B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet39/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Ýönekeý üznüksiz önümçilik – munuň özi önümçiligiň ýylyň-
ýylyna üýtgewsiz möçberlerde täzelenip durmak hadysasydyr.
Giňeldilen üznüksiz önümçilik – bu önümçiligiň maýa toplaýyş 
we şonuň üçin önümleriň gymmatynyň belli bir böleginiň maýa goýul­
magy arkaly barha köpelýän möçberlerde mydama täzelenmegidir.
Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz önümçiligiň netijesi jemgyýetçi-
lik önümidir (4-nji tablisa).
4-nji tablisa
2000–2013-nji ýyllarda Türkmenistanda önümçiligiň ösüşiniň
esasy netijeleri
Görkezijiler
Ýyllar
Ölçeg birligi 2000 2005
2010
2013
Jemi içerki önüm
mln manat 8642 25258 64362 111713
Senagat önümçiliginiň möçberi mln manat 3348 9289 26034 54243
Oba hojalyk önümçiliginiň 
möçberi
mln manat 1574 4398 7299 10054
Esasy serişdelere düýpli 
maýa goýumlary
mln manat 1814 3838 29131 51835
Döwlet býujetiniň girdejileriniň 
jemi içerki önüme gatnaşygy 
%
14,0 14,5 15,8
18,4
Döwlet býujetiniň çykdajylary-
nyň jemi içerki önüme gatnaşygy
%
14,2 14,3 13,8
16,9
Döwlet býujetiniň defisiti (-), 
profisiti (+)
%
%
–0,2 +0,2 +2,0
+1,5
Çeşmeler: (34, s.9;23); (40, s.13;23).


59
§6. Önümçiligiň netijeliliginiň görkezijileri
Ykdysady netijelilik önümçiligiň netijeleriniň oňa çykarylan 
harajatlara gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär. 
Türkmenistanyň hojalyk tejribesinde önümçiligiň we resurslaryň 
aýry-aýry görnüşleriniň netijeliligi şu görkezijiler arkaly ölçelýär:
Zähmet öndürijiligi – önümiň möçberiniň janly zähmetiň hara­
jatlaryna gatnaşygydyr.
Önümiň zähmet sygymy – zähmet öndürijiliginiň tersine aňlady­
lan görkezijisidir. 
Maddy harajatlaryň önüm berijiligi – önümiň möçberiniň ony 
öndürmek üçin çykarylan maddy harajatlara gatnaşygydyr.
Önümiň maddy sygymy – maddy harajatlaryň önüm berijiliginiň 
tersine aňladylan görkezijisi, ol önümiň birligine düşýän maddy hara­
jatlaryň mukdaryny aňladýar.
Esasy serişdeleriň önüm berijiligi – esasy önümçilik serişdeleri­
niň peýdalanylyş derejesini häsiýetlendirýär hem-de önümiň möçbe­
rini olaryň jemi gymmatyna bölmek arkaly hasaplanylýar. 
Önümiň serişde sygymy – serişdeleriň önüm berijiliginiň tersine 
aňladylan görkezijisi bolup, ulanylýan serişdeleriň önüm birligine ha­
saplanan möçberini aňladýar.
Önümçiligiň maýa goýum sygymy – öndürilýän önümleriň we 
hyzmatlaryň birligine hasaplananda, maýa goýum çykdajylarynyň 
mukdaryny görkezýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling