B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty


ÇAGALAR EDEBIÝATYNYŇ MAKSADY


Download 3.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet2/36
Sana03.06.2024
Hajmi3.01 Kb.
#1899213
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   36
Bog'liq
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

ÇAGALAR EDEBIÝATYNYŇ MAKSADY 
WE WEZIPELERI. ÇAGALAR EDEBIÝATYNYŇ 
ÖZBOLUŞLY AÝRATYNLYKLARY
Çagalar edebiýaty kiçi, orta hem ýetginjeklik ýaşly çagalara 
niýetlenen eserleri, şeýle hem çagalaryň, ýetginjekleriň okamagyna 
oňaýly bolan beýleki edebi eserleri öz içine alýar. 
Çagalar edebiýatynyň maksady – ösüp gelýän ýaş nesle ähli-
taraplaýyn bilim hem terbiýe bermekdir. «Gönüden-göni çagalar 
üçin ýazylýan kitaplar terbiýäniň wajyp taraplarynyň biri hökmün-
de onuň meýilnamasyna goşulmalydyr» diýip, belli rus edebiýatçysy 
W.G.Belinskiý belläpdir (Полн.собр.соч., т. 4, с. 88).
Çaganyň psihologiýasyny çuňňur bilmek, edebiýatyň hem sun-
gatyň kömegi bilen çaga doly mazmunly terbiýe bermek, çaga dün-
ýäsiniň ýakymly duýgulardan doly bolmagyny gazanmak çagalar 
edebiýatynyň jana-jan wezipesidir. Çaga durmuşa, töwerege özboluşly 
garaýar. Onuň dünýäsiniň täsinligi hem şundadyr. Ol görýän, eşidýän, 
duýýan zatlaryna özüçe düşünjek, sowallaryna jogap tapjak bolup 
synanyşýar. Şonuň üçinem çaganyň ýüregine içgin aralaşmak çagalar 
edebiýatynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Çagalar edebiýaty çagalaryň durmuşa, geljege dogry garaýyşla-
rynyň kemala gelmegi, adam diýlen düşünjäniň çuňňur manysyny 
aň la mak bilen ynsanperwerlik duýgusynyň ösmegi, durmuş da öz 
orunlaryny tapmagy, ruhy gözellige baha beriş başarnyklarynyň 
ýüze çykarylmagy ýaly meseleleri esasy üns merkezinde saklaýar. 
Eserlerden ruhuňa ýakyn gahrymanlary tapmak, şolara meňzemäge 
çalyşmak, hyýalbentlige ýykgyn etmek meselesi çagalary ösüşe alyp 
gelýän esasy ýörelgelerdir.
XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli türkmen çagalar edebiýaty ke-
mala gelip ýetişmändi, bu ugruň käbir alamatlary halk döredijiliginde 
dörän bolsa-da, tutuşlygyna alanyňda belli maksat üçin göreşýän ça-
galar edebiýaty ýokdy. 
Çeper döredijiligiň ýörite ugry hökmünde çagalar edebiýaty 
Ýewropada XVIII asyryň ikinji ýarymynda kemala gelýär. Onuň ösüşi 
magaryfçylar zamanasy bilen, pedagogik pikirleriň ýeten derejesi bi-
len, bilim ulgamynyň geriminiň giňelmegi bilen baglanyşyklydyr. 


11
Çagalar edebiýaty umumy edebi ösüşden aýrylykda kemala 
gelmedi. Bu edebiýatyň eserlerine halk döredijiligi hem XVIII-XX 
asyrlaryň edebi akymlary öz täsirini ýetirdi. Şunuň bilen birlikde-de 
çagalar kitaplaryna gönüden-göni pedagogik pikirleriň we talaplaryň 
beýany hökmündäki garaýyş onuň ösüşini ep-esli bökdedi. Esasan 
terbiýe meselesine üns bermeklik, öwüt-ündew etmeklik çagalar we 
ýetginjekler edebiýatynyň esasy sypatlary hasaplandy. Netijede XIX 
asyryň ortalaryna çenli ýörite çagalar üçin döredilen eserleriň ählisi 
diýen ýaly çeper edebiýatyň çäklerinden daşarda galdy. Şeýdibem şol 
«ýörite çagalar kitaplary» wagtyň synagyndan geçip bilmediler.
Tersine «ulular» edebiýatyna degişli hasaplanýan köp eserler – 
D.Defonyň «Robinzon Kruzosy», J.Swiftiň «Gulliweriň syýahatlary», 
A.Dýumanyň, Ç.Dikkensiň, W.Gýugonyň, J.Londonyň käbir eserleri, 
G.Biçer-Stounyň «Tom aganyň külbesi», R.Kiplingiň «Mauglisi», 
E.Raspeniň «Mýunhgauzeniň başdan geçirenleri», A.S. Puşkiniň er-
tekileri, I.A. Krylowyň basnýalary, L.N.Tolstoýyň we A.Çehowyň 
birnäçe eserleri – kem-kemden çagalar kitaplarynyň altyn hazynasyny 
döredip, soňlugy bilen doly derejeli çagalar edebiýatynyň ösmegine 
amatly täsir etdi.
XVIII-XIX asyrlarda doganlar Grimmiň, W.Haufyň, Ş.Perronyň, 
H.K.Anderseniň, Mark Tweniň, Maýn Ridiň halk döredijilik täsir-
li, erteki häsiýetli eserleri özüniň güýçli ynsanperwerligi, durmuş 
hakykatyny açyp bilijilik ukyby bilen tapawutlanýardy.
Häzirki zaman günbatar çagalar edebiýaty ýiti içki gap ma-gar-
şylyklara eýedir. Bu edebiýatda ösüş ýörelgeleri, esasan, erteki žanryn-
da ýüze çykdy. A.Lindgreniň (Şwesiýa), J.Krýussyň, O.Proýsleriň 
(GFR), Ž.B.Monteýru Lobatunyň (Braziliýa), J.Barriniň, J.Rodariniň 
(Italiýa), Tuwe Ýansonyň (Finl ýandiýa) erteki-powestleri bütin 
dünýäde meşhurlyk gazandy.
E.Kestner (GFR), M.Gripe (Şwesiýa), A.Matute (Ispaniýa), 
Doktor Sýuz, M.Sendak (ABŞ), T.Inui (Ýaponiýa), F.Daglarja (Tür-
kiýe), A.Smit (Gollandiýa) dagylaryň çagalara niýetlenen powestle-
ri, hekaýalary we goşgulary baý fantaziýasy, umumy adamzat gym-
matlyklaryna bolan sarpasy, ahlaklylygy terbiýeleýji häsiýetleri bilen 
üstünlik gazandy. 


12
1945-nji ýylda günbatar Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň ça-
galar edebiýatynyň öňdebaryjy wekilleri çagalar edebiýatynyň para-
hatçylyga, özara düşünişmäge, ruhy we ahlak ösüşine gulluk edýän 
eserlerini döretmek we ýaýratmak boýunça çagalar hem ýetginjekler 
üçin kitaplary neşir etmegiň, ýazmagyň Halkara geňeşini döretdiler. 
Iň gowy çagalar ýazyjylaryna we suratkeşlerine iki ýyldan bir gezek 
gowşurylýan H.K.Andersen adyndaky Baýragy bermek boýunça ýöri-
te eminler topary döredildi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum 
Taňrygulyýew hem şu abraýly Halkara baýragyna mynasyp boldy.
Rus ýazyjylary we alymlary W.G.Belinskiý, N.G.Çernyşewskiý, 
N.A.Dobrolýubow baryp XIX asyryň ortalaryndan başlap, çagalar 
edebiýatyna uly üns berip ugradylar. Olar öz makalalarynda çagala-
ra niýetlenen eserleriň ýaş nesli ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda 
terbiýelemegi barada pikir ýöredýärdiler. Eseri çaganyň aňyna aňsat 
ýeter ýaly edip ýazmaly. Muny bolsa çaganyň ýaş aýratynlygynyň, 
orta atylýan meselesiniň aýdyň berilmeginiň, diliniň düşnükli hem 
arassa bolmalydygynyň we beýleki meseleleriniň nazarda tutulmagy 
bilen aýry-aýry mysallar arkaly düşündiripdirler.
Belli rus alymy W.G.Belinskiniň çagalar we ýetginjekler ede -
biýatynyň meselelerine bagyşlanan 200-den gowrak makala sy bar. Ol 
çagalar edebiýatynyň ylmy nazaryýetini we tankydyny esas landyrdy. 
Belinskiý ilkinji bolup çagalar kitaplarynyň çeper, ah laklylygy ter-
biýeleýji we doly bahaly bolmalydygy baradaky pikiri öňe sürdi. Aly-
myň çagalar kitap laryna pedagogik we gözellige baha beriş ta lap laryň 
birligi baradaky garaýyşlary diňe bir rus çagalar edebiýaty üçin däl, 
tutuş dünýä çagalar edebiýaty üçinem esas bolup hyzmat etdi.
W.G.Belinskiý çagalar we ulular edebiýatynyň ahlak we gözel-
lik gatnaşygynda deňligini tassyklap, çagalar edebiýatynyňam rea-
lizm usulynyň umumy kanunlaryna tabyn edilmelidigini talap etdi. 
Şonuň bilen bir hatarda-da ol çagalar edebiýatynyň aýratynlyklary 
barada öz döwri üçin täze garaýyşlaryň birnäçesini öňe sürdi. «Ulular 
üçin bar bolan predmet çagalar üçinem şol bir zatdyr; diňe olar çaga 
düşünjesine laýyklykda beýan edilmelidir, bu işiň esasy wajyp tarapy 


13
hem şunda jemlenýär...» (Полн.собр.соч., т. 4, с. 96). Belinskiniň pi-
kiriçe, gowy çagalar ýazyjysy bolmak üçin bir adamda söz ussadynyň, 
pedagogyň we çaga dünýäsine gowy düşünýän duýgur adamyň jem-
lenmegi zerurdyr. 
Ýazyjy öz pikirini çaganyň aňyna guýmak üçin her setiriň, sözüň 
täsirli çykmagy ugrunda göreşmelidir.
Çagalar edebiýatynyň aýratynlygy baradaky gürrüň soňky ýyl-
larda yzygiderli dowam edip gelýär. Bu dogrusyndaky edilen işlerde 
çagalar edebiýatynda ähli zadyň janlandyrylyp görkezilmelidigi, 
çaga bilen ýazyjynyň özüniň-de çaga bolup gepleşmelidigi, çaga 
çeperçiligiň, labyzlylygyň gerekdigi, ýaş okyja uzak süýndürilip 
beýan edilen wakanyň däl-de, gerekli pursatlaryň gürrüň berilmeli-
digi nygtalýar. 
Belinskiden soň XIX asyryň ikinji ýarymynda çagalar ede-
biýatynyň edebi-nazary meseleleriniň üstünde N.G.Çernyşewskiý, 
N.A.Dobrolýubow, K.Uşinskiý ýaly söz ussatlary işlediler.
Çagalar edebiýaty ýörite edebiýat hökmünde ýaşaýar, onuň käbir 
özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutmazdan, ýaş okyjyny 
gyzyklandyrýan, oňa täsir edýän, çaganyň dünýägaraýşyny ösdürýän 
eserleri döretmek mümkin däldir. 
Hakykatdan-da çagalar edebiýatynyň aýratynlygyna göz ýetir-
mek üçin, ozaly bilen, çaganyň psihologik, durmuşy ösüşine, man-
tykla ýyn pikirlenmesine, duýgurlyk çägine nazar aýlamak zerurdyr.
Çagalar üçin eser döredilende olaryň ýaş aýratynlyklary, 
ilkinji nobatda, göz öňünde tutulmalydyr. Mekdebe çenli we ki-
çi ýaşly mekdep okuwçylarynyň ýa-da körpeleriň, orta ýaşly 
mekdep okuwçylarynyň, uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň ýa-da 
ýetginjekleriň her topary üçin aýry-aýrylykda eserler döredilmeli.
Çagalar üçin döredilen eserler bilen çagalar barada döredilen 
eserleri hem saýhallamak gerek. Çünki çagalar barada ulular üçin 
döredilen eserleri hemme halatda çaga hödürläp bolmaz.
Jemläp aýdanymyzda, çagalar edebiýaty çaga dünýäsiniň ruhy 
duýguçyllyk aýratynlyklaryny açyp görkezip, olar bilen öwredijilik, 
terbiýe berijilik işini alyp barýar.


14

Download 3.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   36




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling