Monopolistik bäsdeşlik bazarynyň aýratynlyklary:
• bir meňzeş harytlary öndürýän we hyzmatlary ýerine ýetirýän
kärhanalaryň sanynyň köp bolmagy;
• nyrhlara täsir etmegiň harytlaryň bir görnüşini beýlekilerine
çalyşmak mümkinçiligi arkaly çäklendirilmegi;
• bazara aralaşmaklyk we ondan çykmak birneme ýeňil bolup,
harytlaryň we hyzmatlaryň özboluşly bazarlar üçin dürli görnüşde
bolmagy.
Oligopoliýa – bu ýagdaýda az sanly satyjylara bazarda hukuk
berilýär.
Oligopoliýa bazarynyň aýratynlyklary:
• bir meňzeş harytlary öndürýän we hyzmatlary ýerine ýetirýän
iri kärhanalaryň bolmagy;
• nyrh babatyndaky “öňbaşçynyň” täsiriniň ýüze çykmagy;
• harytlaryň dürli görnüşde bolmagy;
• bazara aralaşmagyň kyn bolmagy we köp maýa goýumlaryny
talap etmegi.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Bazaryň nähili kesgitlemelerini bilýärsiňiz? Olar barada düşündiriş
beriň.
2. Bazaryň döremegine haýsy şertler degişli?
3. Bazar haýsy wezipeleri ýerine ýetirýär?
4. Bazaryň işlemegine nähili şertler täsir edýär?
5. Bazaryň nähili subýektleri we obýektleri bar?
6. Öý hojalygy düşünjesi barada gürrüň beriň.
7. Kärhana nähili ykdysady birlik?
8. Döwlet haýsy ykdysady wezipeleri ýerine ýetirýär? Olaryň käbirleri-
ne mysal getiriň.
9. Bazaryň öz-özüni dolandyryşynyň mehanizmi barada gürrüň beriň.
10. Häzirki zaman bazarynyň haýsy nusgalaryny bilýärsiňiz? Olaryň
manysyny gysgaça düşündiriň.
11. Häzirki zaman bazarynyň nusgalarynyň biri-birinden nähili aýratyn-
lyklary bar?
12. Bazaryň bir nusgasyny mysallaryň üsti bilen düşündirmäge
synanyşyň.
119
Х.
BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ IşLEMEGI
Do'stlaringiz bilan baham: |