B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Harytlaryň zerur görnüşleriniň eksporty
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
Harytlaryň zerur görnüşleriniň eksporty
harytlar 2000 ý. 2013 ý. sany ABş- nyň mln doll. jemi, % sany ABş- nyň mln doll. jemi, % Jemi Х 2506 100 Х 18854,2 100 Tebigy gaz, mlrd kub m 33,6 1244,4 49,7 40,7 12580,0 66,7 Nebit mln t. 1,7 241,9 9,6 3,0 2140,5 11,4 Nebit önümleri, mln t 2,7 513,1 20,5 3,7 2756,6 14,6 Elektrik energiýasy, mlrd. kWt∙sag 0,9 16,4 0,6 2,9 82,4 0,4 Pagta-süýüm, müň t 213,2 223,5 8,9 269,9 452,7 2,4 Nah matalar, mln in. m 19,6 29,5 1,2 105,3 59,9 0,3 Haly we haly önümleri, müň in. m 19,3 2,0 0,1 0,8 0,1 0,0 Beýleki harytlar Х 235,2 9,4 Х 782,0 4,2 Çeşmeler: (35, s. 109); (40, s.152). Eksporta ugradylýan beýleki harytlaryň arasyndan pagta süýümi niň paýy 2000-nji ýylda has köp bolup 8,9%, 2013-nji ýylda – 2,4% boldy. Pagta süýümini, esasan, Türkiýe, Şweýsariýa, Eýran, Päkistan, Beýik Britaniýa we Gonkong ýaly ýurtlar aldy, süýümi satmak arkaly alnan serişdeleriň agramly bölegi şol ýurtlaryň paýyna düşdi. GDA ýurtlaryndan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan ybarat bolan toplum lar boýunça eksportyň düzümi birmeňzeş däldir. Eger pagta süýümi, esasan, dünýäniň beýleki ýurtlaryna eksport edilen bolsa, GDA ýurt laryna tebigy gaz ugradylýar. Nebit önümleriniň we elektrik energiýa synyň eksporty boýunça hem şonuň ýaly ýagdaýlar emele gelýär. 2000-nji ýylda Türkmenistan (20-nji tablisa) eksport boýunça Russiýa bilen has köp möçberdäki işleri amala aşyrdy, tutuş ekspor tyň 41,1%-i Russiýanyň, 16%-i Italiýanyň, 9,7%-i Eýranyň, 7,4%-i 101 Türkiýäniň we 6,6% Ukrainanyň paýyna düşdi. 2013-nji ýylda ýagdaý şeýle görnüşe eýe boldy: ähli eksportyň 38,8%-i Hytaý, 20,1%-i Rus siýanyň, 12,5%-i Italiýa, 11%-i Eýran we 2,7%-i Türkiýäniň paýyna düşdi. Türkmenistanyň önümleri dünýäniň 60-dan gowrak döwletine eksport edildi. Ýurduň mundan beýläk-de eksportyň möçberini ýokarlandyrmak üçin aşakdakylaryň hasabyna iş ýüzünde doly amala aşyrylmalydyr: 1. Eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly eksportyň ösüş mümkinçiligini artdyrmak. 2. Eksport edilýän milli önümleriň bäsdeşlik ukyplylygyny ýokarlandyrmak. 3. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň netijeli görnüşini ulanmak. 4. Geljegi bar bolan önümçiligi goldamak. 5. Garyşyk döwlet-täjirçilik taslamalary işlemek. 6. Hususy, şol sanda innowasion tehnologiýalaryň we önümleriň özleşdirilmegindäki daşary ýurt maýa goýumlaryň akymy üçin gura maçylyk-hukuk we gaýry şertleri döretmek. 2013-nji ýylda maşynlar, enjamlar we mehanizmler (26,3%), ulag serişdeleri (7,7%), gymmat bolmadyk metallar we şolardan ýasalan zatlar (16,3%), himiýa senagatynyň önümleri (4,7%), plastmassa we olardan taýýarlanylan zatlar (3,6%) Türkmenistana import boýunça getirilen esasy önümlerdir. Munuň özi importyň umumy möçberiniň 58,6% barabardyr (22-nji tablisa). Türkmenistana import boýunça getirilen beýleki önümler ýan- gyç-energetika toplumynyň önümlerinden, dokma önümlerinden, sarp ediş bazarynyň harytlaryndan, elektrik harytlaryndan we aragat naşyk serişdelerinden, temmäki önümlerinden, gurluşyk materialla ryndan, dermanlyk serişdelerden we beýleki harytlardan ybaratdyr. 2000-nji ýylda Türkmenistan (20-nji tablisa) import boýunça Russiýa bilen has köp möçberdäki işleri amala aşyrdy, tutuş importyň 14,3% Russiýanyň, 14,2%-i Türkiýäniň, 12%-i Ukrainanyň, 8,2%-i Birleşen Arap Emirlikleriniň we 8,1%-i Ýaponiýanyň paýyna düşýär. 2013-nji ýylda tutuş importyň 26,4%-i Türkiýäniň,13,5%-i Hytaýyň, 9,5%-i Birleşen Arap Emirlikleriniň, 8%-i Russiýanyň we 7%-i Eýra nyň paýyna düşdi. 102 Şeýlelikde, daşary ýurtlar ykdysady aragatnaşyklar boýunça emele gelen ýagdaý eksporta degişli amallaryň yzygiderli ýagdaý da artmagy we import boýunça getirilýän harytlaryň azalmagy bilen şertlendirilendir. Şunda oňyn tapawut (saldo) saklanyp galýar, munuň özi Türkmenistanyň daşary söwda degişli syýasatynyň durmuşdaky hakyky ýagdaýdan ugur alnyp ýöredilýändigine şaýatlyk edýär. 22-nji tablisa Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling