B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Jemläp aýdylanda, geljek döwürde ýurduň ulag toplumy has 
çaltlandyrylan depginler bilen ösdüriler. Ulag serişdeleriniň ähli gör­
nüşleriniň sany artar. Pudakda täze tehnika we innowasion tehnolo­
giýalar, ulag serişdelerini peýdalanmagyň öňdebaryjy usullary giňden 
ornaşdyrylar. Bularyň hemmesi ýük daşamakda we ýolagçy gat­
natmakda ýurduň ykdysadyýetiniň we ilatyň barha ösýän isleglerini 
has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. 


87
§3. Aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalary uly ösüşe 
eýe boldy. Poçta, telefon, faksimil hyzmaty, Internet tory – bu­
laryň hemmesi milli hojalyga we ýurduň ilatyna hyzmat edýär. 
“Türkmentelekom” döwlet kompaniýasy, “Altyn asyr” öýjükli ara­
gatnaşyk kärhanasy kemala geliş we pajarlap ösüş basgançagyny 
başdan geçirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň hut öz başlangyjy bilen ýurtda Elektron Hökü­
met ulgamyny döretmek işi ýaýbaňlandyryldy. 
Ýurtda ähli aragatnaşyk serişdeleri bitewi toplumlaýyn hojalyga 
birikdirilip ösdürilýär. Muňa umumy peýdalanyşdaky aragatnaşygyň 
ösüş görkezijileri şaýatlyk edýär. 2013-nji ýylda 2010-njy ýyl bilen 
deňeşdirilende, aragatnaşygyň esasy işinden alnan girdejiler 2,7 esse, 
şol sanda ilata edilen tölegli aragatnaşyk hyzmatlaryndan alnany 
8,6 esse artdy. Şol ýyllaryň içinde gazetleriň we žurnallaryň çykaryl-
şy 5,1%, şäherara telefon gepleşikleriniň sany 6,1%, öýde oturdylan 
telefon nokatlarynyň sany 15,9% köpeldi (40, s. 131).
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda aragatnaşygy daşary 
ýurt maýa goýumlaryny çekmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny 
ulanmak arkaly täze sanly tehnikanyň esasynda maksada gönükdirip 
ösdürmek üçin binýat döredildi. 
Ýurtda 20-den gowrak sanly awtomatlaşdyrylan beketler oturdyl­
dy. Netijede, 2013-nji ýylda 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, umumy 
ulgamdaky telefon nokatlarynyň sany 74,4 müň birlik ýa-da 14,2%, şol 
sanda şäher telefon ulgamynda 56,2 müň birlik ýa-da 12,8%, oba ýerle­
rinde bolsa 18,2 müň birlik ýa-da 21,6% artdy (40, s. 131).
Halkara we şäherara telefon gepleşikleriniň ösdürilmegine has 
artykmaçlyk berildi. 
Türkmenistanyň üstünden geçýän Transaziýa–Ýewropa süýümli-
optiki aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Onuň işe be­
rilmegi aragatnaşygyň halkara ýaýlymlaryny guramagyň mümkinçi­
liklerini giňeltdi, Türkmenistanyň Internet aragatnaşyk ulgamyna 
birikdirilmegi bolsa, ýaşaýjylara dünýä bazarynyň ýagdaýy hakynda 
maglumat almaga mümkinçilik döretdi.


88
Türkmenistanyň uzak aralykdan maglumat alyşmak ulgamynyň 
bar bolanlaryny ösdürmek we täzelerini döretmek maksady bilen gel­
jekde dünýä jemgyýetçiliginiň bitewi maglumat giňişligine goşulyş­
maklyk göz öňünde tutulýar. 
şeýlelikde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly 
ösýän şertlerinde bar aragatnaşyk kärhanalarynyň döwrebaplaşdyryl­
magy we täzeleriniň döredilmegi, täze halkara aragatnaşyk ýaýlymla­
rynyň açylmagy, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna geçil­
megi göz öňünde tutulýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling