B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet54/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Awtomobil ulagy. Ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň 
umumy möçberinde awtomobil ulagy saldamly orny eýeleýär. Ýük 
daşalyşynyň umumy möçberinde ol 85%-den gowrak paýy tutýar. Ýük 
ulagy hakykatda milli hojalygyň ähli pudaklarynyň we ilatyň isleglerini 
kanagatlandyrmak üçin hyzmat edýär. Ulagyň bu görnüşi bilen Eýrana, 
Pakistana, Türkiýä we GDA ýurtlaryna hem ýükler daşalýar. 
Awtomobil ulagy ýerli ilatyň köpçülikleýin gatnawlarynyň iň 
ýörgünli serişdesidir. Ýolagçy gatnadylyşynyň umumy möçberinde 
onuň tutýan paýy 95%-e ýetýär.
Umumy peýdalanyşdaky awtomobil ýollarynyň jemi uzynly­
gy 14 müň km. Türkmenistanyň çäginden Türkmenbaşy–Aşgabat–
Türkmenabat ugry boýunça iňňän möhüm awtomobil ýoly geçýär, ol 
ýurduň günbatar we gündogar künjeklerini baglanyşdyrýar.
Awtomobil ýollarynyň gurluşugy we durkunyň täzelenme­
gi dowam etdirilýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 
2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2011–
2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenbaşy–Aşgabat–Mary–Türk me-
nabat–Farap, Aşgabat–Garagum–Daşoguz halkara derejeli awtomo­
bil ýollarynyň gurluşygy tamamlanar. Şäherleriň ýollary düýpgöter 
özgerdiler, ikitaraply ýollaryň (estakadalaryň) gurluşygyna başlanar.
Howa ulagy Türkmenistany beýleki döwletleriň ençemesi, şol 
sanda GDA ýurtlary, Eýran, Päkistan, Hindistan, Germaniýa, Tür­
kiýe, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri bilen baglanyşdyrýar. 
1994-nji ýylda Aşgabatda howa gämileriniň ähli kysymlaryny kabul 


86
etmäge ukyply iri aerowokzal toplumy, ýagny halkara howa menzili 
açylypdy.
Türkmenbaşy şäherinde iri howa menzili bar. Şäheriň iri söwda-
senagat merkezine öwrülmegi we bu ýerde “Awaza” milli syýahat-
çylyk zolagynyň döredilmegi bilen bu aeroportyň ähmiýeti has-da 
artýar.
Geljekde Günorta-Gündogar Aziýanyň, Günbatar Ýewropanyň 
we Amerikanyň ýurtlaryna täze uçuş ugurlary açylar. Türkmenabat, 
Mary, Daşoguz we Balkanabat şäherlerindäki aeroportlaryň hem-de 
olardaky uçuş-gonuş zolaklarynyň durkuny täzelemek işleri geçirildi 
we dowam etdiriler.
Türkmenistanyň raýatlyk awiasiýasynda ýük daşamak işi, bel­
li derejede möhüm orun tutýar. Häzirki wagtda howa ulagy arkaly 
ýükler dünýäniň 40-dan gowrak ýurduna daşalýar. 
Deňiz ulagynda gämi ýollarynyň täze ugurlary özleşdirildi, At­
lantik ummanyna çykalga we Portugaliýanyň, Ispaniýanyň, Fran­
siýanyň, Afrika ýurtlarynyň portlaryna ýol açyldy. Türkmenbaşy we 
Astrahan portlarynyň arasynda yzygiderli teplohod-parom gatnawlary 
amala aşyrylýar. Türkmenbaşy deňiz porty ýurduň günbatar derwe­
zesi, Türmenistanyň hem Azerbaýjan (Baku), Eýran (Enzeli, Ben­
der Türkmen), Russiýa (Astrahan), Wolga-Don kanalynyň we Azow 
deňziniň üsti bilen Türkiýe, Bolgariýa, Ukraina ýaly ýurtlaryň hem 
daşary ykdysady gatnaşyklarynda ýük ýazdyryş nokady bolup durýar. 
Derýa ulagy Amyderýanyň basseýninde jemlenendir. Ol ýurduň 
öz ýükleriniň-de, Özbegistan, Täjigistan ýaly hyzmatdaş ýurtlaryň 
ýükleriniň-de daşalmagyny üpjün edýär. Deňiz gämiçiliginiň esasy 
ýük daşalyşy Kelif, Türkmenbaşy, Haýraton we Termez portlarynyň 
aralarynda amala aşyrylýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling