B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Türkmenistanda senagat önümleriniň umumy möçberiniň ösüş


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet42/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Türkmenistanda senagat önümleriniň umumy möçberiniň ösüş 
depginleri 
Ýyllar
1913 ý. = 1
Ýyllar
1913 ý. = 1
1924
0,6
1970
45
1940
6,7
1975
69
1950
9,6
1980
78
1960
22,4
1985
89
1965
30,0
1986
94
Çeşmeler: (28, s.30); (29, s.40).
Maglumatlar senagat önümleriniň umumy möçberiniň 1913-nji 
ýyl bilen deňeşdirilende, 1940-njy ýylda 6,7 esse, 1960-njy ýylda 
22,4 esse, 1970-nji ýylda 45 esse we 1986-njy ýylda 94 esse artan­
dygyny görkezýär. Bu görkezijiniň XX asyryň 70-nji ýyllaryndan 
başlap, aýratyn çalt ýokarlanandygyny bellemek gerek.
Ýetmişinji ýyllarda senagatyň önümçilik serişdelerini we sarp 
ediş harytlaryny öndürýän pudaklarynyň mynasybetinde mese-mälim 
üýtgeşmeler bolup geçdi. Şonda önümçilik serişdeleriniň-de (“A” 
topary), sarp ediş harytlarynyň-da (“B” topary) önümçiligini ösdür­


64
meklige uly ähmiýet berildi. Türkmenistanda 1960–1990-njy ýyllar­
da senagat önümlerini öndürmekligiň “A” we “B” toparlar boýunça 
düzümi baradaky maglumatlar 7-nji tablisada getirilýär. 
7-nji tablisa
Türkmenistanda senagat önümçiliginiň umumy möçberiniň düzümi, %
Ýyllar
Ähli
senagat
şol sanda:
önümçilik serişdeleriniň 
önümçiligi
sarp ediş harytlarynyň 
önümçiligi
1960
100
73,6
26,4
1965
100
73,9
26,1
1970
100
79,8
20,2
1975
100
82,5
17,5
1980
100
81,7
18,3
1985
100
80,7
19,3
1990
100
80,8
19,2
Çeşmeler: (29, s.41); (30, s.104).
Senagat önümleriniň umumy möçberinde 1960–1990-njy ýyl­
larda önümçilik serişdeleriniň öndürilişiniň, ýagny “A” toparyň, tut-
ýan böleginiň ýokarlanmak meýline eýe bolandygy, sarp edilýän 
önümleriň (“B” toparyň) öndürilişiniň paýynyň bolsa azalandygy ge­
tirilen maglumatlardan görünýär. Meselem, “A” toparyň tutýan paýy 
1960-njy ýylda 73,6% bolanlygyndan, 1990-njy ýylda 80,8%-e çenli 
ýokarlandy, “B” toparyň tutýan paýy bolsa, degişlilikde, 26,4%-den 
19,2%-e çenli azaldy. 
Önümçilik serişdeleriniň öndürilişiniň ozýan depgin bilen ösme­
gi 70-nji ýyllardan başlandy. Şol döwürde Türkmenistanda senagatyň 
nebiti gaýtadan işleýji, gaz, himiýa, gurluşyk materiallary senagatlary, 
mineral dökünleriň önümçiligi ýaly möhüm pudaklary pajarlap ösdi. 
Ýeňil we azyk senagatlarynyň kärhanalary döwrebaplaşdyryldy we 
täze tehniki binýada geçirildi. Elektrik energetikasy, ýangyç we hi­
miýa senagatlary, ýagny köp derejede ylmy-tehniki ilerlemäniň ýag­
daýyny kesgitleýän pudaklar güýçli depginler bilen ösdi. 
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi senagat önümleriniň möçberiniň 
barha we barha köpelmegi, artmagy bilen häsiýetlenýär, ol 1985-nji 


65
5. Sargyt №50
ýylda 1970-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 essä golaý köpeldi. Senagat 
önümleriniň umumy möçberiniň 1970–1995-nji ýyllardaky pudaklar 
boýunça indeksleri 8-nji tablisada getirilýär.
Getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, senagat önümçiliginiň 
möçberi elektrik energetikasynda, himiýa we nebit himiýasy sena­
gatlarynda, maşyn gurluşygynda we metaly işläp bejermekde, ýeňil 
we azyk senagatlarynda has çalt köpeldi. 
Elektrik energiýasyny öndürýän senagatyň düzüminde oňyn üýt­
geşmeler bolup geçdi, ýagny iri elektrik stansiýalarynda öndürilýän 
energiýanyň tutýan bölegi esseläp köpeldi we pes kuwwatdaky çeş­
melerden öndürilişi bolsa azaldy. 
Senagatyň pudak içersindäki düzümi gaz senagatynyň çalt ösme­
gi bilen baglylykda düýpli özgerdi. Gaz we nebit ýataklaryndan köp 
sanly gaz geçirijiler çekildi, olaryň üsti bilen ýurduň içerki isleglerini 
kanagatlandyrmak üçin tebigy gaz akdyryldy. Şol bir wagtyň özünde 
Merkezi Aziýa–Merkez gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň uly möçbe­
ri ýurduň daşyna iberilip başlandy. Şatlyk, Naýyp, Gazojak, Kerpiçli, 
Kükürtli, Böwrüdeşik we beýleki ýataklaryň hasabyna Türkmenistan 
iri gaz iberijä öwrüldi. 
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli senagat pudaklary, 
esasan, birtaraplaýyn ýöriteleşme esasynda işleýärdi. Çig maly düýpli 
işläp bejerýän kärhanalar diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýöredilýän se­
nagat syýasatynyň netijesinde mümkin boldy. Häzirki wagtda dokma 
senagaty, gurluşyk materiallary we himiýa senagatlarynyň ençeme 
pudaklary uly ösüşe eýe boldy. Soňky ýyllarda himiýa senagatynyň 
düzümi üýtgedi, mineral dökünlerini, durmuş himiýasynyň önümle­
rini öndürmekligiň, plastmassany gaýtadan işlemegiň paýy artdy. Se­
nagat pudagynyň düzümindäki hil taýdan bolup geçýän üýtgeşmeler 
9-njy tablisadaky maglumatlardan görünýär.
Ýurduň senagatynyň önüm öndürilişiniň möçberi boýunça pu­
daklaýyn düzüminde ýangyç, ýeňil we azyk senagatlaryna uly paý 
düşýär. Meselem, ýangyç-energetika pudaklarynyň tutýan bölegi 
2000-nji ýylda 56,3% bolanlygyndan 2013-nji ýylda 74,3%-e çenli 
ýokarlandy. 


66
8-nji tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling