B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet68/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Dördünjiden, kärhanalaryň özbaşdaklygyny mundan beýläk-
de giňeltmek dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm 
ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar, munuň özi kärhananyň 
döwlet tabşyrygyndan artyk öndüren önümlerini eksporta erkin 
ugratmagyny; walýuta görnüşindäki girdejilerini daşary ýurt bankla­
rynda goýmagyny we daşary ýurtlara maýa goýumlary hökmünde 
gönükdirmegiň başga görnüşleri boýunça ulanmagyny üpjün etmelidir.
Ykdysady özgertmäniň belli bir ugry hökmünde daşary ykdysady 
işleri döwrebaplaşdyrmak walýuta serişdelerini differensirlenen gör­
nüşde geçirmegiň kadasyndan hem-de hojalygy ýöredýän subýektleriň 
we raýatlaryň walýuta görnüşindäki girdejileri boýunça ýeke-täk salgyt 
kadasynyň ulanylmagyndan ýüz öwrülmegini göz öňünde tut ýar.
Bäşinjiden, GDA ýurtlary we dünýä ulgamyndaky döwletler 
bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek 
üçin “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyl­
lar üçin Milli maksatnamasynda” ýurduň eksportyny diwersifikasiýa 
etmek, eksportyň düzüminde taýyn önümleriň paýyny artdyrmak; im­
porta degişli harytlaryň birnäçesiniň paýyny artdyrmak maksady bi­
len ýerli önümleriň möçberlerini artdyrmak ýaly çäreleriň birnäçesini 
amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şol bir wagtyň özünde, söwda boýunça uzak möhletleýin yla­
laşyklary kämilleşdirmek we bularyň ähmiýetini artdyrmak, daşarky 
söwdadaky nyrhlary emele getirmegiň kadalarynyň ulgamyna degişli 
meseleleri toplumlaýyn öwrenmek, dünýä bazarynyň ösüşini çakla­
mak we halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki meseleleri bilen bagly 
çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.


108
şeýlelikde, daşary ykdysady aragatnaşyklary döwrebaplaşdyr­
mak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça belle­
nilen maksatlara ýetmekde, aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolar hem-de 
ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagyna, ykdysady ösüş depginle­
riniň ýokarlandyrylmagyna, sarp ediş bazaryndaky harytlar babatda 
bildiril ýän islegleriň kanagatlandyrylmagyna we Türkmenistanyň ila­
tynyň ýaşaýyş derejesiniň ösdürilmegine ýardam berer.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling