B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
AGAHAN DURDYÝEW
(1904-1947) Türkmen kyssasynyň irki wekilleriniň biri Agahan Durdyýew 1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda garyp maşgalada dogulýar. Bary-ýogy iki ýaşyny dolduranda ata-ene mährinden mahrum bolan Agahanyň çagalyk döwri öz agalarynyň we aýal doganynyň elinde geçýär. Ol güzeranyny dolandyrmak, garyp agalaryna kömek bermek maksady bilen, 17 ýaşyna ýetýänçä öz obasynda çopançylyk edýär. 37 Agahan Durdyýew 12-13 ýaşlaryndaka sygyr çopanlygynyň da- şyndan bir oba mollasyndan geldi-geçer sapak alýar. Ýöne ol esasy sowadyny obada açylan likbezde alypdyr. Geljekki ýazyjy 1921-nji ýylda Mary şäherindäki türkmen döwlet magaryf institutyna okuwa girýär. 1923–1927-nji ýyllarda Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetinde okaýar. Ýazyjy uniwersiteti gutaryp, ilki «Ýaş kommunist» gazetinde, soň (1928-1931) «Tokmak» žurnalynyň redaksiýasynda jogapkär kätip bolup işleýär. Ýazyjy edebi döredijilik işine Daşkentde okap ýören ýyllary başlaýar. Metbugatda onuň ilkinji hekaýalary 1925-nji ýyldan başlap peý da bolýar. Emma ýazyjy hökmünde ony köpçülige tanadan he- kaýalary 1927-1928-nji ýyllara degişlidir. Bu ýyllarda onuň «Bal tu- tan barmagyny ýalar» (1927), «Hyýal derýasynda» (1927), «Bürgüt penjesinde bir gözel» (1928), «Annagözel hak-hukugynyň üstünde» (1928), «Bagtly gyzlar» (1928) ýaly hekaýalary çap edilýär. A.Durdyýewiň «Ýapon soldaty» we «Lotta Şuls» powestleri halkara temasyna bagyşlanan eserleridir. Ýazyjynyň «Ýapon sol- daty» powesti ýapon jeňparazlarynyň basybalyjylykly syýasatyny paş etmeklige, ýerli halkyň aňynda ýüze çykan hoşniýetli duýgulary görkezmeklige bagyşlanypdyr. Powestlerde birnäçe kemçilikler bar bolsa-da döwrüň wajyp me selelerini öz içine alýan bu eserler A.Durdyýewiň döredijilik te- matikasynyň barha giňelýändiginiň nyşanydy. Agahan Durdyýew türkmen edebiýatynda irki dramaturglaryň biri hasaplanýar. Onuň ilkinji pýesalaryny 1925-nji ýyllarda çe- per höwesjeňler sahna çykarypdyrlar. Ýazyjynyň «Maskaly adam», «Zaçýot» (1938), «Pul», «Kim günäkär?» (1936), «Açar» (1940) pýe- salary ençeme ýyllar çeper höwesjeňleriň çykyşlarynda, teatr sahna- larynda tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Agahan Durdyýew sag ly gy- nyň ýaramazlaşmagyna garamazdan, beýleki ýazyjylar ýaly, hal ky Watan goragyna çagyrýan, watançylygy wasp edýän «Serdar aganyň ogullary» (1941), «Watançy çopanlar», «Garrynyň hekaýalary», 38 «Wa tanyň gahrymanlary» (1942) ýaly hekaýalaryny, «Partizan gyz» (1942) pýesasyny, «Deputat» (1942) oçerkini ýazdy. A.Durdyýew 1931–1935-nji ýyllarda dürli gazetlerde jogapkär kätip wezipesinde işleýär. 1933-nji ýylda ýazyjynyň «Zarpçylar tolkuny» atly hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär. A.Durdyýew 1931-1946-njy ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň kyssa bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär. Ol bu döwürde has öndümli işläp, «Meret», «Bagtly ýigit», «Bal- ly molla» ýaly ajaýyp kyssa eserlerini ýazýar. Agahan Durdyýew ömrüniň ahyrynda «Han küýli» (1946) diýen satiriki hekaýasyny ýazdy. «Han küýli» hekaýasy Agahan Durdyýewiň şowly eserleriniň bi- ridir. Bu hekaýasynda ýazyjy ýaltalygy ýazgarmagy niýet edinipdir. Han küýli oba adamy. Onuň ýaltalyk keseli bar. Ýazyjy he ka- ýasynda şeýle ýaltanyň oba adamlary tarapyndan terbiýelenilişini gör kezmegi maksat edinýär. Ýazyjy Han küýliniň häsiýetiniň ösüşini görkezmek, hereket- lerini suratlandyrmak bilen, onda zähmete yhlasly ýapyşmak ýaly çemeleşmäniň döräp ugrandygyny teswirleýär. A.Durdyýewiň öz döwründe uly abraýa eýe bolan, okyjylaryň gyzyklanmalaryny gazanan «Bagtly ýigit» powestinde goşun gullugy- nyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, täsiri açylyp görkezilýär. Powestiň bütin dowamynda Berdi aga bilen Aknabat ejäniň çaga- lykdan läliksiredilen ýekeje ogly Annagulynyň körpelikden öýli-işikli ýigit bolýan döwrüne çenli başdan geçirenleri öz beýanyny tapypdyr. Annaguly başda özüni oňarmaýan nalajedeýin oglan hökmün- de göz öňüňe gelýär. Bu hili bolşy onuň ýabylaryny suwa ýakmaga gidişi, ýetginjek wagtynda Jumajyk bilen awa gidişi, pagta ýygymy- na hemmeden giç barşy, az ýygşy, ýigit ýeten wagtynda sawçylaryň öňünden geçişi baradaky aýry-aýry gyzykly wakalarda teswirlenip görkezilýär. Annaguly ýetginjek hem-de ýigit ýeten döwründe-de işlemegiň, durmuşda özüni alyp barmagyň ugruny bilenok. Munuň üstesine-de, ol ýalta. Bu hakykaty onuň günortana çenli çişip ýatyşy, yraň-daraň edip, arkaýynlyk bilen pagta ýygşy baradaky pursatlar doly beýan edýär. 39 Annaguly sölpüligi, ýaltalygy bilen oba adamlarynyň agzyna, di- line düşýär. Şeýle bolansoň, ata-enesi her näçe jan etseler-de, obanyň gyzlaryndan Annagula gelinlik tapyp bilmeýärler. Annagulynyň goşun gullugyna çagyrylýan ýerini eseriň öwrülişik nokady hasaplamak bolar. Ol goşun hatarynda gulluk edýän wagtynda häsiýet, düşünje taýdan-da, fiziki taýdan-da terbiýelenýär. Goşun gullugy onuň üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolýar. Mundan öň, ata-enesiniň, başgalaryň gyjalatly geplerinden ha- lys bolan Annagulynyň özi goşun terbiýesini alyp, düzelmegi ýüre- gine düwýär. Şonuň üçin ol öz kemçiligi barada ýoldaşlarynyň-da, serkerdesiniň-de berýän duýduryşlaryny ak ýürek bilen kabul edýär. Ine, şu zatlaryň hemmesi Annagulynyň özgermegine getirýär. Birwagtlar nalajedeýin, ýalta, sölpi hasaplanyp, obada gyz beril- medik Annaguly goşun gullugyndan obasyna täze adam bolup gelýär. Onda goşun gullugynda terbiýelenen gowy häsiýetleriniň birnäçe ta- raplary ýüze çykýar. Annagulynyň durmuşa, maşgala gurmaga bolan garaýyşlary-da kämilleşýär. Eserde gahryman baradaky pikirini ýazyjynyň gönümel aýdyp, gahrymany häsiýetlendirmegi has sada ýagdaýa getirýänem bolsa «Bagtly ýigit» powesti gahrymanyň häsiýetiniň ösüşini wakalaryň jümmüşinde göz öňüne getirmekde öz döwri üçin uly hadysa bolupdy. A.Durdyýewiň «Bally molla», «Meret» ýaly powestleri hem türk- men edebiýatynyň taryhynda öz mynasyp ornuny tapdy. Ýazyjynyň «Gurban», «Signal» hekaýalaryny hem okyjylar gyz- gyn garşyladylar. «Gurban» hekaýasynda baýyň hyzmatynda ba şagaý bolup ýören oglanjyk barada özboluşly usulda, ýumoristik häsiýetde gyzykly gürrüň berilýär. «Signal» hekaýasynyň wakasy mekdep okuw çylarynyň durmuşyndan alnypdyr. Hekaýada arassaçylyk ha py- salygyň, täzeçillik köneçilligiň, ylmy medisina galp tebipçiligiň gar- şysyna goýlupdyr. Agahan Durdyýew 1942-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Aşgabatdan Tejene göçüp gidýär we ömrüniň ahyryna çenli öz oba- larynda ýaşaýar. Ýazyjy 1947-nji ýylyň 12-nji maýynda aradan çykýar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling