B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Eksportyň we importyň geografik taýdan gönükdirilişi, %


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet61/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Eksportyň we importyň geografik taýdan gönükdirilişi, %
Görkezijiler
Ýyllar
2000
 2005
2010
2012
2013
Daşary söwda 
dolanyşygy
GDA döwletleri
Beýleki döwletler
46,4
53,6
37,5
62,5
26,9
73,1
23,2
76,8
21,2
78,8
Eksport
GDA döwletleri
Beýleki döwletler
52,4
47,6
44,6
55,4
34,9
65,1
25,6
74,4
24,9
75,1
Import
GDA döwletleri
Beýleki döwletler
38,0
62,0
28,0
72,0
17,6
82,4
19,7
80,3
16,8
83,2
Görkezilen maglumatlary seljereniňde, GDA ýurtlary bilen daşa­
ry söwda dolanyşygynyň geografik taýdan gönükdirilişinde ýagdaýyň 
pese düşýändigi we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bagly ýagdaýyň 
bolsa, munuň tersine, gowulanýandygy görünýär. Şonda-da GDA 
ýurtlary, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bagly eksportyň 
ýagdaýy ozalky derejesinde saklanyp galýar.
Diýmek, GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň pese 
düşmegi, esasan, importyň peselmeginiň hasabyna bolup geçýär. Dünýä­
niň beýleki ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň artmagy bolsa, 
import boýunça mümkinçilikleriň artmagynyň, ýagny maşynlaryň, en­
jamlaryň we mehanizmleriň, ulag serişdeleriniň, çig malyň we material­
laryň getirilýän möçberleriniň köpelmeginiň hasabyna bolup geçýär.


97
§2. Daşary söwda dolanyşygy
Dünýä ulgamyndaky ýurtlar bilen daşary ykdysady aragatnaşyk-
lary işjeňleşdirmek, milli hojalygyň dürli ugurlarynda bilelikdäki kär­
hanalary döretmek, gös-göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek 
we gurluşyga degişli hyzmatlary berjaý etmek Türkmenistanyň ykdy-
sadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp ähmiýetli şerti bolup 
durýar. Daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Türmenistanyň 
daşary ykdysady işine baha bermekde has möhüm ähmiýete eýedir. 
Daşary söwda gatnaşyklary daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 
we düzümi (strukturasy), eksport we import ýaly esasy görkezijileri 
(19-njy tablisa) arkaly häsiýetlendirilýär. 
19-njy tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling