§6. Bazar ykdysadyýetiniň nusgalary
Dünýä tejribesinde bazar ykdysadyýetiniň ýeke-täk nusgasy
ýokdur. Olaryň özboluşlylygy belli bir ýurduň ösüşiniň taryhy aý
ratynlyklaryna, onuň ykdysady ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik
düzüm birlikleriniň mynasybetine, jemgyýetçilik ösüşiniň ileri tu
tulýan ugurlarynyň saýlanyp alnyşyna bagly bolup durýar. Munda
köplenç, bazar ykdysadyýetiniň amerikan, ýapon, german we şwed
nusgalary saýlanyp alynýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň
döwlet kadalaşdyrylyşy” okuw gollanmasynda hem olar barada bel
läp geçdi.
Amerikan nusgasy. Bu nusga “kapitalizmiň liberal nusgasy”
diýen ada eýe boldy. Onuň häsiýetli aýratynlygy şulardan ybaratdyr:
• döwlet eýeçiligine degişli böleginiň az bolmagy;
• döwletiň ykdysadyýeti düzgünleşdirmäge doly gatyşmazlygy;
• telekeçiligiň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegi;
• ilatyň ýokary we pes gatlaklara bölünmegi;
• kärhanalaryň dolandyryjylary bilen işgärleriň arasynda iş haky
nyň derejesi boýunça uly tapawudyň bolmagy;
• üpjünçilik taýdan pes ilatyň ýaşaýyş derejesiniň oňuşarlykly
bolmagy.
Ýapon nusgasy. Ýapon nusgasynyň esasy görnüşlerine aşakda
kylar degişlidir:
• milli ykdysadyýetiň esasy ösüş ugurlaryna döwletiň ýokary de
rejede täsir etmegi;
• kärhanalarda işgärleri ömürlik hakyna tutmanyň giňden ýaýra
magy, olaryň umumy bähbitler esasynda birleşmegi, işgärleriň dolan
dyryşa we çözgüt kabul edilişine çekilmegi;
• kärhanalaryň dolandyryjylary we hünärmenleri bilen işgärleri
niň arasynda iş hakynyň derejesi boýunça uly tapawudyň az bolmagy;
• durmuşa gönükdirilen nusgadyr. Döwlet durmuş deňsizligine
garşy göreş alyp barýar, raýatlar kesellän, işsiz galan, pensiýa çykan
halatlarynda olaryň durmuş hukuklarynyň berjaý edilmegine gözeg-
çilik edýär. Işleýänleriň durmuş taýdan meseleleriniň çözülmegi
boýunça borçlar korporasiýalara we kärhanalara ýüklenýär.
127
Do'stlaringiz bilan baham: |