyşygyna we ila­
ta hyzmat edýän dürli görnüşdäki ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan 
ulag pudaklaryny öz içine alýar. Oňa demir ýol, awtomobil, howa, 
deňiz, derýa ulaglary, turba geçirijiler degişlidir.
16-njy tablisanyň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, 2013-nji ýyl­
da 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, umumy peýdalanyşdaky ulaglar 
arkaly ýolagçy gatnadylyşy 10,9%, ýük daşalyşy 22,2% artypdyr. 
Ulag toplumynyň esasy görkezijileri, umuman, oňyn ösüşe eýedir.
16-njy tablisa
Türkmenistanda ulagyň ösüşiniň esasy görkezijileri
Görkezijiler
Ýyllar
2000
2005
2010
2012
2013
Gatnadylan ýolagçylar, mln adam 738,5 936,9 830,1 878,9 921,1
Daşalan ýükler, mln tonna 
463,6 558,3 369,9 420,8 451,9
Ulaglaryň ýolagçy dolanyşygy, 
mln ýolagçy-km
11504 16287 24765 25873 27329
Ulaglaryň ýük dolanyşygy, mlrd t-km 37,6
44,4
28,2
35,4
39,6
Çeşmeler: (34, s.96); (36, s.82); (40, s.121-122).
Demir ýol ulagy ýurduň ulag toplumynda esasy orunlaryň birini 
eýeleýär. Türkmenistanda demir ýollaryň umumy uzynlygy häzirki 
wagtda 3 müň kilometrden geçýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Te­
jen–Sarahs, Türkmenabat–Atamyrat, Daşoguz–Köneürgenç aralykla­
rynda täze demir ýollar guruldy, Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir 
ýolunyň gurluşygy tamamlandy.
Tejen–Sarahs–Maşat demir ýolunyň işe girizilmegi Ýewropa­
nyň we Aziýanyň iri demir ýol ulgamlaryny birikdirdi. Bu ýol Eýra­
nyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň demir ýol ulgamlaryna çykalga 
açdy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryny Eýranyň Pars aýlagyndaky 
we Oman deňzindäki portlary bilen, şonuň ýaly-da Türkiýäniň üsti 
bilen Ýewropany baglanyşdyryjy halka öwrüldi. Onuň ulanylmaga 
berilmegi, Aziýanyň üstünden geçýän Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan 
dikeltdi, ol indi Stambul–Tähran–Maşat–Sarahs–Türkmenabat–Daş­
kent–Almaaty–Družba–Urumçy–Pekin ugry boýunça geçýär.


85
Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi dowam edýär. 2007-nji 
ýylyň ahyrynda geljekki transmilli “koridor” bolan 900 km umumy 
uzynlykdaky Üzen–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek–Gürgen halkara de­
mir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Ol Türkmenistan üçin uly 
ykdysady we syýasy ähmiýetli gurluşykdyr. 2015-nji ýyla çenli demir 
ýollaryň umumy uzynlygy 3900 kilometre ýetiriler.
Demirgazyk–Günorta transmilli demir ýoly Gazagystanyň, 
Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen geçip, köp ýurtlar üçin iň 
oňaýly, ykdysady taýdan bähbitli gatnaw ugry bolar. Bütin Ýewropa, 
Russiýa, Merkezi Aziýanyň ýurtlary gysga aralyk bilen günortadaky 
deňizlere çykalga alarlar. Pars aýlagy ýurtlary bolsa, demirgazyk tara­
pa çykmak üçin şonuň ýaly amatly mümkinçilige eýe bolarlar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling