B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


VI.  GURLUşYK, ULAG WE ARAGATNAşYK


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

VI. 
GURLUşYK, ULAG WE ARAGATNAşYK
§1. Gurluşyk toplumy
Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli maýa goýum syýasa­
ty düýpli gurluşygyň çalt depgin bilen öňe gitmegi mynasybetli, milli 
hojalygyň ähli pudaklarynyň üstünlikli ösmegine ýardam etdi. Ýurduň 
senagatynda, oba hojalygynda, suw hojalygynda, ýaşaýyş jaý we jema­
gat hojalygy ulgamynda gurluşyk işleri giň gerim bilen amala aşyrylýar, 
täze mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş we medeni-dur­
muş edaralary bina edilýär, şäherler we obalar abadanlaşdyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin maýa 
goýum serişdeleri, ilkinji nobatda, iri obýektlere gönükdirildi, olaryň 
arasynda gazy eksport etmek üçin niýetlenen Türkmenistan–Eýran 
turba geçirijisi, Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna göni çykalga açan
Tejen–Sarahs–Maşat demir ýoly, Aşgabat-Garagum–Daşoguz demir 
ýoly; Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi, Döwletabat–Sarahs–Hangeran 
ugry boýunça Türkmenistandan Eýrana tarap ikinji gaz geçiriji, “Awaza” 
milli syýahatçylyk zolagy we ençeme beýleki möhüm obýektler bar.
Gurluşyk toplumy ykdysadyýetiň önüm öndürýän pudaklarynyň 
ösmegine esli goşant goşýar. Önümçilik ýaýrawy öňdebaryjy tehni­
kany we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna giňel­
dilýär, täze kärhanalar bina edilýär we köneleriniň durky täzelenýär.
Esasy serişdelere döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň umumy 
möçberinde ýangyç-energetika toplumy möhüm orun tutýar. Elektrik 
energetikasynda Abadan döwlet elektrik stansiýasynyň durky täze­
lendi, Seýdi ýylylyk elektrik merkeziniň ikinji energetiki blogy işe 
başlady, Aşgabatda we Balkan welaýatynda täze elektrik stansiýala­
ry guruldy, ýurduň çar tarapyna ýokary woltly elektrik geçirijileriň 
ýüzlerçe kilometrligi çekildi. 
Gaz senagatynda ulanyş üçin onlarça guýular işe girizildi, Sowe­
tabat gaz käniniň abadanlaşdyryş işleri tamamlandy. 
Nebit çykaryjy senagatda hem täze guýular burawlanylyp, işe 
girizildi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda Türkmenbaşydaky nebiti 
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda katalitik reforming enjamla­


83
rynyň işe girizilmegi amala aşyrylýar, bu bolsa gaýtadan işlenilýän 
nebitiň möçberini esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. 
Ýurduň oba senagat toplumynda iri elewatorlar guruldy we olaryň 
ýene-de birnäçesiniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Miwe-gök önüm 
saklanýan ammarlar, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar 
we beýleki möhüm önümçilik we infrastruktura obýektleri bina edilýär. 
Ulag infrastrukturasy barada aýdylanda, hususan, Hazar–Gotur­
depe, Ekerem–Wyşka, Wyşka–Belek nebit geçirijileriniň gurlandygy­
ny belläp geçmek bolar. 
Döwletiň alyp baran maýa goýum syýasatynyň netijeleri ähli 
maýa goýumlarynyň aglaba böleginiň ileri tutulýan ugurlara, çig mal­
laryň gaýtadan işlenmegine, sarp ediş harytlarynyň we edilýän hyz­
matlaryň möçberiniň ardyrylmagyna gönükdirilendigini görkezýär.
Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegi maýa 
goýum serişdeleriniň degişlilikde artdyrylmagyny hem-de ýurtda 
maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.
Esasy serişdelere düýpli maýa goýumlarynyň möhüm çeşmele­
ri bolup, içerki maýa goýum serişdeleri, hususan-da, kärhanalaryň 
toplan maýalary we ilatyň pul süýşürintgileri çykyş edýär. Şol bir 
wagtyň özünde maliýeleşdirişiň beýleki çeşmelerini, ozaly bilen-de, 
göni daşary ýurt maýa goýumlaryny, şonuň ýaly-da soňlanmagy bi­
len täze döredilen kärhanalaryň peýdasynyň hasabyna üzülişmek şerti 
bilen ýokary netije berýän önümçilikleri döretmek üçin daşary ýurt 
karzlaryny çekmek boýunça çäreler görülýär. 
Gurluşyk toplumyna girýän ministrlikler we dolandyryş eda­
ralary boýunça bir ýylda özleşdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň 
möçberi 2030-njy ýylda 8,5 mlrd. manatdan-da geçer. Düýpli maýa 
goýumlarynyň üznüksiz önümçilik, tehnologik, pudaklaýyn we se­
bitleýin düzümi-de barha kämilleşdiriler. Şol bir wagtyň özünde gel­
jek döwürde hususy bölegiň hojalyk subýektleri tarapyndan esasy se­
rişdelere düýpli maýa goýumlarynyň möçberi artar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling