B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§3. Önümçiligiň serişdeleri we şertleri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet36/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Önümçiligiň serişdeleri we şertleri
Häzirki zaman jemgyýetinde harytlaryň we hyzmatlaryň önüm-
çiligi dürli hojalyk subýektleri tarapyndan, ýagny hususy, döwlet 
eýeçiligine degişli, şonuň ýaly-da garyşyk eýeçilikdäki iri, orta, kiçi we 
mikrokärhanalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan alnyp barylýar. 
Önümçilik obýektiw ykdysady kanunlaryň täsirine çuňňur göz ýetir­
megiň we ony aňly-düşünjeli peýdalanmagyň esasynda guralmalydyr.
Bazar ykdysadyýeti mikroderejede dürli pudaklaryň köp sanly 
kärhanalarynyň işini, ähli tebigy, adam resurslaryny we adam tara­
pyndan döredilen resurslary gurşap alýar. Olar adamlaryň isleglerini 
kanagatlandyrmaga niýetlenen harytlaryň we hyzmatlaryň öndüril­
megi üçin peýdalanylýar.
Adamlaryň islegleri köp dürlüdir we çäksizdir. Emma bu islegle­
ri doly kanagatlandyrmak üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary 
öndürmäge gerekli resurslaryň möçberi çäklidir. 
Resurslar – bu islegleri kanagatlandyrmak üçin dürli görnüşli nyg­
matlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini guramakda kärhanalar we beý­
leki önümçilik subýektleri tarapyndan peýdalanylýan zatlardyr. Olara 
zähmet resursy hökmünde işçi güýji-de girýär. Önümçilik resurslary 
doly herekete getirilen mahalynda bir önümiň öndürilişini artdyrmak 
üçin, olaryň beýlekileriniň öndürilişini kemeltmeli bolýar. Şona görä-
de, her bir jemgyýet mümkinçilikleriň çäkliligine sezewar bolýar. Ähli 
islegleriň kanagatlandyrylmagynyň mümkin däldigi zerarly, bazar 
ykdysadyýeti şertlerinde her bir sarp ediji, her bir satyn alyjy öz isleýän 
zatlaryndan has möhümlerini yzygiderli saýlap almaly bolýarlar. 
Resurslaryň bütin köplügi maddy we zähmet resurslaryna bölün-
ýän ykdysady resurslardyr.
Haýsydyr bir harydy ýa-da hyzmaty öndürmek üçin herekete ge­
tirilen ykdysady resurslara önümçiligiň faktorlary diýilýär.
Önümçiligiň esasy faktorlaryna zähmet, ýer, maýa we telekeçilik 
ukyplary degişli.
Zähmet (işçi güýji) – adamyň önümçilik mahalynda ulanylýan 
fiziki we akyl ukyplarynyň köplügidir.
Ýer – önümçiligiň tebigy şerti hökmünde onuň adam zähmeti 
bilen döredilmedik ähli resurslaryny, ýerasty baýlyklary, tokaýlary, 


56
howany we suwy hem goşmak bilen ol, önümçilik işine çekmegiň 
çeşmesi bolup durýar.
Maýa  önümçilik serişdesi hökmünde zähmet serişdeleriniň we 
predmetleriniň jemidir. Oňa kärhanalar, telekeçiler we bölekleýin de­
rejede döwlet eýeçilik edýär. 
Telekeçilik ukyplary – maýanyň eýeleriniň, harajatlary, töwekgel-
çiligi we jogapkärçiligi öz üstlerine alyp ýa-da munuň üçin dolan­
dyryjylary hakyna tutup, öz telekeçilik işini guramaga ukybyny we 
taýýardygyny aňladýar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling