B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
ATA GOWŞUDOW
(1903-1953) A.Gowşudow 1903-nji ýylda Büzmeýinde (häzirki Abadan şä- heri) garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ejesi Ogulgeregiň halk döredijiliginden gowy baş çykarmagy geljekki ýazyjynyň çeper döredijilige bolan höwesini oýarýar. Oba mekdebini tamamlan A.Gowşudow 1920-1922-nji ýyllarda ilki mugallymçylyk mekdebinde, soňra sowet-partiýa mekdebinde okaýar. A.Gowşudowyň edebiýat meýdanyndaky ilkinji synanyşyklary şu ýyllarda başlanýar. 1922-nji ýylyň aprel aýynda çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşýan ýaşlaryň islegi boýunça döredilen «Zakaspiý fronty» («Gyzyl puluň gullary» ) atly pýesa A.Gowşudowyň bu ugur- da eden ilkinji synanyşyklarynyň biridi. Ýazyjy 1922-nji ýylda Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň Kommunistik uniwersitetine okuwa iberilýär. Şol döwürde ol rus halkynyň medeniýetini, rus edebiýatynyň belli eserlerini içgin öw- renýär. 64 A.Gowşudow 1924-nji ýylda Aşgabada işe çagyrylyp, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýaşlar guramalarynda dürli wezipelerde işleýär. Ol 1925-nji ýylyň martynda çykyp başlan «Ýaş kommunist» ýaşlar gazetiniň ilkinji redaktory bolup işleýär. 1928-nji ýylda ol çeperçilik orta hünär okuw mekdebiniň we kol- hoz ýaşlary mekdebiniň, 1929-njy ýylda bolsa täze döredilen teatral studiýanyň ýolbaşçylygyna bellenilýär. Meşhur aktýor we režissýor Alty Garlyýew türkmen halkynyň görnükli artistlerinden Aman Gulmämmedowy, Bazar Amanowy, Gul luk Hojaýewi, Gylyç Berdiýewi hem-de özüni okadyp, teatryň ga- pysyndan girizen ynsanyň A.Gowşudowdygy baradaky ýatlama synda onuň bu ugurda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berýär. Ýazyjy 1933–1938-nji ýyllarda «Sowet Türkmenistany» (häzir- ki «Türkmenistan») gazetiniň redaksiýasynda işleýär. Şondan soň Türkmen döwlet ylmy-derňew dil we edebiýat institutynyň halk döre- dijiligi bölümine işe geçip, halkyň baý edebi mirasyny toplamakda we neşir etmekde yhlasyny gaýgyrmaýar. A.Gowşudowyň işjeň gatnaşmagynda «Türkmen halk ertekileri», «Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri» ýaly dürli ýygyndylar çap edilip ýaýradylýar. «Görogly» eposyny ilkinji gezek çap etdiren hem A.Gowşudowdyr. Ýazyjy türkmen halk döredijiliginiň we nusgawy edebiýatymy- zyň dürli meseleleri boýunça birnäçe makala bilen çykyş edýär. Ol «Halkyň gahrymançylykly eposy», «Görogly», «Magtymguly we halk döredijiligi», «Bagşy we şahyrlar» ýaly birnäçe makalalaryny ýazýar. Ata Gowşudow 1930-njy ýyldan soň kyssa eserlerini ýazmaga girişýär. Ol bu ýyllarda «Ýolumy düzetdim» (1934), «Azaşan yzyny tapdy» (1935), «Watan ogly» (1939), «Gaýgyrylmajak jan» (1941), «Göroglynyň çagalygy», «Güni goltukda gizläp bolmaz», «Gandym awçynyň maşgalasy», «Garrynyň rowaýatlary», «Toý üstüne toý», «Ýelli Ödäniň öýlenişi» ýaly hekaýalaryny döredýär. A.Gowşudowyň edebi-döredijilik işi, esasan, ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlanýar. Onuň eserleriniň içinde azat söýgä de- gişli şygyrlar-da, peýzaž lirikasy-da, tankydy häsiýetdäki goşgular-da bardy. 65 Ýazyjy 1940-njy ýyla çenli onlarça felýeton, hekaýa, oçerk hem «Watan ogly» powestini ýazýar. Otuzynjy ýyllaryň başyndan uly kyssa eserini ýazmaga–roman döretmäge girişýär. Ol 1941-nji ýylyň başlaryna çenli «Perman» atly taryhy romanynyň üstünde işleýär. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen A.Gowşudow ikin- ji bir düýpli eserini «Mähri-Wepa» romanyny urşuň ýagdaýlaryna la- ýyk edip ýazmaga gönükdirýär. Bu döwürde ol hakyky watançylyk ruhuna ýugrulan köp sanly oçerkleri, hekaýalary, täsirli felýetonlary döredýär. Ýazyjynyň «Gandym awçynyň maşgalasy» (1944) hekaýasy diňe ýazyjynyň döredijilik üstünligi bolman, uruş döwruniň türk- men edebiýatynda harby-watançylyk temasynda döredilen naýbaşy eserleriň biri boldy. Hekaýada uruş döwrüniň iň agyr ýagdaýlarynda-da ruhubelent- ligi saklamagyň derwaýys zerurlygy baradaky mesele täsirli görke- zilýär. Gandym awçynyň urşa giden agtygy Myradyň dereksiz ýitendigi barada habar gelipdir. Hemmeler matam tutýar. Aýratyn-da, Myradyň ejesi Akjagülüň zaryn agysy ýürekleri dilip barýar. Bu ýagdaý Gandym awçyny aljyratmaýar. Ol gyssanman, özüni rastlandan soň näme habardygyny soraýar. Gandym awçynyň bu hili alňasamazlyk hereketlerinde onuň giňgöwrümlilik, parasatlylyk ýaly häsiýetleri aýan bolýar. Gandym awçy eseriň dartgynly pursatynda merdana hem parasatly türkmen ýaşulusy hökmünde belent hyjuw bilen gürleýär: «Duşmanlar üstüňe sürnüp, ýurduň bir ujundan alyp gelýän wagty... Şeýle ýakymsyz gopgun turuzmak aýyp dälmi? Utanç!...» Ýaşy segsene baran Gandym awçynyň çagyryşlary, edýän wa- tançylyk hereketleri oba adamlaryna, ylaýta-da ýaşlara köp täsir ed- ýär, olaryň watançylyk ruhuny göterýär. Hekaýa gatnaşýan Akjagülüň keşbi ýazyjynyň hem okyjynyň üns merkezinde duran çeper keşpleriň biridir. Mähriban ogly Myrat hakda ýakymsyz habary eşidip, Akjagül birbada özüni ýitirip, uly ili bilen ses edip aglaýar. Emma Gandym awçynyň maslahatlary Akjagüli pugta oýlanmaga, ýagdaýdan degişli netije çykarmaga ugrukdyrýar. 5.Sargyt №3046 66 Ýazyjynyň «Perman», «Mähri-Wepa», «Köpetdagyň eteginde» atly romanlary, «Dordepel» powesti we onlarça hekaýalarydyr oçerk- leri türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant boldy. Ýazyjy «Dordepel» powestinde ganym duşmanlaryň garşysyna alnyp barlan ýiti göreşlerde türkmen halkynyň milli guwanjy bolan ahal-teke atlarynyň ýakyn ýardamyny, olaryň gözelligini hem ýyn- damlygyny görkezmäge aýratyn üns beripdir. Ata Gowşudowyň at hakdaky söhbeti, şeýle beletlik bilen gürrüň edişi okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Ýazyjy bedewiň keşbini, oňa bolan garaýşyny türkmeniň mert, gahryman ogullarynyň dünýäsinde açýar. Ata Gowşudow bedew atyň keşbini aýratyn hem aýgytly pur- satlarda açmagyň hötdesinden gelýär. Dordepel ilkinji pursatda kerwendäkileri garakçylardan halas edýär. Ikinjiden, gala çozup gelen duşman leşgeriniň içinden geçip, beýleki galalara çapar äkidip, ençe- me adamlaryň janyny howpdan gutarýar. Üçünji, ýene bir aýgytlaýjy pursat bolsa, özüni ogurlap barýarkalar, goja seýsiň çagyran sesine ok ýaly atylyp, yzyna gaýdýar. Dordepel keşp babatda-da, ruhy taýdanam ýeňijiniň keşbindedir. Dordepel daşyny duşmanlar gabanda, ykbal pellehanasyna tarap guş bolup uçýar. Gabawdaky adamlaram, duşmanlaryňam hemmesi bu ýagdaýa allaniçiksi bolup, haýran galyp bakýarlar. Eserde Nyýazmyrat aganyň geçmişden berýän täsin gürrüňleri arkaly türkmen bedewleriniň ajaýyp häsiýetleri açylyp görkezilýär. Talaňçy duşmanlardan goranmakda, olara berk gaýtawul bermekde türkmen bedewleriniň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Ata Gowşudow halkynyň gahrymançylykly geçmişini, milli gylyk-häsiýetlerini, däp-dessurlaryny, endiklerini, taryhyny, dili- ni, edebiýatyny, halk döredijiligini içgin bilýän ussat ýazyjydyr. Ol düýpli eserler döredip, olarda halkymyzyň milli özboluşlylygyny, ajaýyp häsiýetlerini ussatlyk bilen janlandyrmagy başardy. Ýazyjy türkmen edebi dilini ösdürmekde, çeper edebiýatyň dilini baýlaşdyrmakda, bir tarapdan, türkmen halk döredijiliginiň, nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyndan ussatlyk bilen peýdalanan bolsa, ikinji tarapdan, gös-göni halkyň janly gepleşigini başarjaňlyk bilen ulanypdyr. 67 Çeper edebiýata jany-teni bilen berlen halypa ýazyjynyň zehin siňdirip döreden eserlerinde milli özboluşlyklar, ýiti çaknyşyklar we häsiýetler, türkmen durmuşynyň ajaýyp görnüşleri, halkymyzyň gahrymançylykly geçmişine bolan çäksiz guwanç ör boýuna galýar. A.Gowşudow bitiren ummasyz köp işleri üçin dürli sylaglara mynasyp boldy. Ol 1950-nji ýylda «Zähmet Gyzyl baýdak» ordeni hem-de döwletiň Hormat hatlary we dürli medallary bilen sylaglandy. Zehinli ýazyjy hem mirasgär A.Gowşudow 1953-nji ýylyň 15-nji noýabrynda biwagt aradan çykdy. Download 3.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling