B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet59/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

М → С → Z → Ö.
Bu ýerde: М – maddy serişdeler; С – önümçilik serişdeleri; 
Z – zähmet harajatlary; Ö – önüm.


93
Oba senagat toplumynyň netijeli işlemegi ony bir bitewi ulgam 
hökmünde dolandyrmagyň pudaklaýyn we sebitleýin ýörelgeleriniň 
utgaşdyrylmagyna, biri-birlerini gaýtalaýan artykmaç guramaçylyk 
birlikleriniň bolmazlygyna, önümçilige ylmy-tehniki ilerlemäniň we 
öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda tagallala­
ryň jemlenmegine, ýer-suw, maddy, maliýe we zähmet serişdeleriniň 
hem-de beýleki bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy­
na ýardam edýär.
Institusional babatda oba senagat toplumynyň düzümine daýhan 
birleşikleri, daýhan hojalyklary, oba hojalygyny önümçilik serişdeleri 
bilen üpjün edýän we onuň önümlerini gaýtadan işleýän, eýeçiligiň 
dürli görnüşlerindäki senagat kärhanalary we beýleki hyzmat ediji 
guramalar girýär (17-nji tablisa).
17-nji tablisa
Türkmenistanyň oba senagat toplumy
oba senagat 
toplumynyň 
düzümi
Önümçiligiň möçberi 
2000-nji ýyl
2013-nji ýyl
mln 
manat
göterim hasa bynda
mln 
manat
göterim hasabynda
 tutuş 
ykdysady
-
ýete görä
oba 
senagat 
toplumyna 
görä
tutuş 
ykdysady
-
ýete görä
oba 
senagat 
toplumyna 
görä
Tutuş ykdysadyýet 8642
100
Х
111719
100
Х
şol sanda:
oba senagat toplumy 3132
36,2
100
32622
29,2
100
I ýaýraw
268
3,1
8,5
8491
7,6
26,0
II ýaýraw
1574
18,2
50,3
10054
9,0
30,8
III ýaýraw
1246
14,4
39,8
13071
11,7
40,1
Infrastruktura
44
0,5
1,4
1006
0,9
3,1
Tablisa görkezilen ýyllar boýunça Türkmenistanyň Statistika baradaky 
döwlet komitetiniň maglumatlary esasynda düzülendir 
Maglumatlardan görnüşi ýaly, 2013-nji ýylda 2000-nji ýyl bi­
len deňeşdirilende, oba senagat toplumynyň jemi önüminiň möçberi 
10,4 esse köpeldi, şonda onuň tutuş ykdysadyýetdäki tutýan paýy 
36,2%-den 29,2%-e çenli azaldy. Oba senagat toplumynda ykdysady­
ýet boýunça jemi önümiň 30%-e golaýy öndürilýär, esasy önümçilik 


94
serişdeleriniň 30%-den gowragy jemlenendir, ýurduň ykdysadyýetin­
de işleýänleriň ýarpysyna golaýy zähmet çekýär. 
Oba senagat toplumy kemala geldigiçe, onuň ýaýrawlarynyň 
mundan beýläk-de ösmegi dowam edýär. Oba hojalyk önümlerini 
gaýtadan işleýän we oba hojalygy üçin önümçilik serişdelerini ön­
dürýän pudaklar has ýokary depginler bilen ösýär. Meselem, 2013-nji 
ýylda oba senagat toplumynyň oba hojalygyny önümçilik serişdeleri 
bilen üpjün edýän I ýaýrawynyň önüm çykarmakdaky tutýan paýy 
26,0%, III ýaýrawyň paýy bolsa 40,1% boldy.
Oba senagat toplumynyň ykdysady esasyny oba hojalygyna 
maddy hyzmatlary edýän ýaýraw däl-de, oba hojalygynyň özi düzýär. 
Emma onuň paýyna ýurduň jemi içerki önüminiň 9,0%-i, esasy önüm-
çilik serişdeleriniň 25,2%-i düşýär, bu pudakda ykdysadyýetdäki ähli 
işleýänleriň 42,3%-i zähmet çekýär. Bu görkezijilerde oba senagat 
toplumynyň işleýşiniň ykdysady esasy beýanyny tapýar, ýagny oba ho­
jalygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, oňa serişde üpjünçiligi ba­
batynda hem, pudagyň önümlerini gaýtadan işläp, ahyrky sarp edijilere 
zaýasyz ýetirmekde hem tagalla edilmegi möhüm ugur bolup durýar.
Oba senagat toplumynyň düzümine gallaçylyk, pagtaçylyk, et-
süýt, miwe-gök önüm, üzümçilik ýaly möhüm kiçi toplumlar girýär. 
Kiçi toplumlaryň içindäki özara baglanyşyklaryň, olaryň her biriniň 
tutuş toplumyň düzümindäki ornunuň we ähmiýetiniň öwrenilmegi 
ýer-suw, maddy, maliýe we zähmet serişdeleriniň peýdalanylyşyny 
rejeli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu hem öz gezeginde tutuş 
oba senagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Ýurduň oba senagat toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi 
üçin toplumlaýyn maksatnama esasynda göz öňünde tutulýan degişli 
pudaklary dolandyrmaga bolan pudaklaýyn we sebitleýin çemeleş­
meleri utgaşdyrýan ykdysady we guramaçylyk çäreleri amala aşyryl­
malydyr. Şol çäreler toplumyň ähli düzüm birlikleriniň öz aralarynda 
deňölçegli ösdürilmegine gönükdirilmelidir. Bu iş iri kärhanalaryň 
derejesindäki oba senagat goşulyşmasy, şonuň ýaly-da oba senagat 
toplumyny dolandyrmagyň bütin ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy 
bilen ugurdaş alnyp barylmalydyr. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling