B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet84/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetine üznüksiz önümçi­
ligi düzgünleşdirmekde we durmuş meselelerini çözmekde döwletiň 
ornunyň uly bolmagy mahsusdyr. Döwletiň durmuş syýasaty jemgy­


128
ýetiň ähli agzalary babatynda ýöredilýär. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi, 
girdejileriniň derejesi, aýry-aýry halatlarda nyrhlar düzgünleşdirilýär. 
Şonda döwletiň kadalaşdyryş wezipesi hojalyk işiniň diňe makrode­
rejesine däl, eýsem, mikroykdysadyýetiň subýektlerine-de ýaýradyl-
ýar. Durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti Şwesiýa, Germaniýa, 
Awstriýa ýaly ýurtlara, şeýle-de Türkmenistana hem mahsusdyr. 
Soraglar we ýumuşlar:
1. Bazar we bazar ykdysadyýet diýen düşünjeleri aýyl-saýyl etmäge 
çalşyň.
2. Bazar ykdysadyýetiniň esasy görnüşleri haýsylar?
3. Bazar ykdysadyýetiniň baş maksady nämeden ybarat?
4. Bazar ykdysadyýetiniň bölekleri barada düşünje beriň.
5. Bazaryň ykdysady düzümi nähili kesgitlenýär we haýsy alamatlary 
boýunça toparlara bölünýär?
6. Bazarlaryň esasy görnüşleri haýsylar we olar barada gürrüň beriň.
7. Bazar ykdysadyýetiniň nähili artykmaçlyklary we kemçilikleri bar 
hem-de olaryň tapawudyny açyp görkezmäge synanyşyň.
8. Bazar ykdysadyýeti nähili netijeli işlemeli?
9. Bazar ykdysadyýetiniň haýsy nusgalaryny bilýärsiňiz?
10. Bazar ösüşiniň liberal nusgasyna näme mahsus?
11. Durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň nähili aýratynlyklary bar?
12. Türkmenistana mahsus bolan bazar ykdysadyýetiniň nusgasyny 
häsiýetlendiriň.
ХI. 
BAZAR GATNAşYKLARYNYŇ MEHANIZMI
§1. Bazar we bazar gatnaşyklary
Haryt önümçiligi ösdügiçe bazaryň özi-de, ol baradaky düşünje-
de çylşyrymlaşýar. Bazar düşünjesini sözüň giň we dar manylarynda 
bermek bolýar. Giň manydaky bazar – bu jemgyýetçilik önümçiligi­
niň ähli ýaýrawlarynda hereket edýän ykdysady gatnaşyklaryň ýüze 
çykmagynyň belli bir ulgamydyr. Dar manydaky bazar munuň 
özi harytlaryň aýlanyş ýaýrawdyr, şonda hojalyk işiniň satmak üçin 
niýetlenilen, işlerini we hyzmatlaryny hem goşmak bilen, isleg ödeýiş 
gymmatyna eýe bolan önümleri satuwa çykarylýar. 


129
Bazar diňe bir ykdysady, syýasy, durmuş däl, eýsem, moral-etik 
mazmuna eýe bolan köptaraplaýyn düşünjedir. Ol ahyrky maksat bol­
man, eýsem, ýurduň ýokary netijeli ykdysadyýetini berkarar etmek, 
ylmy-tehniki ilerlemäniň soňky gazananlaryny peýdalanmak üçin gu­
ral bolup hyzmat edýär. 
Türkmenistanda döwrüň talaplaryna gabat gelýän bazar 
gatnaşyk larynyň esaslandyrylmagy ýönekeý iş däl. Bu ýerde çylşy­
rymly meseleler we çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykýar. Geljegiň nus­
gasyny obýektiw kanunalaýyklyklardan we ýurduň durmuş-ykdysady 
ösüşiniň emele gelen ýagdaýyndan ugur alyp düzmek mümkin. Bu 
babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: 
– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetiň 
düzgünleşdirilýän bazar nusgasy baradaky taglymatynyň öňdengörü­
jilikli, adalatly we parasatly häsiýete eýedigini aýratyn belläp geçmek 
zerurdyr–diýip belleýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanda bazar gatnaşyklarynyň häsiýeti jem­
gyýetçilik gurluşynyň ykdysadyýet, syýasat, aňyýet aýratynlyklaryn­
dan gelip çykýar.
Bazar nazaryýeti nukdaýnazaryndan satyjylar bilen satyn alyjy­
laryň arasyndaky bazar gatnaşyklarynyň umumy çyzgydy arabagla­
nyşyklaryň şu ulgamy görnüşinde emele gelýär: haryt we onuň nyr-

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling