B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


hy – pul –täze haryt we onuň täze nyrhy


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet85/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

hy – pul –täze haryt we onuň täze nyrhy. Şol çyzgytdan, birinjiden, 
bazary emele getirmek, ýagny dükanlary we ammarlary harytlar bilen 
doldurmak, ikinjiden, gerekli harydy satyn alyp bolýan berk hüm­
metli puly herekete girizmek zerurlygy gelip çykýar. Şonuň bilen 
baglylykda bazar gatnaşyklarynyň kadaly işlemeginden ötri harytla­
ryň arasy üzülmän aýlanmagy (aluw-satuwy) üçin zerur mukdardaky 
pulyň bolmagy talap edilýär. 
Bazaryň kadaly işlemeginiň ugur alyş şertleriniň biri şundan 
ybarat, ýagny girdejileriň (harytlara bolan tölege ukyply hyrydarly­
gyň) ösüşi önümçiligiň, degişlilikde harytlaryň we tölegli hyzmatla­
ryň hödürlenişiniň hem ösüşinden ozup geçmeli däldir. 
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde hojalygy alyp barmagyň ýörel­
geleri hakynda gürrüň edilýän mahalynda ykdysady hadysalaryň öz 
akymyna görä ösýändigini, dolandyryşyň täsirine ujypsyz derejede 
sezewar bolýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin bazar ykdysady­
9. Sargyt №50


130
ýetini dolandyrmak babatynda diňe kadalaşdyrýan bazar gatnaşykla­
rynyň ýola goýulmagy ýerliklidir.
“Kadalaşdyrýan bazar gatnaşyklary” diýen düşünje meselä­
niň düýp mazmunyny öz-özünden açyp görkezmeýär. Bu düşünjäniň 
esasynda gatnaşyklaryň üç sany özara baglanyşykly toparyny gurşap 
alýan ykdysady gatnaşyklar nusgasy göz öňüne getirilýär.
Birinji topara bazar gatnaşyklary degişli bolup, olar üçin saty­
jylaryň we satyn alyjylaryň erkin gözlenmegi, bäsdeşlik, nyrhlaryň 
degişli özgermesi häsiýetlidir. 
Ikinji topar – bu ykdysady hadysalary döwlet tarapyndan ka­
dalaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklardyr. Bu düzgünleşdiriş, 
ozaly bilen, ykdysady usullary ulanmak arkaly, hususan-da, salgyt, 
maliýe we karz syýasatlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Gatnaşyklaryň üçünji toparyna durmuş goraglylyk ulgamy de­
gişli bolup, ol hem köp dürlülik häsiýetine eýedir. Oňa, ozaly bilen, 
ilatyň mätäçlik çekýän gatlaklaryna hemaýat edilmegi, puluň hüm­
metsizlenmeginden, bazar ýagdaýynyň üýtgemeginden, işsiz galmak 
mümkinçiliginden goralmagy degişlidir.
Bazar mehanizmi düýbünden ulanylmaýan ykdysadyýetiň hiç 
ýerde ýokdugyny dünýä tejribesinden görmek bolýar. Diýmek, bazar 
ýoluna düşülmegi ykdysady ösüş boýunça öňde goýulýan maksatlara 
ýetmegiň guralydyr.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling