B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Türkmenistanyň oba senagat toplumy oba senagat toplumynyň düzümi Önümçiligiň möçberi 2000-nji ýyl 2013-nji ýyl
М → С → Z → Ö.
Bu ýerde: М – maddy serişdeler; С – önümçilik serişdeleri; Z – zähmet harajatlary; Ö – önüm. 93 Oba senagat toplumynyň netijeli işlemegi ony bir bitewi ulgam hökmünde dolandyrmagyň pudaklaýyn we sebitleýin ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna, biri-birlerini gaýtalaýan artykmaç guramaçylyk birlikleriniň bolmazlygyna, önümçilige ylmy-tehniki ilerlemäniň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda tagallala ryň jemlenmegine, ýer-suw, maddy, maliýe we zähmet serişdeleriniň hem-de beýleki bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy na ýardam edýär. Institusional babatda oba senagat toplumynyň düzümine daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, oba hojalygyny önümçilik serişdeleri bilen üpjün edýän we onuň önümlerini gaýtadan işleýän, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki senagat kärhanalary we beýleki hyzmat ediji guramalar girýär (17-nji tablisa). 17-nji tablisa Türkmenistanyň oba senagat toplumy oba senagat toplumynyň düzümi Önümçiligiň möçberi 2000-nji ýyl 2013-nji ýyl mln manat göterim hasa bynda mln manat göterim hasabynda tutuş ykdysady - ýete görä oba senagat toplumyna görä tutuş ykdysady - ýete görä oba senagat toplumyna görä Tutuş ykdysadyýet 8642 100 Х 111719 100 Х şol sanda: oba senagat toplumy 3132 36,2 100 32622 29,2 100 I ýaýraw 268 3,1 8,5 8491 7,6 26,0 II ýaýraw 1574 18,2 50,3 10054 9,0 30,8 III ýaýraw 1246 14,4 39,8 13071 11,7 40,1 Infrastruktura 44 0,5 1,4 1006 0,9 3,1 Tablisa görkezilen ýyllar boýunça Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary esasynda düzülendir Maglumatlardan görnüşi ýaly, 2013-nji ýylda 2000-nji ýyl bi len deňeşdirilende, oba senagat toplumynyň jemi önüminiň möçberi 10,4 esse köpeldi, şonda onuň tutuş ykdysadyýetdäki tutýan paýy 36,2%-den 29,2%-e çenli azaldy. Oba senagat toplumynda ykdysady ýet boýunça jemi önümiň 30%-e golaýy öndürilýär, esasy önümçilik 94 serişdeleriniň 30%-den gowragy jemlenendir, ýurduň ykdysadyýetin de işleýänleriň ýarpysyna golaýy zähmet çekýär. Oba senagat toplumy kemala geldigiçe, onuň ýaýrawlarynyň mundan beýläk-de ösmegi dowam edýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we oba hojalygy üçin önümçilik serişdelerini ön dürýän pudaklar has ýokary depginler bilen ösýär. Meselem, 2013-nji ýylda oba senagat toplumynyň oba hojalygyny önümçilik serişdeleri bilen üpjün edýän I ýaýrawynyň önüm çykarmakdaky tutýan paýy 26,0%, III ýaýrawyň paýy bolsa 40,1% boldy. Oba senagat toplumynyň ykdysady esasyny oba hojalygyna maddy hyzmatlary edýän ýaýraw däl-de, oba hojalygynyň özi düzýär. Emma onuň paýyna ýurduň jemi içerki önüminiň 9,0%-i, esasy önüm- çilik serişdeleriniň 25,2%-i düşýär, bu pudakda ykdysadyýetdäki ähli işleýänleriň 42,3%-i zähmet çekýär. Bu görkezijilerde oba senagat toplumynyň işleýşiniň ykdysady esasy beýanyny tapýar, ýagny oba ho jalygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, oňa serişde üpjünçiligi ba batynda hem, pudagyň önümlerini gaýtadan işläp, ahyrky sarp edijilere zaýasyz ýetirmekde hem tagalla edilmegi möhüm ugur bolup durýar. Oba senagat toplumynyň düzümine gallaçylyk, pagtaçylyk, et- süýt, miwe-gök önüm, üzümçilik ýaly möhüm kiçi toplumlar girýär. Kiçi toplumlaryň içindäki özara baglanyşyklaryň, olaryň her biriniň tutuş toplumyň düzümindäki ornunuň we ähmiýetiniň öwrenilmegi ýer-suw, maddy, maliýe we zähmet serişdeleriniň peýdalanylyşyny rejeli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu hem öz gezeginde tutuş oba senagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýurduň oba senagat toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin toplumlaýyn maksatnama esasynda göz öňünde tutulýan degişli pudaklary dolandyrmaga bolan pudaklaýyn we sebitleýin çemeleş meleri utgaşdyrýan ykdysady we guramaçylyk çäreleri amala aşyryl malydyr. Şol çäreler toplumyň ähli düzüm birlikleriniň öz aralarynda deňölçegli ösdürilmegine gönükdirilmelidir. Bu iş iri kärhanalaryň derejesindäki oba senagat goşulyşmasy, şonuň ýaly-da oba senagat toplumyny dolandyrmagyň bütin ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen ugurdaş alnyp barylmalydyr. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling