53
lem, önümçilik serişdeleri informatika, elektron-hasaplaýjy we kom
pýuter tehnikasy bilen baýlaşýar. Zähmet babatynda hem hil taýdan
üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny onuň ylmy taýdan guralyşy kämil
leşýär, işgärleriň hünär we intellektual derejeleri ýokarlanýar, adamyň
telekeçilik ukybynyň ähmiýeti artýar.
Ykdysady gatnaşyklar maddy we ruhy nygmatlaryň, hyzmatla
ryň önümçiligi, paýlanyşy, alyş-çalşygy we sarp edilişi mahalynda
adamlaryň aralarynda ýüze çykýan gatnaşyklardyr.
Ykdysady gatnaşyklaryň häsiýeti önümçilik serişdelerine eýeçili
giň formasy bilen kesgitlenýär. Olar, birinjiden, diňe önümçilik ýaý
rawyna degişli gatnaşyklary, ýagny önümçilik gatnaşyklaryny, ikinji
den, önümçilik däl ýaýrawda emele gelýän gatnaşyklary öz içine alýar.
Ykdysady gatnaşyklar düzümi boýunça guramaçylyk-ykdysady
we durmuş-ykdysady gatnaşyklara bölünýär.
Guramaçylyk-ykdysady gatnaşyklar önümçiligiň, öndürilen
önümleri paýlamagyň we alyş-çalyş etmegiň guralyşy babatynda
emele gelýär. Guramaçylyk gatnaşyklarynyň formalaryna kärhana
larda önümçiligiň we zähmetiň guralyşy, işgärleriň arasynda zähmet
durmuş bölünişigi we bileleşmesi, kärhanalaryň möçberleriniň kes
gitlenmegi we ş.m. degişlidir.
Durmuş-ykdysady gatnaşyklar önümçilik serişdelerine eýeçi
lik etmegiň görnüşleri bilen kesgitlenýän önümçilik şertleri babatynda
adamlaryň arasynda emele gelýär. Esasy zatlar, ýagny önümçilik, paý
laýyş, alyş-çalyş we sarp ediş gatnaşyklarynyň durmuş-ykdysady maz
muny eýeçiligiň görnüşine bagly bolup durýar. Bu gatnaşyklaryň ösmegi
mydama önümçilik serişdeleriniň eýeleriniň bähbidine hyzmat edýär.
Do'stlaringiz bilan baham: