B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Döwletiň oba hojalyk syýasaty


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Döwletiň oba hojalyk syýasaty
Oba hojalyk syýasaty ylmy-tehniki ilerlemäniň we hojalygy 
ýöretmegiň öňdebaryjy tejribesiniň gazananlaryny hemme çäreler arkaly 
peýdalanmak esasynda ilaty azyk önümleri bilen, senagaty bolsa ýokary 
hilli oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek üçin döwlet tarapyndan öňe 
sürlen maksatlaryň we olary durmuşa geçiriş usullarynyň jemidir.
Döwletiň oba hojalyk syýasaty aşakdaky ugurlar boýunça amatly 
şertleriň döredilmegini öz içine alýar:
• önümçilik serişdelerini öndürýän senagat pudaklarynyň ösüş stra­
tegiýasyny oba hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän kärhanalaryň 
we tutuş oba senagat toplumynyň zerur önümçilik serişdelerine bolan 
tölege ukyply islegleriniň kanagatlandyrylmagyna ugrukdyrylmagy;
• strategik ähmiýetli oba hojalyk önümlerine önümçilik harajatla­
ryny harjamaga we kadaly girdeji almaga mümkinçilik berýän satyn 
alyş nyrhlarynyň bellenmegi we beýleki oba hojalyk önümleriniň 


90
nyrhlarynyň düzgünleşdirilmegi babatda hem gytaklaýyn ykdysady 
düzgünleşdiriş çäreleriniň görülmegi; 
• topragyň we suwaryş suwunyň goralmagy we rejeli peýdalanylmagy;
• oba hojalygynda kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine, hususan-
da, karz mehanizmini peýdalanmak arkaly goldaw berilmegi;
• oba senagat toplumynda ylmy barlaglaryň geçirilmegi;
• oba hojalyk ekinlerini we olaryň hasylyny, mallary we guşlary 
tebigatyň öňünden görüp bolmaýan hadysalaryndan ätiýaçlandyrma­
gyň guralmagy. 
§3. oba senagat toplumynda bazar gatnaşyklarynyň 
ösmegi
Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi Türkmenistanyň oba senagat 
toplumynda düýpli özgerişleriň bolup geçmegine getirdi. Bu ýerde 
bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi aşakdakylar ýaly durmuş-ykdy-
sady meseleleriň çözülmegini göz öňünde tutýar:
• oba senagat toplumynyň oba hojalyk böleginde köp gurluşly 
ykdysadyýetiň emele getirilmegi arkaly jemgyýetçilik eýeçiliginiň 
monopoliýasynyň aradan aýrylmagy;
• eýeçiligiň dürli görnüşleriniň we hojalyk ýöretmegiň usullary­
nyň ösýän şertlerinde obada täze ýaşaýyş keşbiniň hem-de durmuş 
infrastrukturanyň emele getirilmegi;
• oba hojalyk önümleriniň iň möhüm görnüşleriniň, zähmetiň we 
maýanyň bazarlarynyň ösdürilmegi;
• ýer gatnaşyklarynyň özgerdilmegi;
• oba senagat toplumynyň ösen bazar infrastrukturasynyň döredilmegi;
• ekerançylyk we maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan 
işlemek, saklamak we daşamak boýunça kärhanalary hususylaşdyr­
mak arkaly eýeçilik gatnaşyklarynyň özgerdilmegi.
Bazar gatnaşyklaryny emele getirmegiň ýurduň oba senagat toplu­
myna mahsus bolan umumy meseleleri bilen bir hatarda, Türkmenistan­
da oba hojalygynyň özüne degişli özboluşly meseleleri hem bar. Olar, 
esasan, şu aşakdaky ýagdaýlar bilen baglylykda ýüze çykýar:


91
• oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleşişiniň, ýöriteleşdirilişiniň 
we görnüşleriniň, olaryň maddy, maliýe we zähmet serişdeleri bilen 
üpjünçiliginiň kesgitlenilmegi;
• ykdysadyýetiň oba hojalyk böleginde bazar gatnaşyklarynyň ösme­
gine oba hojalyk ýerleriniň ägirt uly meýdanlarynyň ýurduň dürli howa 
şertleri bilen tapawutlanýan çäklerinde ýerleşmeginiň edýän täsiri;
• ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynyň nebit-gaz senagaty, 
maşyn gurluşygy, himiýa, gurluşyk materiallary senagatlary ýaly ileri 
tutulýan pudaklarynyň hatarynda ösdürilmegi;
• ilatyň köp böleginiň oba ýerlerinde ýaşamagy;
• meýdan işlerini ýerine ýetirmegiň agrotehniki möhletleri bilen 
oba hojalyk önümçiliginiň möwsümleýinliginiň baglanyşdyrylmagy;
• guşçulyk fabriklerinde, maldarçylyk toplumlarynda, ýyladyş-
hana hojalyklarynda tehnologik işleriň üznüksiz bolmagynyň üpjün 
edilmegi;
• bar bolan zähmet serişdeleriniň, ýeterlik ýokary derejedäki 
önüm çilik, ylmy-tehniki we intellektual mükinçilikleriniň netijeli 
peýdalanylmagy.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling