B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
NURMYRAT SARYHANOW
(1906-1944) Zehinli kyssaçy Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökde- pe etrabynyň Ikinji Gökdepe obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ýazyjy ilki Aşgabat politehniki orta okuw mekdebine okuwa girýär. Ol 1926-1928-nji ýyllarda «Türkmenistan» gazetinde ilki terjimeçi, soň edebi işgär bolup işleýär. N.Saryhanow Daşkentde žurnalistleri taýýarlaýan bir ýyllyk okuwy gutaryp, 1929-njy ýylda «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktory bolup işe başlaýar. Ýazyjy sekiz ýyllap goşun hatarynda gulluk edýär hem-de «Gyzyl goşun» atly harby gazetde işleýär. Ol ýedi ýyllap şu gazetiň işgäri, hem jogapkär kätibi bolýar. Ýazyjynyň dünýägaraýşynyň hem döredijilik usullarynyň taplanmagynda onuň žurnalistlik işi uly äh- miýete eýedir. N. Saryhanow «Gyzyl Goşun» gazetinde işlän döwründe goşun durmuşyndan «Atyjylyk üçin» (1933), «Iki ýyl» (1936) ýaly hekaýa- laryny hem-de birnäçe çeper oçerkleri ýazýar. Ýazyjy 1937-nji ýylda goşun gullugyndan gelenden soň Türk- men döwlet neşirýatynda redaktor, 1938–1941-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň redaksiýasynda edebi işgär, 1941-nji ýyldan Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde masla- hatçy bolup işleýär. Watançylyk urşuna gitmezinden öň ýazyjy «Kitap», «Şükür bagşy» ýaly meşhur eserlerini döredýär. 1942-nji ýylda ýazyjynyň «Ýagtylyga çykanlar» powesti neşir edilýär. Ýazyjy 2-nji Ukrain frontunda söweşip, ukrain, moldawan top- raklaryny faşistik basybalyjylardan halas etmeklige gatnaşýar. N.Saryhanow birnäçe nowellalaryň hem awtorydyr. Ýazyjynyň «Arzuw», «Giýew», «Baýyň gahary» ýaly eserleri türkmen no wel la- synyň ajaýyp nusgalarydyr. Ýazyjynyň «Şükür bagşy» powestidir «Kitap» hekaýasy türk- men edebiýatyna uly abraý getirdi. Elbetde, ýazyjynyň döreden eserleri, möçberi taýdan köp däl, ýöne çeperçilik gymmaty boýunça onuň döreden eserleri türkmen ede- 41 biýatynda ilkinji orunlarda durýar. Muny ýazyjynyň döwürdeşi, belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew hem tassyklaýar: «Nurmyrat Saryhanow menden ýaşrakdy. Ilki-ilkiler ol maňa eýerjeň hökmünde ýazýardy. Soňra Saryhanowyň ýazan kitaby meniňkä garanda has güýçli bo- lup çykdy. Şol babatda men öz ýeňilenimi keýpihon boýun alýaryn. Käşgä şeýle ýeňişler köp bolaýsady!...» «Kitap» hekaýasynda wakalar Welmyrat aganyň çeper keşbiniň üs- ti bilen ýaýbaňlanýar. Welmyrat aga gum içinde bir obada Magtymguly- nyň goşgularyny agyr märekäniň uly höwes bilen diňläp, ondan lezzet alyp oturan pursadyna gabat gelýär. Ony özi-de diňläp, şahyryň öwüt-nesihatlaryna syny oturýar. Şol kitapdan ýüregini üzüp bilmeýär. Ahyrynda-da ol maksadyna ýetýär. Bütin maşgalasynyň eklenç üçin gözüni dikip oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşýar. Hekaýa gahrymanlarynyň gürrüň berýän ýürek gopduryjy teswi- ri jemgyýetçilik hem-de milli ösüşiň taraplarynyň çylşyrymly keşbini açyp görkezýär. Milli häsiýetiň düýp mazmuny uly yhlas bilen, psiho- logik taýdan çuňňur açylyp görkezilýär. Guba düýe berip, alan kitabyny gujagyna gysyp, öňe ýöräp bar- ýan ýigit edil janly ýaly bolup okyjynyň göz öňüne gelýär. Ýaş ýigit Welmyrat sowatly däl, pukara, ýöne weli, ajaýyp şygryň gudraty onuň erkini alypdyr. Welmyrat aga şahyryň kitabynyň her sözüniň bir düýä degýän- digini tekrarlap, bu ajaýyp kitaby elden gidirenleriň söwdada utu- landygyny ýürekden syzdyryp aýdýar. Ýazyjy hekaýada beýan edýän wakasynyň okyjynyň aňyna bütin aýdyňlygy bilen ornaşmagy üçin, özboluşly gurluş tärini ulanypdyr. Eseriň mazmuny hekaýa içinde hekaýa getirmek ýoly bilen beýan edilýär. Welmyrat aga guba düýe berlip alnan kitabyň taryhyny aýdyp ugraýar. Eser şular ýaly yzygiderli hekaýa içinde hekaýa getirilip, ahyrda hem golýazmaçy alymyň sözleri bilen jemlenýär. Hekaýanyň dili halkyň gepleşigine ýakyn, ýönekeý hem sa da dilde beýan edilýär. Onda gereginden artyk süýndürilen sözlemler ýok. Bu zatlaryň hemmesi hekaýanyň çeperçilik gymmatyny kesgit- leýär. 42 «Kitap» hekaýasynda Welmyrat aganyň keşbi örän täsirli, dili özboluşly, janly bolup, öz häsiýetine laýyk gelýän dilde gürleýär. Baş gahrymanyň keşbinde türkmeniň çeper söze goýýan belent sarpasy jemlenendir. Hekaýanyň ahyrynda şeýle setirler bar: «Bu kitap – türkmen poeziýasynyň esasyny goýan Magtymgulynyň kitabydy…» Doly manysyndaky kyssa eserlerini döretmekde uly iş bitiren ýazyjy N.Saryhanowyň hekaýalary, powestleri türkmen edebiýatyny many-mazmun taýdan baýlaşdyrdy. Ýazyjynyň döredijilik özboluşlylygyny häsiýetlendirýän iň esasy zat gahrymanlaryň içki dünýäsine çuň aralaşmagydyr. Ol durmuş wakalaryny gahrymanlaryň duýgusynyň üsti bilen beýan edýär. «Şükür bagşy» powesti ýazyjynyň iň şowly eserleriniň biridir. Ýazyjy esasy gahrymanyň – Şükür bagşynyň oýlanmalaryny, hereket- lerini beýan etmek esasynda sungat adamsynyň öz sungatyny wata- nyna, halkyna bolan çäksiz söýgüsi bilen baglylykda ýokary derejä göterip bilýändigini açyp görkezýär. Eseriň many-mazmuny Şükür bagşynyň gowy häsiýetleri bilen berk baglylykda aýdyňlaşýar. Şükür bagşynyň halka ýakynlygy onuň saz sungatynyň-da hal- kylyk häsiýetiniň ýokary bolmagynda, halka düşnükli hem-de tä sirli bolmagynda jemlenýär. Ýazyjy türkmen sazynyň şeýle häsiýete eýe- digini powestiň ençeme ýerinde nygtap görkezýär. Eserde halkyň Şükür bagşa bolan çäksiz söýgüsi açylyp görke- zilýär. Bu ýagdaý Şükür bagşynyň agasy Eýran hanynyň eline ýesir düşende, ony boşatmak üçin üýşen oba adamlarynyň gep-sözünde, hereketinde has-da gowy ýüze çykýar. Obadaşlarynyň ruhy goldawy Şükür bagşynyň öz halkyna bolan söýgüsini, watançylyk duýgusyny has-da joşdurýar. Şükür bagşy öz sungatynyň güýjüne, gudratyna ynanýar. Ol eýran hanyna ýesir düşen doganyny öýüne üýşen obadaşlarynyň diýşi ýaly edip däl-de, özüniň saz sungaty arkaly gandöküşiksiz boşatmagy makul bilýär. Bagşy Eýrana gidip barýarka, daglara syn edip, çuňňur pelse- pewi oýlanmalara berilýär. «Bagşy dagdan düşmekçi bolanda, ýur- duna gaýtadan nazaryny aýlady. Gara baglar, obalar, süri-süri mal- 43 lar, olaryň aňyrsynda görünýän Garagumuň depeleri... Nähili hezil! Nähili gözel!.. Bu ýurtdan çykyp, şu belent daglaryň üstünden aşyp, ýene-de ýurduna gaýdyp gelip bilýän ýigitler köpdür...» Şükür bagşynyň öz ýurdunyň tebigatyna bolan söýgüsi öz halky- na bolan guwanç duýgusy bilen aýrylmaz baglylykda ýüze çykýar. Ol duýgular Şükür bagşynyň hut öz kalbynda sazlaşykly ösen. Ol zyn- dana düşen doganyny boşatmak üçin janyny-da gaýgyrmajak oba ýi- gitlerini neneň ýatlaman durup bilsin. Watanyň tebigy keşbi hem şol ýigitleriň keşbi bilen bilelikde Şükür bagşa has gözel bolup görünýär. Bu bolsa onuň watançylyk duýgusyny has-da galkyndyrýar. Şükür bagşynyň ösen watançylyk duýgusy özüne we sazyna ýeňilmez güýç berýär. Hut şonuň üçin hem ol Eýran hanynyň ýanyna baranda, özüni arkaýyn tutýar. Şükür bagşy ýaryşda üstün çykýar. Watanyna, halkyna bolan çuň ňur söýgüsi bilen ganatlanan belent ruhy onuň sazynyň hem Gu- lamyňkydan başga hili bolup, belent ýaňlanmagyna sebäp bolýar. Şükür bagşynyň keşbi ajaýyp häsiýetleri özünde jemlän sungat adamynyň türkmen edebiýatynda döredilen iň täsirli keşpleriniň biridir. Eserde gahrymanlaryň gepleşikleri berlende, onuň bilen bag la- nyşykly olaryň owunjak hereketleri, ýüz keşbinde bolup geçýän öz- gerişleri-de suratlandyrylýar. Hereket, duýgy, portret, peýzaž, dialog ýaly serişdeleriň bir-biri bilen şu hili berk baglylykda berilmegi eseriň many-mazmunynyň täsirli, kompozisiýasynyň çeýe bolmagyna ýardam edýär. Gahrymanlaryň hereketleriniň suratlandyrylyş, ýordumyň be- ýan ediliş stilinde-de özboluşly häsiýetiň bardygyny bellemek ge- rek. Ýazyjy beýan edilýän pikiri has nygtamak üçin: «Sazanda saz çalýar. Başyny galdyrman çalýar. Dutaryň gapagyna zarp bilen urup, gahrymançylykly heňler çalýar...» diýen ýaly gysga sözlemleri yz- ly-yzyna getirip, eseriň içki hyjuwlylygyny güýçlendirip goýberýär. «Şükür bagşy» powestiniň žurnalda neşir edilişini ýazyjynyň özi görüp bilmeýär. Ýazyjy fronta gidenden soň onuň saz sungaty barada düýpli eser ýazyp ýöreninden habarly türkmen edebiýatynyň janköýe- ri, edebiýatymyzyň ýakyn dosty, belli rus yazyjysy A.Aborskiý powesti ýazyjynyň arhiwinden alyp, «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap etdirýär. Şeýdibem türkmen edebiýaty üçin uly sogaply iş edýär. 44 N.Saryhanowyň gudrat bolup dörän bu powesti türkmen ede- biýatynda giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanan eser- dir. Bu powest boýunça döredilen çeper kinofilm hem halkara kino- festiwalynda baýrakly orna mynasyp boldy. N.Saryhanow aşa okumyş yazyjydy. Ol doganlyk halklaryň eser- lerini ilki türkmençä terjime edilen görnüşinde okan bolsa, soň-soňlar rus dilini öwrenip, M.Gorkiniň, A.P.Çehowyň, A.S.Puşkiniň, L.N.Tols- to ýyň eserlerini asyl nusgasynda okap başlaýar, olardan ýadawsyz öwren ýär. Käbirlerini türkmen diline terjime edýär. Çehowyň hekaýa- laryny okap, N.Saryhanow bu yazyjyny ussatlyk mekdebi hasaplaýar. Beýleki halklaryň edebiýatlaryndan öwrenmek bilen birlikde ýazyjy öz döredijiligini halk döredijiligi hem nusgawy edebiýat bilen hem berk baglanyşdyrypdyr. Ýordumyň ýönekeýligi, halk dili, liriki mylaýymlyk ýazyjynyň halk döredijiliginden öwrenen sapaklarydyr. N.Saryhanow birnäçe eserlerini dartgynly front ýagdaýynda döredýär. Ýazyjy döredijilik güýjüniň, zehininiň kämilleşen döwrün- de 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda frontda gahrymanlarça wepat bolýar. Ol Moldawiýanyň Bender etrabynyň Delakeu obasynda jaýlanýar. Ýazyjy aradan çykandan soň hem onuň eserleri ençeme gezek çap edilýär. Onuň eserleriniň birnäçesi Moskwada rus dilinde neşir edilip çykaryldy. N.Saryhanowyň eserleri ukrain, moldawan, azerbaýjan, ga- zak, latyş, täjik, ermeni, iňlis, bengal dillerinde hem çap edildi. Görnükli ýazyjy N. Saryhanow bütin ömrüni, zehinini türkmen edebiýatyny ösdürmäge bagyşlady we hiç wagt könelmejek, kämil eserleri bilen edebiýatymyzy baýlaşdyrdy. Download 3.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling