B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


 Eýeçilik hukugynyň goralmagy. 2


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet73/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

1. Eýeçilik hukugynyň goralmagy.
2. Maglumatlary alyşmak ýollarynyň döredilmegi.
3. Ölçegleriň standartlarynyň we kadalaryň işlenip düzülmegi.


115
4. Harytlary we hyzmatlary alyş-çalyş etmegiň akabalarynyň 
we mehanizmleriniň emele getirilmegine ýardam berilmegi, ulag we 
beýleki infrastruktura şertleriniň döredilmegi we ş.m.
5. Hukuk goraýyş işi we dawaly ýagdaýlarda “üçünji” tarap 
hökmünde çykyş edilmegi. 
6. Saglygy goraýyş, bilim, ekologiýa ýaly jemgyýetçilik nyg­
matlarynyň önümçiligi;
Döwlet öz telekeçilik işini ykdysadyýetiň döwlete degişli bölegi­
niň üsti bilen alyp barýar. Hususy telekeçiden tapawutlylykda, döwlet 
diňe bir peýda gazanmagy göz öňünde tutman eýsem, tutuş ykdysa­
dyýetiň sazlaşykly işlemegine ymtylýar. 
Öý hojalyklary, kärhanalar we döwlet bazar obýektlerine eýelik 
etmek, olardan peýdalanmak, olary satmak we satyn almak babatyn­
daky gatnaşyklara girişýärler. 
Bazar hojalygynyň obýektleri hökmünde harytlar we hyzmatlar, 
önümçilik şertleri (ýer, önümçilik serişdeleri, işçi güýji) pul, gymmat­
ly kagyzlar, durmuş tölegleri we ş.m. çykyş edýär. 
§5. Bazaryň öz-özüni dolandyryşynyň
mehanizmi
Bazaryň öz-özüni dolandyryşynyň mehanizmi özara baglany­
şykly esasy şertleri öz içine alýar, olara bazar nyrhlary, harytlara bo­
lan hyrydarlyk we harydyň hödürlenişi, bäsdeşlik degişlidir. 
Bazar nyrhlary bazarda hyrydarlygyň we hödürlemäniň my­
nasybetine laýyklykda erkin emele gelýän hakyky nyrhlardyr.
Hyrydarlyk – munuň özi belli bir harytlara bolan tölege ukyply 
islegdir. Ol belli bir wagtyň dowamynda belli bir nyrh boýunça sarp 
edijileriň satyn almaga isleg bildirýän we satyn almaga ýagdaýy bar 
bolan harytlarynyň mukdary bilen kesgitlenýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling