B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Hödürleme – bu belli bir wagtyň dowamynda belli bir nyrh  boýunça satuwa çykarylýan harytlaryň mukdarydyr. Bäsdeşlik


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet74/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Hödürleme – bu belli bir wagtyň dowamynda belli bir nyrh 
boýunça satuwa çykarylýan harytlaryň mukdarydyr.
Bäsdeşlik – biri-birlerine gabat gelmeýän bähbitler boýunça 
özara garşy durmak ýa-da harytlary we hyzmatlary öndürijileriň


116
bazardaky amatly aluw-satuw şertleri ugrunda aňrybaş peýda gazan­
mak maksady bilen öz aralarynda ýaryşmagydyr. Satyjylaryň we sa­
tyn alyjylaryň köp sanlysynyň bolmagy bazara erkin aralaşmak we 
ondan çykmak üçin mümkinçilik berýär.
Bäsdeşligiň iki sany görnüşi bar. Pudak içersindäki bäsdeşlik 
önümçiligiň bir pudagynyň içersindäki telekeçileriň aralarynda has 
köp peýda gazanmak ugrundaky göreş netijesinde ýüze çykýar. Pu-
dagara bäsdeşlik önümçiligiň dürli pudaklaryndaky telekeçileriň ara­
larynda maýa goýmagyň has amatly şertleri ugrundaky göreş netije­
sinde emele gelýär. 
Bäsdeşlik göreşiniň usullary hökmünde nyrh bäsdeşligi we nyr­
ha dahylsyz bäsdeşlik çykyş edýär. 
Nyrh basdeşligi önümçilik harajatlaryny azaltmak we harytlaryň 
aýry-aýry görnüşlerini, önümleriň sanawyny we hilini üýtgetmezden, 
olaryň nyrhlaryny peseldip satmak arkaly goşmaça peýda görmek 
ugrunda telekeçileriň arasyndaky ýaryşy aňladýar. 
Nyrha dahylsyz bäsdeşlik şulary öz içine alýar:
• harydyň hil sypatlarynyň üýtgedilmegi;
• harytlara hil taýdan täze sypatlaryň berilmegi;
• islegleriň täze görnüşlerini kanagatlandyrmak üçin harydyň täze 
görnüşiniň döredilmegi;
• harydyň häsiýetleriniň moda, ýörgünlilige laýyklykda täzelen­
megi;
• harydyň ýany bilen amala aşyrylýan hyzmatlaryň kämilleşdiril­
megi – gowy edip görkezmek, oturdyp bermek, kepillikli abatlaýyş 
we başgalar. 
Bäsdeşlik bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýçleriniň 
biridir. Ol önümçiligi ösdürmegiň we onuň netijeliligini ýokarlan­
dyrmagyň kuwwatly höweslendirijisi bolup hyzmat edýär. Şol my­
nasybetli harytlaryň ägirt köp dürlüligi we sarp edijiler tarapyndan 
olary saýlap almagyň giň mümkinçilikleri döreýär. Emma bäsdeşlik 
mydama telekeçileriň öz aralarynda ýapyk ýagdaýda ylalaşmak we 
olaryň ykdysady kuwwatlarynyň bir ýere aşa köp jemlenmek howpy 
astynda durýar. 


117

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling