B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
§5. Bazar ykdysadyýetiniň netijeli işlemegi
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
§5. Bazar ykdysadyýetiniň netijeli işlemegi
Bazar ykdysadyýetiniň netijeli işlemegi birnäçe şertleriň bolma gyny göz öňünde tutýar. 1. Şol şertleriň bazaryň hut öz mazmunyndan gelip çykýan esasy birisi hojalyk subýektleriniň ykdysady erkinligi we özbaşdaklygy bo lup durýar. Her bir subýekt haýsy harydy we hyzmaty näçe mukdarda öndürmelidigini, bazaryň ýagdaýyny nazara almak bilen, olary nähili nyrhlar boýunça ýerleşdirmelidigini kesgitläp bilýär. 2. Bazar ykdysadyýeti eýeçiligiň köp dürlüligine daýanmak bi len, netijeli işläp bilýär. Bu şertiň durmuşa geçirilmegi, birinjiden, ykdysadyýetiň aýry-aýry böleklerinde eýeçiligiň ol ýa-da beýleki görnüşleriniň has netijelidigini ýüze çykarmaga, ikinjiden, şahsyýete hojalyk işiniň belli bir görnüşini saýlap almak hukugyny amala aşyr maga mümkinçilik berýär. 3. Bazar ykdysadyýetiniň esas goýujy sypatlarynyň biri hökmün de sagdyn bäsdeşlige goldaw bermegiň zerur şerti harytlary öndür mekde we ýerleşdirmekde monopolizm hadysalaryna ýol berilmezligi bolup durýar. 4. Bazar ykdysadyýetiniň işlemegi bazar nyrhlarynyň harytlara we hyzmatlara bolan hyrydarlygyň we hödürlemäniň üýtgäp durýan mynasybetiniň täsiri astynda emele gelmegini göz öňünde tutýar. 5. Sarp edijiniň bähbitleriniň öňe tutulmagy. Gytçylykly ykdysadyýetde öndürijiniň sarp edijiniň üstünden agalyk etmegi 125 gutulgysyzdyr. Bazar ykdysadyýetinde bazar harytlar bilen doý gun bolan mahalynda sarp ediji bilen satyn alyjynyň arasynda göreş başlanýar, önümçilik şolara nazarlandyrylýar. Sarp edijä na zarlanylmagy bazaryň hakyky we bolup biljek islegleriniň öwre nilmegini talap edýär. 6. Maliýe we pul ulgamynyň durnuklylygy. Bazar ykdysadyýeti niň işleýiş mehanizminde milli pul birligini pugtalandyrmak, döwlet býujetiniň gytçylygyny (defisitini) aradan aýyrmak, öndürijiliksiz çykdajylary kemeltmek, çeýe bank ulgamyny döretmek boýunça karzyň we pul massasynyň netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýän ykdysady usullar göz öňünde tutulmalydyr. 7. Ykdysadyýetiň açyklygy. Bu şert kärhanalara we guramalara bellenen düzgünleri berjaý etmek bilen daşary ykdysady aragatnaşyk- lary ýola goýmaga we daşary ykdysady amallary ýerine ýetirmäge hukuk bermek arkaly durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtly telekeçile rem öz gezeklerinde içerki milli bazarda diňe bir haryt öndürijiler hökmünde däl, eýsem, emläk eýeleri hökmünde-de çykyş etmäge hu kuk alýarlar. 8. Ilatyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi. Ösen bazar ykdysadyýetli ýurtlarda durmuş taýdan goraýyş ulgamy emele ge lendir we öz netijelidigini görkezýär. Ozaly bilen ol ilatyň iş bilen rejeli meşgullygy, işsizlik boýunça kömek puluny tölemek, ilatyň girdejilerini hümmetsizlenmä görä indeksleşdirmek, mätäçlik çekýän raýatlara, çagaly maşgalalara, az girdejili adamlara hemaýat etmek ýaly çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. 9. Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary bilen ýeterlik gurşalyp alynmagy. Haryt, maliýe bazarlarynyň, işçi güýjüniň bazarynyň doly güýjünde işlemegi. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet haryt-çig mal biržasy, zähmet biržalary işleýär. 10. Ösen infrastruktura, ýagny önümçiligiň we adamlaryň ýaşaýşynyň umumy şertlerini üpjün edýän pudaklaryň we hojalyk gulluklarynyň toplumy. Önümçilik we sosial-durmuş infrastruktura lary öz aralarynda tapawutlanýarlar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling