B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet67/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Birinjiden, durmuş-ykdysady, şeýle hem syýasy düşünjelerden 
ugur alyp aýdanyňda, daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ähmiýe­
tini özgertmek bilen bagly zerurlyk ýüze çykýar. Şol gatnaşyklar 


106
Türkmenistanyň hojalygynyň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli 
goşulyşmagy esasynda önümçiligiň çaltlandyrylmagyna güýçli itergi 
ber ýän ýagdaýa öwrülmelidir. Daşary ykdysady aragatnaşyklar ýur­
duň ykdysady ösüşine öz täsirini ýetirýär, munuň özi teoretiki esasla­
ryň we amaly binýadyň işlenip taýýarlanmagyna hem-de önümçiligiň 
maddy ulgamynyň ugrunyň oňaýly we amatly, ykdysady taýdan neti­
jeli bolmagyna badalga berýär.
Ikinjiden, Türkmenistan GDA ýurtlary we dünýä ulgamyndaky 
döwletler bilen gorizontal we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanma­
gyny ugur edinýär. Munuň özi her bir döwletiň özygtyýarlylygyny we 
garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň esasy özeni bolup hyzmat eder, gol 
çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar bolsa, iki ýurduň söwda-ykdysady, 
maýa goýumlary, medeniýet we ylmy-tehniki ugurlar boýunça özara 
peýdaly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňaýly täsirini ýetirer.
Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilme­
gini ugur edinýär, ýöne, munuň özi sebit derejesinde hyzmatdaşlyk 
edilmegine ýol berilmeýändigini aňlatmaýar. Iň esasy ýagdaý, şol 
hyzmatdaşlygyň özara peýdaly bolmagyndan ybaratdyr. Şunda çeýe, 
sazlaşykly görnüşde goşulyşmagy ugur edinýän ýurtlar bilen özara 
gatnaşyklaryň nusgasy (modeli) Türkmenistanyň ykdysady bähbitle­
rine has dolulygyna laýyk gelýär.
Üçünjiden, bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerdeTürkmenis­
tanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen düýp­
li özgertmeleri amala aşyrmak üçin, milli hojalyga degişli düzümi 
dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak zerur diýlip hasaplanýar. 
Daşary ýurt maýalyk goryny önümçiligiň maddy ulgamynyň düzümi­
niň (strukturasynyň) gaýtadan guralmagyny, onuň tehniki-tehnologik 
derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we işlenip taýýarlanýan önümle­
riň hil bilen bagly ölçegleriniň (parametrleriniň) kämilleşdirilmegini 
çaltlandyrmakda wajyp ähmiýete eýe bolup biler.
Daşary ýurt maýalyk goryny, esasan, gös-göni maýa goýumlary 
görnüşinde çekmek maksadalaýyk bolar. Daşary ýurt maýalyk gory­
nyň çekilmegi durmuş-ykdysady taýdan wajyp ähmiýetli wezipeleriň 
berjaý edilmegine badalga bermek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň 
eksporta degişli kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berer.


107
Bu düzümi döwrebaplaşdyrmagyň birinji tapgyrynda çig mal 
bilen iş salyşýan pudaklara, ýeňil we azyk senagatyna aýratyn üns 
berilmelidir, çünki şolarda işlenip çykarylýan önümleriň hiliniň hal­
kara derejesine ýetirilmegi üçin, uly möçberli maýa goýumlarynyň 
gönükdirilmegi talap edilmez. Galyberse-de, bu pudaklarda maýalyk 
gory çalt aýlanýar hem-de köp sanly kiçi we ortaça derejedäki kärha­
nalary döretmek üçin amatly mümkinçilikler bar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling