B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet33/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

JIÖ = W + R + P + I + T + A – milli girdeji.
Bu ýerde: w – iş haky, R – renta, P – peýda, I – göterim, T – salgyt, 
A – amortizasiýa.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Ykdysady ösüş näme?
2. Ykdysady ösüşiň nähili şertleri bar?
3. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetiň 
ösüşini gazanmak üçin haýsy şertler gerek?
4. Türkmenistanda telekeçiligiň ösüşiniň nähili aýratynlygy bar? Mysal-
laryň üsti bilen gürrüň beriň.
5. Milli hojalygyň ösüşi haýsy makroykdysady görkezijiler bilen kes-
gitlenýär? 
6. Jemi milli önümiň we jemi içerki önümiň tapawudyny aýdyň.
7. Jemi içerki önüm haýsy usullar boýunça hasaplanyp bilner? Olar 
barada aýdyp beriň.


52
IV. 
JEMGYÝETçILIK ÖNÜMçILIGINIŇ ESASLARY
§1. Jemgyýetçilik önümçiligi
Adamlaryň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň esasynda hojalyk işi we 
önümçilik durýar.
Önümçilik – bu adamlaryň tebigatdaky zatlara täsir etmek bilen 
maddy we ruhy nygmatlary öndüriş işidir. 
Önümçilik üç sany ýagdaýyň ýagny adam zähmetiniň, zähmet 
predmetleriniň we zähmet serişdeleriniň özara täsir edişmekleri arka­
ly amala aşýar.
Zähmet – maddy we ruhy nygmatlary we hyzmatlary döretmek 
boýunça adamlaryň maksadalaýyk amala aşyrýan işi.
Zähmet predmetleri taýýar önüm döretmek üçin adamyň öz 
zähmetini siňdirmek bilen täsir edýän zatlarydyr.
Zähmet serişdeleri – bu adamyň zähmet predmetlerine täsir 
etmek üçin ulanýan gurallarydyr. Meselem, senagat önümçiliginde 
çig mal zähmet predmeti, stanok zähmet serişdesi bolup durýar.
Haýsydyr bir harydy öndürmek üçin zerur bolan zähmet pred­
metleri we serişdeleri bilelikde önümçilik serişdelerini emele getirýär.
Nygmatlaryň önümçiligi, birinjiden, adam bilen tebigatyň özara 
täsir edişmegini, ikinjiden bolsa, öz hojalyk işiniň barşynda adamla­
ryň öz aralaryndaky gatnaşyklary beýan edýär. Arabaglanyşyklaryň 
birinji kysmyna öndüriji güýçler, ikinjisine bolsa, ykdysady gatnaşyk-
lar diýilýär. 
Öndüriji güýçler önümçilik serişdeleriniň we işçi güýjüniň özara 
baglanyşykdaky köplügidir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling