B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
KERIM GURBANNEPESOW
(1929-1988) Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Birinji Gökdepe obasynda dünýä inýär. 1942-nji ýylda şahyryň kakasy Gurbannepes aga aradan çykýar. Atasyz galan maşgalany açlyk, horluk basmarlap ugraýar, onsoň olar garyndaşlarynyň ýanyna – Tejene göçmeli bolýarlar. Urşuň yz ýanlarynda Kerim Gurbannepesow Tejen etrabynda çykýan «Zarpçy» hem-de «Tejen gurluşygy» gazetleriniň redaksiýa- larynda işleýär. K.Gurbannepesowyň ilkinji goşgulary 1939-njy ýylda «Kol- hozçy sesi», «Mydam taýýar» gazetlerinde çap edilýär. 71 Şahyr 1949-njy ýylyň oktýabr aýynda goşun hataryna çagyrylýar. Şahyryň ilkinji goşgular kitaby 1951-nji ýylda «Güýjümiň gözbaşy» ady bilen gulluk edýän döwründe neşir edilýär. Şahyryň 1953-nji ýylda «Soldat ýüregi» ady bilen neşir edilen ikinji goşgular kitaby halkyň arasynda giňden tanalyp ugraýar. Halk köpçüligi şahyryň «Taýmaz baba», «Ata we ogul», «Ajy günler, süýji günler», «Gum- dan tapylan ýürek», «Aýal bagşy» ýaly gyzykly poemalaryny höwes bilen garşylaýar. K.Gurbannepesow Magtymguly adyndaky TDU-ny tamamlaýar. Şahyr Türkmenistan ýazyjylar birleşiginde, «Tokmak», «Sowet ede- biýaty» (häzirki «Garagum») žurnallarynda jogapkär wezipelerde iş- leýär. Döredijilik üstünlikleri üçin ençeme baýraklara mynasyp bolýar. Ellinji ýyllaryň aýaklarynda, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda ça- galar edebiýaty täze öwüşgine eýe boldy, edebiýat meýdanyna çagalar ýazyjylarynyň täze tapgyrynyň goşulmagy, belli ýazyjylaryň bir topary- nyň körpeler üçin-de kämil eserleri döretmekleri, çagalar ýazyjylarynyň döredijilik tejribeleriniň barha kämilleşmegi edebiýatyň bu şahasyny ösdürmek barada edilýän aladalar, edebi bäsleşikleriň geçirilip durulmagy çagalar edebiýatynyň ilerlemegine hertaraplaýyn ýardam etdi, onuň dili barha kämilleşdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy K.Gurbannepesow-da ellinji ýyllarda has öndümli işläp, çagalar üçin bäş sany ýygyndy («Ýaşajyk dostlaryma» (1956), «Ýalta we bagt», «Goňurja» (1958), «Na- zarjygyň piljagazy» (1959), «Maşgala we mekdep» (1954) çap etdirdi. Ene baradaky goşgular şahyryň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Şahyr ulular şygryýetinde-de, çagalar şygryýetinde-de bu tema ýygy-ýygydan ýüzlendi. Şahyryň çagalara niýetlenen goşgular ýygyndysynda orun alan «Ene» goşgusynda enäniň gaýtalanmajak özboluşly keşbi döredilipdir. Liriki gahrymanyň pikiriçe, diňe ça- gajyklary däl, eýsem tutuş Zemini ekläp-saklaýanam enelerdir: Beýik arzuwlary bitirip duran, Her bir täze daňy ataryp duran, Bütin Ýer şaryny çagajyk ýaly, Emdirip, gujagna göterip duran Mähriban enemizdir. 72 Şahyryň «Mugallymyň sözi» goşgusynda her bir çaganyň kalbynda, durmuşynda uly orun eýeleýän mähriban mugallymlaryň çaga dünýäsine biçak uly täsir edýän sözleri dogrusynda şahyrana pi- kir ýöredilýär: Mugallymyň sözi –Watanyň sözi. Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun. Mugallymyň sözi kanun mekdepde, Mugallymyň sözi öýde-de kanun. «Mugallym şeý diýdi!» diýer çagalar. Mugallym diýdimi – kesiler jedel. Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap, Çagalar daň bilen mekdebe gider... Şahyryň «Goňurjanyň hekaýasy» atly ertekisi dostluk temasyn- da ýazylypdyr. Ertekiniň baş gahrymany Goňurja atly it ýetimlikde ýetişip, il hataryna goşulýar. Günlerde bir gün Goňurja ýekelik derdi azar berensoň, özüne ýoldaş gözläp başlaýar. Ol çöllerden çöle gi- dip, çölden jeňňele gidip, depeden depä çykyp, bir towşana duşýar. Goňurja göz ýaşyny döküp, ýekeligiň derdiniň örän erbet zatdygyny towşana düşündirýär. Towşanjyk dostluk üçin el berýär. Soňra olar ýatagyny ulaldyp, azygyny köpeldip, jeňňele seýil etmäge bile gidip başlaýarlar. Emma towşanjyk örän gorkak bolýar. Günleriň bir güni ýa- taklarynda ýatyrkalar Goňurja bir ses eşidip, ok dek atylyp daşa çykýar. Şol wagt towşan gorkup, möjek duýar öýdüp, Goňurjanyň aýagyna ýykylýar. Towşanjygyň bu hereketi Goňurjanyň göwnüne ýaramaýar. Ol säher bilen dostuny täzelemek barada pikire gelip, ýola rowana bolýar. Ol gidip barşyna bir möjege sataşýar. Goňurja möjege özüniň düşen gününi, bir towşanjyga duşup guran dostlugyny aýdyp berýär. Möjek Goňurjanyň bu gürrüňlerine hoş bolup, guş bolup uçýar. Möjek başyny belent tutup, şeýle bir öwünýär: 73 Diýdi: «Sözüň rast bolsa, Gözleýäniň dost bolsa, Tüýs üstünden gelipsiň, Dosty saýlap bilipsiň... Möjek bilen Goňurja bileje ýaşap başlaýarlar. Goňurja möjegiň batyrgaýlygyna örän ynanyp ugraýar. Emma günlerde bir gün möjek aýynyň heniz aýak yzyny görmänkä ýapyrylyp gaçýar, şeýle bir gaçýar welin, Goňurja penjesini serip galýar. Soňra Goňurja Aýa duşýar, ol Aýa-da öz başyndan geçiren günle- rini gürrüň berýär. Aýy-da edil möjek ýaly öwünýär. «Näsin aýdýaň, it şepe! Ýürek bolmaz möjekde, Ökdäni görse ökde, Tibirdäbir aýagy, Kimmişin möjek dagy!» Gynansak-da Goňurja bilen Aýynyň hem dostlugy edil towşan bilen möjegiňki ýaly uzaga gitmeýär. Günleriň bir güni Aýy bilen Goňurja doganlara meňzäp barýarkalar bir örä duşýarlar. Ol örüde Aýy çopany görüp, edil möjegiň gaçyşy ýaly gaçyp başlaýar. Ine, şeýdip Goňurja ýene-de dostsuz galýar. Ol çopanyň ýanyna baryp, özüniň başyndan geçiren wakalaryny gürrüň berýär. Şeýdibem Goňurja çopany özüne hemişelik dost tutunyp, şeýle gowy durmuşda ýaşap başlaýar. Durmuş tapdym sapaly. Çopanymyň goşunda. Goýnun gorap wepaly. Perwaz urýan daşynda. Durmuşda her kim öz ornuny tapmagy başarsa, onda ol gowy durmuşda ýaşar. Goňurja üçin hem çopandan başga gowy dost ýok. Umuman alnanda, hakyky dostluga goýulýan sarpa şahyryň başga-da ençeme goşgularynyň esasyny düzüpdi. 74 «Tüssesiz ot gözläp bir täsin adam, Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş. Bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam, Ahyry dünýeden dostsuz ötenmiş. Tüssesiz ot gözläp otsuz galmagyn, Tüsseli-de bolsa, otluja bolgun. Bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn, Köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun...» Şahyryň öz goşgy setirlerinde belleýşi ýaly, bu durmuşy dostsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. K.Gurbannepesowyň ertekileridir goşgularynyň duýga baý, ru- hubelent pikiri çagalaryň aňyna siňňitlik bilen guýmakda terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Download 3.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling