B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet71/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Bazaryň işlemeginiň şertleri
Bazaryň öz wezipelerini hakykat ýüzünde ýerine ýetirmegi üçin 
belli bir şertler zerurdyr. Olaryň has möhümleri aşakdakylardan yba­
ratdyr:
• ykdysady subýektleriň garaşsyzlygy, olaryň gepleşikleri baglaş­
maga we öz girdejilerine ygtyýar etmäge hakly bolmagy;
• satyjylar we satyn alyjylar üçin iş salşylýan garşydaşlaryň bol­
mak mümkinçiligi. Şonda azyndan birnäçe bäsdeşiň bolmagy gerek, 
ýogsa monopoliýa ýagdaýy ýüze çykýar;
• bazar hakynda onuň subýektleriniň habarly bolmagy;
• hojalyk subýektleriniň öz harytlaryna özleriniň nyrh bellemek 
hukugy. 
Ykdysadyýetiň taryhy bazary buýruk bilen ýöredip bolmaýan­
dygyna şaýatlyk edýär. Onuň emele gelmegi obýektiw hadysadyr. 
Oňaýly şert döretmek arkaly oňa täsir edip bolýar. Bu babatda näme 
edilmegi gerek diýlende, şulary aýratyn bellemek bolar: 
• iş ýüzünde eýeçiligiň we hojalyk ýöretmegiň köp dürli gör­
nüşiniň bolmagyny üpjün etmeli. Şonda olaryň deňhukuklylygy we 
sagdyn bäsdeşlik haryt önümçiligi ulgamynyň obýektiw esasyny we 
degişli ykdysady gurşawy döredýär;


113
• ykdysadyýetiň gytçylygyny ýeňip geçmeli. Munuň üçin milli 
hojalygyň düzüminiň kämilleşdirilmegi zerur;
• karz we pul ulgamlaryny sagdynlaşdyrmaly, hümmetsizlenmä­
ni durnuklaşdyrmaly hem-de onuň kadaly çygra girizilmegi boýunça 
çäreleri görmeli;
• mümkin boldugyça nyrhlaryň bazar arkaly düzgünleşdirilme­
gine geçmeli. Nyrhlaryň ýokarlanmagynyň öňüni alýan esasy şerti 
bazaryň doýgunlygy esasynda haryt öndürijileriň arasyndaky sagdyn 
bäsdeşlik bolmaly; 
• diňe bir önümçiligi däl, eýsem, söwdany, karz hyzmatlaryny
ylmy üpjünçiligi hem monopoliýadan saplamaly. Munuň özi öndüri­
jiniň bähbitleriniň agalyk etmeginden dynmaga, bazarda satyn alyjy­
nyň isleginiň ileri tutulmagyna mümkinçilik berýär;
• bazary açyk ýaýrawa, ýagny dünýä bazarynyň bir bölegine 
öwürmeli. Şonsuz milli hojalygyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşma­
gy mümkin däldir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling