B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty


Download 3.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet6/36
Sana03.06.2024
Hajmi3.01 Kb.
#1899213
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   36
Bog'liq
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

AMAN KEKILOW
(1912-1974)
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, 
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň 
ylymda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 
akademigi Aman Kekilow 1912-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyn-
daky Köşi obasynda dünýä inýär. Çagalyk ýyllarynda şahyr ýetim 
galýar.
Aman 1922 – 1924-nji ýyllarda Aşgabatdaky internatda okaýar. 
Soňra Aşgabat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine okuwa 
girýär. Bu ýyllarda ol «Pioner» žurnalynyň jogapkär kätibi bolup hem 
işleýär. 


30
1931–1934-nji ýyllarda A.Kekilow ylmy-pedagogik institutda 
okaýar. 
A.Kekilow 1935-nji ýylda Moskwadaky Taryh, filosofiýa we ede-
biýat institutynyň aspiranturasyna okuwa girýär. O1 filologiýa ylym-
larynyň kandidaty (1943), filologiýa ylymlarynyň doktory (1959)
diyen alymlyk derejesine eýe bolýar. 
1948-nji ýyldan soň şahyr Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň 
edebiýat kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. 50-nji ýyllardan Türkme-
nistan YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň 
bölüm müdiri, direktory wezipelerinde işleýär.
A.Kekilowyň tutuş döredijilik işi durgunlyk ýyllaryna, kommu-
nistik taglymatyň höküm sürýän döwrüne gabat geldi. Ýazyjynyň 
döredijiligine-de döwür öz täsirini ýetirdi. Onuň eserleriniň ençemesi 
döwrüň nädogry ýörelgeleriniň pidasy boldy. Emma şeýle-de bolsa, 
A.Kekilowyň döredijiliginde umumadamzat ahlak hem ruhy gym-
matlyklaryna daýanýan, şu günki günüň ruhy talaplaryna ses goşýan 
eserleriniň, ylmy işleriniň birnäçesi bar. 
Ýaş şahyr özünden öň döredijilik işine başlan B.Kerbabaýew, 
Mollamurt, G.Burunow, dogany Ş.Kekilow dagylardan öwrenýär. 
Onuň irki döredijiliginde şol şahyrlardan täsirlenme duýulýar. 
Döredijilik işine ilkinji gadam basan döwürlerinde A.Kekilow 
çagalar üçin «Oglanlar hem kitap», «Guşlar», «Haýwanlary çagyr-
mak» ýaly şygyrlaryny döredýär. 
A.Kekilow 1940-njy ýylda halk ertekileriniň esasynda «Ço-
pan we patyşa», «Küýze we tilki» poemalaryny ýazdy. Şahyr soňky 
döwürlerde bu ertekileri täzeden işläp, has hem çeperleşdirdi. Olaryň 
wakalaryny timarlady, mazmunyny çuňlaşdyrdy. Olara täze reňk, täze 
öwüşgin berdi.
«Çopan we patyşa» ertekisinde halk döredijilik ýordumy giň 
manyda işlenilipdir. Şahyryň bu eseri «Kör garga» atly türkmen halk 
ertekisiniň esasynda örän sada dilde ýazylypdyr. Şonuň üçinem bu 
eser ulular üçinem, çagalar üçinem gyzykly bolup çykan ertekileriň 
biridir. 
Ertekide garyp çopan bilen onuň aýalynyň hor-homsy ýa şa-
ýyşlary, bulara Kör garganyň eden kömegi, patyşanyň açgözlügi, 


31
sütemkärligi hakynda gürrüň berilýär. Garyp çopan jadyly güýçleriň 
kömegi bilen ynsapsyz hem zulumkär patyşany, onuň ýanyndaky we-
zirlerini, nökerlerini ýer bilen ýegsan edýär. Ähli garyp ili horlukdan 
dyndarýar. 
Çopan başda köp horluklar çekýär.
Çopan – sada, ynanjaň, göwnaçyk. Ol ilki jadyly saçagy alanda 
diýseň begenýär. Çopan özüniň üýtgeşik saçagy bilen ýurduň şasyna 
hezzet-hormat edesi gelýär. Emma betniýet hem açgöz şa bada-bat 
garybyň bu bagtyny görüp bilmän, saçagy onuň elinden alýar. 
Çopanyň aýaly asylly, akylly aýal. Ol her pursatda çopana mas-
lahat berip, oňa ýagdaýy düşündirip bilýär. Çopanyň gowy gününi, 
gamly gününi deň paýlaşýar. Çopanyň aýaly adamsyna wepaly, akylly 
zenanlara mahsus bolan gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýär.
Ertekide Kör garga garyplaryň hossary hökmünde görkezilýär. 
Garga jadyly saçagy hem-de altyn guzlaýan guşy sowgat bermek bi-
len garyp çopana kömek edýär. 
Kör garganyň üsti bilen uly il zalym patyşadan rüstem çykýar. 
A.Kekilowyň «Ataly-gyz» goşgusynda okuwa gitmegi ýüregine 
düwen gyzyň atasyna ýüzlenmesi türkmen gyzyna mahsus ejaplylyk, 
edep-ekram, milli häsiýet, pederine çuňňur hormat, ula sarpa goýmak 
bilen utgaşýar. Şeýle ýagdaýda atasy-da öz mähriban gyzynyň raýyny 
ýykyp durmaýar.
Şahyr «Tiz geliň», «Daglar-daşlar titresin», «Gyzyl Goşun», «Pu-
lemýotly patlatjak», «13 ýyllyk baýrama» ýaly ençeme goşgularynda 
daýhan ýigitleri goşunda gulluk etmäge çagyrýar, goşunyň diňe 
Watan goragçysy däl-de, uly terbiýeçilik mekdebidigini-de nygtap 
görkezýär.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda şahyr watançylyk hyjuwyna 
ýugrulan ýokary çeperçilikli «Watan» (1942), «Egri azar, dogry ozar» 
(1941), «Kawkaz» (1942) «Günbatara» (1943) ýaly goşgularyny 
döretdi.
Şahyr özüniň «Egri azar, dogry ozar» diýen goşgusyny uruş 
başlanan pursatlarynda döredipdi, ol eserde faşizmden zähmetkeş 
halkymyzyň üstün çykjakdygyna bolan çuňňur we berk ynam çeper 
şöhlelenme tapypdy. 


32
A.Kekilow 1946-njy ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Döwlet 
Senasynyň sözlerini ýazdy.
Şahyryň ilkinji ýordumly eseri bolan «Geçen günlerim» (1932) 
atly terjimehal häsiýetli poemasynda bir ýetim oglanyň durmuş ýo-
ly yzarlanýar. Ýetim oglan janypkeşlik bilen okap, hatly-sowatly, 
aňly-düşünjeli adam bolup ýetişýär.
A.Kekilow 1942-nji ýylda «Ölüm penjesinden», «Gahryman 
gyzlar» atly poemalaryny ýazdy. «Ölüm penjesinden» poemasyn-
da Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdynyň we onuň 
ýoldaşlarynyň Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerinde görkezen 
gahrymançylyklary barada gürrüň berilýär.
Şahyryň goşgy bilen durmuşy temada ýazylan «Söýgi» romany 
türkmen edebiýatynyň möhüm ädimleriniň biri boldy.
A.Kekilow uruş ýyllarynda «Men garry däl» diýen sahna ese-
rini hem ýazdy. Bu eserde uruş ýyllarynda tylda galan adamlaryň 
janypkeşlikli zähmeti, watançylyk duýgulary öz beýanyny tapdy.
Ýazyjy we alym A.Kekilow ömrüniň soňky ýyllarynda has ön-
dümli işledi. Bu ýyllarda onuň ondan hem köp edebi we ylmy eserle-
ri, ençeme makalalary döredildi.
A.Kekilow türkmen edebiýat öwreniş ylmynyň ösmegi üçin hem 
uly tagalla etdi. Geçen asyryň 30-70-nji ýyllarynda ylmyň möhüm 
meselelerine bagyşlanan uly göwrümli ylmy-teoretiki işleri taýynlap 
alym baý tejribe gazandy. Ol Türkmenistanda tankydy pikiriň döre-
megine we ösmegine, edebiýat nazaryýetine bagyşlanan kitaplaryny 
çap etdirdi. Nusgawy şahyr Mollanepesiň ömür we döredijilik ýo-
luny yzarlaýan doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Onuň ähmiýet-
li işlerinden «Söz sungaty» (1973), «Söz syrlary» (1975), «Edebi 
žanrlar we edebi metod» (1979) ýaly ylmy eserleri türkmen edebiýaty 
öwreniş ylmynda möhüm orny eýeleýär. 
Türkmen edebiýatynda ýazyjy hem şahyr, dramaturg, nazaryýetçi 
alym hem edebiýat tankytçysy hökmünde belent derejä ýeten Aman 
Kekilow 1974-nji ýylda aradan çykdy.
Aman Kekilowyň baý döredijilik mirasy çeper edebiýat üçinem, 
edebiýaty öwreniş ylmy üçinem nusgalyk serpaýdyr.


33

Download 3.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   36




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling