B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
§2. Bazar mehanizminiň esasy bölekleri
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- §3. Bazaryň düzüm birlikleriniň esasy kysymlary
§2. Bazar mehanizminiň esasy bölekleri
Islendik bazar, onuň anyk görnüşine bagly bolmazdan, üç sany esasy bölege daýanýar, olara nyrhlar, hyrydarlyk we hödürleme, bäs deşlik degişlidir. Bazar mehanizminiň hut şu esasy bölekleri has jik me-jik seljerilip görülmegine mynasypdyr. Bellenip geçilişi ýaly, olaryň birinjisi nyrhlardyr. Nyrhlaryň üýtgemegi öndüriji üçin tehnologik işiň ugruny saýlap almakda we önümçiligiň möçberini üýtgetmegiň zerurlygyny esaslandyrmakda nazarlanyş nokady bolup hyzmat edýär. Bazar mehanizminiň ikinji elementi hyrydarlyk we hödürleme bolup durýar. Hyrydarlyk bilen hödürlemäniň arasyndaky mynasybe tiň üýtgemegi bazar nyrhlarynyň deňagramlylyk nyrhy diýilýäniniň 131 töwereginde üýtgäp durmagyna getirýär. Şol üýtgäp durmalaryň üsti bilen nyrhlaryň, hyrydarlygyň we hödürlemäniň deňeçerligi, ahyrso ňunda hem önümçiligiň we sarp edişiň deňeçerliginiň üpjün edilýän derejesi emele gelýär. Üçünji bölegi bäsdeşlikdir. Her bir telekeçiniň maksady gazanyl- ýan peýdanyň köp bolmagyndan, şonuň üçinem hojalyk işiniň geri miniň giňeldilmeginden ybaratdyr. Munuň özi gutulgysyz ýagdaýda telekeçileriň harytlary öndürmegiň we ýerleşdirmegiň has peýdaly şertleri ugrunda, önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagy ugrunda öň aralarynda göreşe girişmeklerine getirýär hem-de olar biri-birleri babatynda bäsdeş, ýaryşdaş bolup çykyş edýärler. Bäsdeşlik bazar mehanizminiň zerur bölegidir. Emma onuň hä siýeti dürli-dürli bolýar, bu hem bazar deňagramlylygyny gazanma gyň usulyna düýpli täsir edýär. §3. Bazaryň düzüm birlikleriniň esasy kysymlary Bazar bäsdeşligi häsiýetindäki tapawutlar bazaryň dürli düzüm birlikleriniň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Olar biri-birlerinden şol bazarda hereket edýän subýektleriň sany we ululygy, olar tarapyn dan satuwa çykarmak üçin öndürilýän önümleriň häsiýeti, bazara täze sub ýektleriň aralaşmak we ondan çykmak mümkinçilikleri bilen, şo nuň ýaly-da, ykdysady çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan mag lumatlaryň elýeterliligi bilen tapawutlanýarlar. Bazar mehanizmi erkin we kämil bäsdeşlik şertlerinde has neti jeli işleýär. Şonda bazardaky ýagdaý şu alamatlar bilen häsiýetlenýär: • satyn alyjylaryň we satyjylaryň köp bolmagy; • önümçilik şertleriniň ýokary derejedäki hereketjeňligi; • bazara aralaşmakda we ondan çykmakda päsgelçilik bolmazlygy; • satylýan önümleriň hiliniň bir (standartlaşdyrylan) bolmagy; • ähli hojalyk subýektleri üçin bazar baradaky maglumatlara deň derejedäki elýeterliligiň bolmagy. Eger kämil bäsdeşligiň ýekeje alamaty ýetmeýän hem bolsa, şo nuň ýaly bazar düzümine kämil däl bäsdeşlik mahsusdyr. Kämil däl bäsdeşligiň üç sany esasy görnüşi tapawutlandyrylýar: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling