B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet29/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Işsizligiň görkezijileri:
• işsizlik derejesi – işsizleriň sanynyň işçi güýjüniň sanyna bolan 
göterim hasabyndaky gatnaşygy;
• işsizligiň dowamlylygy.
Işsizligiň durmuş-ykdysady netijesi:
• ykdysady ýitgiler we jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň
peselmegi;
• adamlaryň girdejileriniň we ýaşaýyş derejesiniň aşak düşmegi; 
• işsizlik uzaga çeken mahalynda işgärleriň hünär ukyplarynyň 
kütelmegi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 
goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen, milli ykdysadyýeti has 
hem ösdürmek, ilatyň milli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyr­
mak üçin ýurtda giňden kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam 
berilýär. Türkmenistanda telekeçilik işi we onuň guramaçylyk-hukuk-
larynyň kadalary düzüldi. Ýagny, “Telekeçilik işi hakynda”, “Eýeçi­
lik hakynda”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak 
hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.


47
Telekeçilik – raýatlaryň peýda almak maksady bilen harytlary 
öndürmek we ýerleşdirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça 
alyp barýan hususy işidir. Kärendeçi, işçi, dolandyryjy, kärhananyň 
eýesi we ş.m. telekeçi bolup bilýär. Telekeçilik işi bilen serişdeleriň 
eýesiniň özi ýa-da başga bir ygtyýar berlen adam meşgullanýar. 
Telekeçiniň esasy alamatlary: 
• ykdysady özbaşdaklyk;
• özüni ödeýjilik we peýdalylyk;
• özüni maliýeleşdirmek;
• maddy taýdan gyzyklandyrmak;
• ykdysady jogapkärçilik;
• pul bilen gözegçilik etmek.
Türkmenistanda telekeçiligiň aýratynlygy. Berkarar döwleti-
miziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek 
meselelerine uly ähmiýet berilýär. Telekeçiligi ösdürmegiň ygtybar­
ly usullarynyň biri erkin ykdysady zolaklary döretmekden ybaratdyr. 
1992-nji ýylyň dekabrynda Halk Maslahatynyň çözgüdi boýunça er­
kin ykdysady zolaklaryň (EYZ) ýedisiniň döredilýändigi yglan edildi.
Bir ýyla golaý wagtdan soňra, 1993-nji ýylyň oktýabrynda “Erkin 
telekeçiligiň ykdysady zolaklary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 
kabul edildi. Onda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň we olaryň 
hereket etmeginiň ykdysady-hukuk esaslary kesgitlenildi.
Bu erkin ykdysady zolaklarda telekeçilige we daşary ýurt maýa­
syny çekmeklige giň ýol açylýar. Olarda dürli görnüşdäki kärhanalar 
açmaga rugsat berilýär. Ol kärhanalar Türkmenistanyň Kanunlary ta­
rapyndan gadagan edilmedik islendik görnüşdäki hojalyk işleri bilen 
meşgul bolmaga haklydyr. Işiň tiz ýola düşüp gitmegi üçin kärhanala­
ry açmakda, olaryň hojalyk işlerini amala aşyrmakda döwlet tarapyn­
dan ýeňillikler göz öňüne tutulýar. Bu zolaklarda daşary ýurt maýa 
goýumlarynyň hasabyna kärhanalary gurmaklyga mümkinçilik döre­
dilýär. Kärhanalar, telekeçiler suwy, togy, gazy ýeňillikli bahadan sa­
tyn alýarlar. Üç ýylyň dowamynda olar girdeji salgydyndan boşadyl-
ýarlar. Türkmenistanda 11 sany erkin ykdysady zolak döredildi. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling