67
§2. Ýangyç-energetika toplumy
2.1. Elektrik energetikasy. Türkmenistan döwletiniň
ykdysady
kuwwatyny pugtalandyrmakda, onuň eksport mümkinçiliklerini gi
ňeltmekde ýangyç-energetika toplumynyň pudaklary möhüm hyzma
ty ýerine ýetirýärler. Bu pudaklar ýurduň daýanç toplumy, gyzyl pul
girdejileriniň çeşmesi bolup durýar.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň milli toplumynyň ösmeginde
elektrik energetikasy uly orun tutýar. Energetiki kuwwatlyklaryň we
elektrik energiýasyny öndürmekligiň ösüş depginleri tutuş milli hoja
lygyň ösüş depgininden agdyk gelýär. Munuň özi, ozaly bilen, ýurduň
senagatynda we beýleki önümçilik pudaklarynda zähmetiň energiýa
bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak wezipesiniň talaplaryna
laýyk gelýär.
Türkmenistanda iri energetiki binýat döredildi. 2000-nji ýylda
ýurtda 10 mlrd kWt∙sag möçberine golaý elektrik energiýasy öndüri
lipdi, şonda onuň bir gije-gündizki möçberi 1913-nji ýylda öndürilen
ähli elektrik energiýasyndan 11 essä golaý köpdür. 2013-nji ýylda
bolsa bu möçber eýýäm 21 mlrd kWt∙sag boldy (
10-njy tablisa).
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurduň bütin elektrik energeti
ka ulgamy döwrebaplaşdyryldy. Seýdi–Daşoguz aralygynda 500 kWt
kuwwatlykly elektrik geçirisiniň
gurulmagy bilen bolsa, Türkme
nistanda bitewi energetika ulgamy döredildi.
10-njy tablisa
Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi
Ýyllar
Do'stlaringiz bilan baham: