B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Soraglar we ýumuşlar:
1. Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti ösdürmek 
üçin maýa goýum serişdeleri, ilkinji nobatda, nähili iri obýektlere gönükdi-
rilýär?
2. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk toplumynyň 
ösüşini mysallaryň üsti bilen aýdyp beriň.
3. Türkmenistanda ulagyň ösüşi haýsy görkezijileri bilen kesgitlenýär?
4. Ulag toplumynyň pudaklarynyň ösüşine baha beriň.
5. Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalary uly ösüşe eýe 
boldular. Bu barada gürriň beriň.
VII. 
oBA SEnAGAT ToPluMY
§1. oba senagat toplumy barada düşünje
Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň maddy esasy hökmün­
de ýangyç-energetika toplumyndan soň iň möhüm orunlaryň birini 
oba senagat toplumy eýeleýär.
Oba senagat toplumy – bu oba hojalyk önümlerini öndürmäge, 
gaýtadan işlemäge hem-de olary ahyrky sarp edijä ýetirmäge, şonuň 
ýaly-da, oba hojalygy üçin önümçilik serişdelerini öndürmäge we oňa 
hyzmat etmäge ýöriteleşen özara baglanyşykly pudaklaryň jemidir.
Oba senagat syýasaty şu aşakdaky ýagdaýlary nazara almak bi­
len, maksada gönükdirilip durmuşa geçirilýär:


89
• önümçilik serişdelerini öndürýän pudaklaryň oba hojalygy
onuň önümlerini gaýtadan işleýän we daşaýan pudaklaryň ösüşi bilen 
jebis özara baglanyşykda bolmagy;
• oba hojalygynyň howa şertlerine baglydygy sebäpli, ekerançy­
lyk we maldarçylyk önümlerini öndürmekligiň zähmet sygymynyň 
ýokary bolmagy;
• oba hojalyk kärhanalarynyň iş netijeliliginiň we girdejileriniň 
ekerançylyk we maldarçylyk önümçiliginiň tehniki taýdan abzallaş­
dyrylyşyna we harajatlylygyna, onuň ösüşiniň häzirki zaman gural­
lary, mehanizmleşdiriş, elektrikleşdiriş serişdeleri, biotehnologiýalar 
we ş.m. bilen üpjünçilik derejesine bagly bolup durmagy;
• oba hojalyk önümçiliginde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanma­
gynyň ilat tarapyndan öz pul girdejileriniň az bölegine ýokary hilli 
önümleriň köp mukdaryny almagyna oňyn täsir etmegi;
• aluw-satuw üçin bazara gelip düşýän oba hojalyk önümleriniň 
nyrhlary bilen oba senagat toplumyna iberilýän senagat önümleriniň 
we enjamlarynyň nyrhlarynyň arasyndaky deňeçerlige döwlet tara­
pyndan gözegçilik edilmeginiň zerurlygy. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling