B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Bazar ykdysadyýetiniň bölekleri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet78/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Bazar ykdysadyýetiniň bölekleri
Bazar ykdysadyýetiniň işlemegi tutuşlygyna alnanda, bazar ul­
gamyny emele getirýän belli bir bölekleriniň bolmagyny göz öňünde 
tutýar. 
Bazar ykdysadyýetiniň birinji we iňňän möhüm bölegi hökmün­
de öndürijiler we sarp edijiler çykyş edýär. Olar jemgyýetçulik 
zähmet bölünişiginiň barlygynda, birleriniň haryt öndüren, beýlekile­
riniň bolsa ony sarp eden mahalynda emele gelýärler.
Bazar ykdysadyýetiniň ikinji bölegi ykdysady taýdan aýry-
başgalaşmak bolup durýarol eýeçiligiň hususy we önümçilik bir­
liklerini bilelikde dolandyrmak esasyndaky garyşyk görnüşleri bilen 
şertlendirilendir. 
Üçünjiden bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi nyrhlardyr. 
Nyrh aýratyn öwrenilmäge degişli düşünjedir. Şu ýerde bellemek 
gerek. Birinjiden, nyrh hyrydarlygyň we hödürlemäniň netijesin­
de emele gelýär, olaryň mynasybeti bolsa, bazardaky ýagdaýa görä 
üýtgäp durýar. Ikinjiden, nyrh belli bir geografik sebitde öndürilen 
anyk haryda bazar gatnaşyklarynyň täsir ediş ýaýrawyny kesgitleýär. 
Bu ýaýrawyň çäkleri hem alyş-çalyş bilen baglanyşykly aýlanyşyk 
çykdajylary bilen kesgitlenýär. 
Bazar ykdysadyýetiniň dördünji möhüm bölegi iki zatdan, ýag­
ny hyrydarlykdan we hödürlemeden ybaratdyr. Bazarda hyrydarlyk 


121
harytlara bolan isleg görnüşinde ýüze çykýar. Sarp edijiler harytlary 
emele gelen nyrhlara we öz pul girdejilerine görä satyn alyp bilýär­
ler. Hyrydarlyk we hödürleme bazar mehanizminiň iňňän möhüm 
bölekleri bolmak bilen, maddy nygmatlary öndürijileriň we olary sarp 
edijileriň arasyndaky hemişelik baglanyşygy üpjün edýär. 
Bazar mehanizminiň bäşinji bölegi bäsdeşlikdir. Ol peýdanyň 
aňrybaş köpelmegini we şonuň esasynda hem önümçiligiň gerimi­
niň giňeldilmegini üpjün edýär. Bäsdeşlik bazar subýektleriniň we 
deňölçeglilikleri düzgünleşdiriş mehanizminiň özara täsir edişmekle­
riniň görnüşi hökmünde çykyş edýär. Ol ykdysadyýetiň ilerleýjilikli 
ösüşine itergi berýär. Bäsdeşligiň esasy wezipesi nyrhlar, peýdanyň 
kadasy, bank göterimleri ýaly ykdysady düzgünleşdirijileriň derejele­
rini kesgitlemekden ybaratdyr. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling