B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet60/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şeýlelikde, ýurduň oba senagat toplumy önümçilikdäki ykdysa­
dy, guramaçylyk, tehnologik çäreleriň bitewüligi arkaly özara bagla­
nyşýan kiçi toplumlaryň ulgamy hökmünde işlemelidir. 


95
Soraglar we ýumuşlar:
1. Oba senagat toplumy barada düşünje beriň.
2. Döwletiň oba hojalyk syýasatynyň özeni nämeden ybarat?
3. Döwletiň oba hojalyk syýasatynyň esasy ugurlary haýsylar?
4. Oba senagat toplumynda bazar gatnaşyklarynyň ösmegi üçin nähili 
meseleleri çözmeli?
5. Oba hojalygynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek üçin çözmeli me-
seleler barada aýdyň.
6. Oba senagat toplumynyň ýaýrawlary barada aýdyp beriň.
7. Oba senagat toplumynyň infrastrukturasy diýip nämä aýdylýar?
8. Oba senagat toplumynyň işleýşine baha beriň.
9. Oba senagat toplumynda önüm almak üçin nähili nusga ulanylýar?
10. Oba senagat toplumynyň önümini ösdürmek üçin nähili çäreleri 
amala aşyrmaly?
VIII. 
TÜRKMENISTANYŇ DAşARY YKDYSADY 
ARAGATNAşYKLARY
§1. Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň geografik ugurlary
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary döwletler bilen 
halkara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça uly üstünlikleri gazanmagy 
başardy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenista­
nyň daşary ykdysady gatnaşyklary ösüşiň täze tapgyryna geçdi. Mu­
nuň özi şol gatnaşyklaryň dürli görnüşlerde giň gerimde we ýokary 
depginde ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Daşary ykdysady ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, ilkinji 
nobatda, Türkmenistanyň zähmetiň halkara bölünişiginiň ulgamyna 
has netijeli goşulyşmagyna hem-de daşary ýurtlar bilen esaslandyrylan 
söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirildi.
Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy­
ny çuňlaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýän durnukly we özara 
peýdaly söwda gatnaşyklary ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli 
ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar.
Türkmenistan Ýewropany Merkezi Aziýa, Hytaý, Ýaponiýa 
bilen birleşdirmek nukdaýnazaryndan garanyňda, geografik taýdan 
amatly ýerde ýerleşýän az sanly döwletleriň biri diýlip hasaplanýar. 


96
Şoňa görä-de, garaşsyzlyk ýyllarynda üstaşyr geçmek üçin amatly 
ýer we önümler ýerlenýän täze bazar hökmünde garalanda, Günbatar 
ýurtlarynyň Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Merkezi Aziýadaky ýurtlar ba­
batda bildirýän gyzyklanmasy has-da artdy.
Haryt dolanyşygynyň geografik düzüminde GDA ýurtlary – Rus­
siýa, Ukraina, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan; Ýewropadaky 
ýurtlar – Türkiýe, Italiýa, Germaniýa; Demirgazyk we Günorta Ameri­
kadaky ýurtlar – ABŞ; we Merkezi Aziýadaky ýurtlar – Eýran, Owga­
nystan, Päkistan esasy hyzmatdaşlar bolup durýar. Netijede, Türkme­
nistanyň daşary ykdysady işinde iki sany iri blok – GDA ýurtlary bilen 
ykdysady gatnaşyklar hem-de dünýädäki beýleki daşary döwletler bilen 
özara ykdysady gatnaşyklar emele geldi. Bu iri blok lar bilen eksportyň 
we importyň geografik ugry 18-nji tablisada görkezildi.
18-nji tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling