B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. oba senagat toplumynyň ýaýrawlary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet58/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. oba senagat toplumynyň ýaýrawlary
Durmuş nazarlandyrylan bazar ykdysadyýeti şertlerinde oba 
senagat toplumyny ösdürmegiň ugurlary boýunça strategik meýilna­
malar esasynda onuň üç sany özara baglanyşykly ýaýrawlarynyň we 
umumy infrastrukturasynyň deňölçegliligini gazanmak bilen, döwlet 
kadalaşdyrylmasy zerur bolup durýar:
Birinji ýaýrawa oba senagat toplumynda hojalygy ýöredýän 
subýektleriň traktorlara, oba hojalyk maşynlaryna, awtomobillere, 
ekerançylyk we maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça 
enjamlara, mineral dökünlere, ösümlikleri goramagyň himiki serişde­
lerine, gurluşyk materiallaryna we ş.m. bolan isleglerini kanagatlan­
dyrmak üçin, önümçilik serişdelerini öndürýän hem-de oba hojalygy­
na gös-göni önümçilik hyzmatlaryny edýän pudaklar girýär.
Ikinji ýaýraw, ýagny oba hojalygy oba senagat toplumynyň öze­
ni bolup durýar. Onuň ösdürilmegi ilatyň azyk önümlerine, senagatyň 


92
bolsa, çig mala bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmak boýunça 
strategik wezipäniň çözülmegine gönükdirilendir. 
Üçünji ýaýrawa oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we ony 
soňky sarp edijä çenli ýetirmek bilen meşgullanýan pudaklar girýär.
Oba senagat toplumynyň infrastrukturasy iki sany bölege bölünýär:
Önümçilik infrastrukturasy önümçilik-tehniki we maddy üpjün-
çilik, önüm taýýarlaýyş, önüm saklaýjy kuwwatlyklar, ulag, ýol hoja­
lygy, aragatnaşyk, maglumat üpjünçiligi we ş.m. hyzmat ediji pudak-
laryň toplumyndan ybaratdyr.
Durmuş infrastrukturasy – oba ýerlerindäki ýaşaýyş jaý-jema­
gat hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport edaralary, ça­
galar baglary, işgärleri taýýarlaýyş ulgamy we durmuş häsiýetdäki 
beýleki edaralarydyr.
§5. oba senagat toplumynyň işlemegi we ösmegi
Oba senagat toplumynyň bökdençsiz işlemegi üçin onuň ähli pu­
daklarynyň deňölçegli we deňagramly ösdürilmegi, maddy-önümçilik 
binýadynyň pugtalandyrylmagy üpjün edilmelidir. Oba hojalyk önümle­
riniň öndürilişini artdyrmak, onuň saklanylyşyny, daşalyşyny, gaýtadan 
işlenişini we ahyrky sarp edijä ýetirilişini gowulandyrmak üçin pudak-
laryň aralaryndaky ykdysady arabaglanyşyklaryň kämilleşdirilmegine, 
olaryň takyk özara täsir edişmeginiň guralyşyna uly üns berilmelidir. 
Oba senagat toplumynyň işlemeginiň esasyna şeýle toplumlaýyn, 
maksatnamalaýyn maksatly çemeleşme goýulmalydyr, şonda oba ho­
jalygynyň oňa hyzmat edýän senagat pudaklary, şonuň ýaly-da ulag, 
söwda pudaklary bilen birikmegi, olaryň ähli işleriniň köp möçber­
däki ýokary hilli önümleri öndürip, ahyrky sarp edijä ýetirmekden 
ybarat bolan soňky maksada tabyn edilmegi, şol çemeleşmäniň düýp 
mazmunyny kesgitlemelidir. Şonuň ýaly netijä ugur alynmagy mak­
satlaýyn wezipäniň kesgitlenmegini talap edýär. Önümi almagyň esa­
syna şu nusga goýlup bilner:

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling