B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar
Islegleri kanagatlandyrmagyň çeşmesi nygmatdyr. Oňa dürli-
dürli kesgitleme berýärler. Käbirleri nygmat düşünjesini zatlar we 
predmetler bilen çäklendirýärler. Beýleki birleri bolsa, nygmatlara 
diňe zähmetiň önümlerini däl, eýsem, tebigatyň beren zatlaryny-da 
degişli edýärler. Nygmaty islendik peýdaly netije hökmünde kes­
gitleýän pikir has ýaýrandyr.
Nygmat – bu belli bir adamyň islegini kanagatlandyrýan islendik 
peýdaly zatdyr (predmet, hadysa, zähmet önümi).
Ykdysady edebiýatda nygmatlary toparlara bölmegiň çylşyrymly 
ulgamy bar. Onuň esasynda goýlan ölçeglere baglylykda, nygmatlar 
şu toparlara bölünýär:
• maddy we maddy däl nygmatlar;
• ykdysady we ykdysady däl nygmatlar;
• jemgyýetçilik we jemgyýetçilik däl nygmatlar;
• häzirki we geljekki nygmatlar;
• göni we gytaklaýyn nygmatlar;
• uzak wagtlyk we gysga möhletli nygmatlar we ş.m.
Ilkinji üç topar has möhümdir, şonuň üçin olaryň üstünde durup 
geçýäris. 
Maddy nygmatlar – bu tebigatyň eçilen zatlarydyr (klimat, ýer, howa), 
önümçiligiň önümleridir (jaýlar, maşynlar, iýmit önümleri we ş.m.).
Maddy däl nygmatlar – bu adam ukybynyň ösmegine täsir 
edýän nygmatlardyr: saglygy goraýyş, sungat eserleri, teatr, muzeý, 
bilim we başgalar.


57
Nygmatlaryň ykdysady we ykdysady däl toparlara bölünmeginiň 
esasynda olara bolan islegleriň we islegleri kanagatlandyrmak üçin 
bar bolan nygmatlaryň arasyndaky mynasybet gatnaşyk durýar. 
Ykdysady nygmatlara ykdysady işiň obýekti ýa-da netijesi bo­
lup durýan, ýagny islegler bilen deňeşdirilende, çäkli mukdarda alyp 
bolýan nygmatlar degişlidir. Bu hadysa resurslaryň çäkliligi bilen 
baglanyşyklydyr.
Ykdysady däl nygmatlar (tebigy nygmatlar) adamyň tagallasy 
talap edilmezden, tebigat tarapyndan berlen nygmatlardyr (howa, suw 
we ş.m.). Bu nygmatlar tebigatda adamyň isleglerini doly we myda­
ma kanagatlandyrýan mukdarda erkin halda bardyr. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling