B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Harytlaryň zerur görnüşleriniň eksporty


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet64/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Harytlaryň zerur görnüşleriniň eksporty
harytlar
2000 ý.
2013 ý.
sany
ABş-
nyň mln 
doll.
jemi,
%
sany
ABş-
nyň mln 
doll.
jemi,
%
Jemi 
Х
2506
100
Х
18854,2 100
Tebigy gaz, mlrd kub m 33,6 1244,4
49,7
40,7 12580,0 66,7
Nebit mln t. 
1,7
241,9
9,6
3,0
2140,5 11,4
Nebit önümleri, mln t
2,7
513,1
20,5
3,7
2756,6 14,6
Elektrik energiýasy,
mlrd. kWt∙sag
0,9
16,4
0,6
2,9
82,4
0,4
Pagta-süýüm, müň t
213,2 223,5
8,9
269,9 452,7
2,4
Nah matalar, mln in. m
19,6
29,5
1,2
105,3
59,9
0,3
Haly we haly önümleri, 
müň in. m
19,3
2,0
0,1
0,8
0,1
0,0
Beýleki harytlar 
Х
235,2
9,4
Х
782,0
4,2
Çeşmeler: (35, s. 109); (40, s.152).
Eksporta ugradylýan beýleki harytlaryň arasyndan pagta süýümi­
niň paýy 2000-nji ýylda has köp bolup 8,9%, 2013-nji ýylda – 2,4% 
boldy. Pagta süýümini, esasan, Türkiýe, Şweýsariýa, Eýran, Päkistan, 
Beýik Britaniýa we Gonkong ýaly ýurtlar aldy, süýümi satmak arkaly 
alnan serişdeleriň agramly bölegi şol ýurtlaryň paýyna düşdi. GDA 
ýurtlaryndan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan ybarat bolan toplum­
lar boýunça eksportyň düzümi birmeňzeş däldir. Eger pagta süýümi, 
esasan, dünýäniň beýleki ýurtlaryna eksport edilen bolsa, GDA ýurt­
laryna tebigy gaz ugradylýar. Nebit önümleriniň we elektrik energiýa­
synyň eksporty boýunça hem şonuň ýaly ýagdaýlar emele gelýär.
2000-nji ýylda Türkmenistan (20-nji tablisa) eksport boýunça 
Russiýa bilen has köp möçberdäki işleri amala aşyrdy, tutuş ekspor­
tyň 41,1%-i Russiýanyň, 16%-i Italiýanyň, 9,7%-i Eýranyň, 7,4%-i 


101
Türkiýäniň we 6,6% Ukrainanyň paýyna düşdi. 2013-nji ýylda ýagdaý 
şeýle görnüşe eýe boldy: ähli eksportyň 38,8%-i Hytaý, 20,1%-i Rus­
siýanyň, 12,5%-i Italiýa, 11%-i Eýran we 2,7%-i Türkiýäniň paýyna 
düşdi. Türkmenistanyň önümleri dünýäniň 60-dan gowrak döwletine 
eksport edildi. 
Ýurduň mundan beýläk-de eksportyň möçberini ýokarlandyrmak 
üçin aşakdakylaryň hasabyna iş ýüzünde doly amala aşyrylmalydyr:
1. Eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly eksportyň ösüş 
mümkinçiligini artdyrmak.
2. Eksport edilýän milli önümleriň bäsdeşlik ukyplylygyny
ýokarlandyrmak.
3. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň netijeli görnüşini ulanmak.
4. Geljegi bar bolan önümçiligi goldamak.
5. Garyşyk döwlet-täjirçilik taslamalary işlemek.
6. Hususy, şol sanda innowasion tehnologiýalaryň we önümleriň 
özleşdirilmegindäki daşary ýurt maýa goýumlaryň akymy üçin gura­
maçylyk-hukuk we gaýry şertleri döretmek.
2013-nji ýylda maşynlar, enjamlar we mehanizmler (26,3%), ulag 
serişdeleri (7,7%), gymmat bolmadyk metallar we şolardan ýasalan 
zatlar (16,3%), himiýa senagatynyň önümleri (4,7%), plastmassa we 
olardan taýýarlanylan zatlar (3,6%) Türkmenistana import boýunça 
getirilen esasy önümlerdir. Munuň özi importyň umumy möçberiniň 
58,6% barabardyr (22-nji tablisa).
Türkmenistana import boýunça getirilen beýleki önümler ýan-
gyç-energetika toplumynyň önümlerinden, dokma önümlerinden, 
sarp ediş bazarynyň harytlaryndan, elektrik harytlaryndan we aragat­
naşyk serişdelerinden, temmäki önümlerinden, gurluşyk materialla­
ryndan, dermanlyk serişdelerden we beýleki harytlardan ybaratdyr.
2000-nji ýylda Türkmenistan (20-nji tablisa) import boýunça 
Russiýa bilen has köp möçberdäki işleri amala aşyrdy, tutuş importyň 
14,3% Russiýanyň, 14,2%-i Türkiýäniň, 12%-i Ukrainanyň, 8,2%-i 
Birleşen Arap Emirlikleriniň we 8,1%-i Ýaponiýanyň paýyna düşýär. 
2013-nji ýylda tutuş importyň 26,4%-i Türkiýäniň,13,5%-i Hytaýyň, 
9,5%-i Birleşen Arap Emirlikleriniň, 8%-i Russiýanyň we 7%-i Eýra­
nyň paýyna düşdi.


102
Şeýlelikde, daşary ýurtlar ykdysady aragatnaşyklar boýunça 
emele gelen ýagdaý eksporta degişli amallaryň yzygiderli ýagdaý­
da artmagy we import boýunça getirilýän harytlaryň azalmagy bilen 
şertlendirilendir. Şunda oňyn tapawut (saldo) saklanyp galýar, munuň 
özi Türkmenistanyň daşary söwda degişli syýasatynyň durmuşdaky 
hakyky ýagdaýdan ugur alnyp ýöredilýändigine şaýatlyk edýär. 
22-nji tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling