B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet35/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Maddy we maddy däl önümçilik
Islegler adamlar we jemgyýet üçin maddy önümçiligiň we me­
deniýetiň ösüş derejesine laýyklykda emele gelýän özboluşly forma­
daky durnukly zerurlyklary hökmünde kesgitlenýär. Adamyň islegleri 
maddy, ruhy we durmuş isleglerinden ybaratdyr. 
Maddy islegler şulara bölünýär: 
• ýaşaýyş üçin ilkinji zerur bolan zatlar – iýmit, egin-eşik, ýaşaýyş 
jaýy we ş.m.;


54
• elpe-şelpelik üçin zerur zatlar – gymmat bahaly şaý-sepler, 
gymmat awtomobiller, ýahtalar, gymmat bahaly sütükli deriden tiki­
len içmekler we ş.m.
Ruhy islegler ylym, sungat bilen meşgullanmak, bilim almak, ahlak 
taýdan kämilleşmek we beýlekiler arkaly kanagatlandyrylýar. Giň many­
syndaky ruhy iýmite adamyň alýan ähli maglumatlary-da degişlidir. 
Jemgyýet ösdügiçe durmuş islegleriniň giňelmek we olary ka­
nagatlandyrmak mümkinçilikleri hem artýar. Durmuşy islegler dürli 
görnüşdäki jemgyýetçilik we köpçülikleýin işe gatnaşylmagy bilen 
baglanyşyklydyr. Olar maddy isleg hem, ruhy isleg hem bolup biler­
ler. Emma bu ýerde esasy zat jemgyýetçilik häsiýetine eýe bolunma­
gyndadyr hem-de köp sanly adamlaryň bilelikde ýaşaşmagynyň we 
hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurlygy bilen şertlendirilýänligindedir. 
Islegleriň kanagatlanyş derejesi iki sany ýaýrawyň ösüş derejesi 
bilen kesgitlenýär, olaryň birinjisine maddy önümçilik, ikinjisine bol­
sa maddy däl önümçilik ýa-da ruhy ýaýraw degişlidir. 
Maddy önümçilik şulary öz içine alýar: 
• maddy nygmatlary öndürmek bilen meşgullanýan senagat, oba 
hojalygy, gurluşyk pudaklary;
• maddy hyzmatlary etmek bilen meşgullanýan ulag we aragat­
naşyk, söwda, jemagat hojalygy, durmuş hyzmatlary, infrastruktura 
ýaýrawy ýaly pudaklar.
Maddy däl önümçilik şulary öz içine alýar: 
• durmuş-medeni gymmatlyklary ýa-da nygmatlary döredýän 
kärhanalar (kino, teatr, sungat we ş.m.);
• saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet arkaly maddy däl 
hyzmatlary edýän pudaklaryň kärhanalary.
Bu ýaýrawlaryň arasynda özara jebis baglanyşyk bolup, ol bagla­
nyşyk häzirki zaman şertlerinde barha pugtalanýar. Meselem, maddy 
önümçiligiň ýokary ösüş derejesi köp ýurtlarda işleýän adamlaryň uly 
böleginiň (50–70%) maddy däl önümçilik bilen meşgul bolmagyna 
mümkinçilik berdi. Öz gezeginde, maddy däl önümçilik ýaýrawynda 
ylmy açyşlar, tehniki oýlap tapyşlar ýaly gazanylan üstünlikler maddy 
önümçiligiň ösmegine güýçli täsir edýär.


55

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling